Türkmenistanyň Bitaraplygy – mizemez gymmatlygymyz

03-12-25

Türkmenistan Merkezi Aziýa, Hazar sebitlerinde we beýleki döwletler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegine netijeli täsir edýän möhüm ähmiýetli başlangyçlar, teklipler bilen yzygiderli çykyş edýär. Türkmenistan häzirki wagtda dünýäniň ýüzlerçe döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary saklaýar we birnäçe halkara guramalarynyň agzasy bolup durýar. Daşary döwletlerde Türkmenistanyň diplomatik we konsullyk wekilhanalarynyň onlarçasy hereket edýär we olaryň sany yzygiderli artýar. Geçen sanlyja ýylyň içinde daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalarynyň we bileleşikleriniň Aşgabatda işleýän wekilhanalarynyň sany has-da artdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, geljek ýylda hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy we ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli giň gerimli çäreler geçiriler. Ýakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem möhüm waka bolup durýar. Gurama agza ýurtlaryň köpüsiniň bu başlangyjymyzy goldamagy biziň üçin uly abraýdyr.

Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu biziň mizemez gymmatlygymyzdyr, durmuşymyzyň aýrylmaz bölegidir, biziň baş maksadymyzdyr. Bitaraplyk hukugy türkmen halkyna parahat, asuda, bolelin we gülleýän durmuşy berdi. Ol Garaşsyzlygyň çuň manyly ýörelgeleriniň amala aşyrylmagy üçin ynamdar kepil bolup hyzmat edýär.

Gözel paýtagtymyz Aşgabat häzirki wagtda sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi dürli ýollar arkaly pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen halkara maslahatlaryň, duşuşyklaryň, sergileriň, sport ýaryşlarynyň geçirilýän mekanyna öwrülendigi bellenilmäge mynasypdyr.  Bu bolsa dünýäniň ähli döwletleri bilen hoşniýetli, dostana gatnaşyklary berkidýän döwletimiziň ösüşlerine goşant goşmagyň uly mertebedigini aňladýar. Munuň özi, mähriban Arkadagymyzyň çuň parasaty bilen öňe sürlen Türkmenistanyň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň netijeliliginiň aýdyň görkezijisidir.

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde halkara ähmiýetli beýik işleriň geriminiň giňelmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ösüş derejesini kesgitleýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň welaýatdyr etraplarynda, obalarynda yzygiderli iş saparynda bolup, ýerli ýaşaýjylar bilen duşuşýar, il-ýurt bähbitli işlere badalga berýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri - beýik ösüşleriň, oňyn özgertmeleriň zamany. Şol belent ösüşleriň, özgerişleriň hözirini ýurdumyzyň her bir ýaşaýjysy görüp-duýup ýaşaýar. Abraýy arşa galýan eziz Diýarymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşlerine halal zähmetleri bilen goşantlaryny goşýan ildeşlerimiz Watan serpaýynyň eýesi bolýarlar. Bu hakykat ýurdumyzda adamyň çeken halal zähmetine goýulýan sarpanyň belentdigine güwä geçýär. Berkarar döwletimizde amal edilýän işleriň il-günüň bagtly durmuşyna gönükdirilmegi beýik döwrümiziň esasy aýratynlygydyr.

Elbetde, ähli ulgamda gazanylýan şeýle ajaýyp üstünlikleriň sakasynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy ykdysady-durmuş taýdan ösdürmekde alyp barýan ýadawsyz tagallalarynyň, takyk seljermelere esaslanýan parasatly syýasatynyň durandygyny aýratyn nygtamak zerurdyr. Şeýle hem, bu ajaýyp üstünlikler halkymyzyň ata Watanyň gülläp ösmeginiň, eşretli, bagtyýar durmuşy üpjün etmegiň hatyrasyna çekýän agzybirlik, yhlasly zähmetiniň miwesidir. Biz bilim işgärleri hem milli Liderimiziň berkarar döwletimiziň ylym-bilimi ösdürmek ugrunda alyp barýan syýasatyny ýaşlarymyza wagyz-nesihat etmegi özümize borç hasaplaýarys. Geljekde hem ösüşlere ukyply ýaşlary terbiýeläp, agzybirlikde we jebislikde ata Watanymyzy şan-şöhrata beslemegiň hatyrasyna döredijilikli işläp beýik maksatlara ýeteris.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan eziz Watanymyzyň dünýädäki at-abraýynyň, şan şöhratynyň arşa galýan eýýamynda – Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmeniň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen amala aşyrylýan beýik işleri halkymyzyň eşretli durmuşynyň binýadyny berkidýär. Il-ýurt bähbitli beýik işleri dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ata Watanymyza söýgüsiniň beýikdigini äşgär edýär. Ýurdumyzyň bedew batly şol ösüşleri, özgerişleri türkmen halkynyň kalbyny joşa getirýär.

Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Şöhrat BERDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologiki anatomiýa kafedrasynyň mugallymy.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.