Beýik ösüşlere beslenýän parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

03-12-25

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen halkynyň asyl köklerinden syzylyp çykýan hoşniýetlilik, goňşa hormat, dost-doganlyk ýörelgeleri agzybirlik diýen düşünjeden gözbaş alýar. Agzybirlik bolsa diňe bir öz halky üçin däl, häzirki wagtda daşary syýasatda hemişelik Bitaraplygy tug edinen halkymyzyň goňşy döwletler we halklar bilen agzybirlik kadalaryna berk uýmagy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Türkmenistan dünýäniň kuwwatly we iň abraýly halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasynda mynasyp orny eýelemek bilen, onuň iňňän ynsanperwer, parahatçylygy söýüji syýasatynyň bütin dünýäde dabaralanmagynda ygtybarly hyzmatdaşa öwrüldi. Parahatçylyk we ynanyşmak adamzat üçin iň zerur düşünjelerdir. Häzirki wagtda biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bu ýörelgeler hyzmatdaşlygyň we ösüşiň baş şertine öwrülýär. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi.

2025-nji ýyl hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň bellenilmegi bilen sazlaşyp, dünýäde ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşmak bilen, türkmen döwletiniň parahatçylygy söýüji ýurt hökmündäki abraýyny belende göterer. Döwletimiz tarapyndan öňe sürülýän halkara başlangyçlar häzirki döwrüň iň bir wajyp meselelerini çözmäge, dünýäde özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynyň ýola goýulmagyna we saklanylmagyna, umumy durnukly ösüşiň bähbidine netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilendigi bilen halkara jemgyýetçiliginiň arasynda uly gyzyklanma döredýär hem-de giň goldawa eýe bolýar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bedew batly ösüşleriň ak ýoly bilen ynamly we okgunly öňe barýan hemişelik Bitarap döwletimiz diňe bir Merkezi Aziýada däl-de, bütin Ýer ýüzünde ykrar edilen ylalaşdyryjy merkeze öwrüldi. Häzirki döwürde bütin dünýäde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna uly hormat goýulýar. Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň ykdysady ösüşini we abadançylygyny üpjün etmegiň möhüm şertidir. Şol bir wagtda munuň özi mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň ygtybarly binýady bolup durýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bolup geçýän taryhy wakalar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň sebitde halkara parahatçylyk döredijilik tagallalarynyň, ýurdumyzyň ösüşiň täze ugurlary bilen öňe saýlanmagynyň möhüm şertine öwrüldi. Türkmen Bitaraplygy bize ynamly ädimler bilen öňe gitmäge ýardam edýän, halkymyzyň ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini dabaralandyrýan, kuwwatly ösen döwletimiziň, agzybir bolup, jebislikde ýaşaýan milletimiziň beýik türkmen adyny, şan-şöhratyny dünýä ýaýýan taýsyz gymmatlygymyzdyr. Şunuň bilen baglylykda, Bitaraplygyň türkmen nusgasy BMG-niň ýörelgeleri we maksatlary bilen sazlaşyklydyr we beýleki ýurtlaryň ähli düzümleri bilen giň möçberli gatnaşyklaryň geriminiň giňeldilmegini şertlendirýär. Ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşmak bilen, türkmen döwleti parahatçylyk söýüji ýurt hökmündäki abraýyny barha artdyrýar.

Häzirki wagtda hemişelik Bitarap döwletimiziň ösen ýurtlar bilen ýola goýan ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklarynyň çäklerinde türkmen halky häzirki taryhy döwürde dünýäniň ähli ýurtlarynyň, halklarynyň oňyn ösüşiniň bähbidine belent işleri amala aşyrýar. Şeýle hem nurana geljege tarap ynamly gadam urýar hem-de ykbal çözüji başlangyçlary, häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdine täzeçil ýörelgeleri ynamly öňe sürýär we olary üstünlikli durmuşa geçirýär.

Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Şöhrat BERDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologiki anatomiýa kafedrasynyň mugallymy.

TÜRKMEN BEDEWLERI BÜTIN DÜNÝÄŇ YKRARYNDA

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň milli buýsanjy we baýlygy hasaplaýan behişdi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olaryň baş sanyny köpeltmek boýunça başyny başlan başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.


BAGTLY DÖWRE BUÝSANÇ

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, ýaşlary ylmy gözleglere we innowasion açyşlara ugrukdyrmak döwlet syasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bagtyýar döwrümiziň berýän şeýle giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp, ylmyň çet-gyrasyz dünýäsine gadam basan ýaşlaryň biri hökmünde, golaýda maňa "Ýaş alym" diýen abraýly adyň dakylmagy meniň üçin örän uly buýsanç we şol bir wagtda belent jogapkärçilik boldy.


Ahalteke bedewleriniñ dünýä jemgyýetindäki orny.

Ahalteke bedewi diňe bir at däl-de, eýsem türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren janly sungat eseridir. Taryhyň dowamynda türkmen halkynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke bedewleri, diňe bir gözelligiň nusgasy däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň we medenýetiniň möhüm sütünidir.


TÜrkmen bedewi ― parahatçylygyň ilçisi

«Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýip hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu günki eşretli Diýarymyzyda ahalteke bedewleri dünýä arenasynda abraýyna mynasyp hormat münberinde orun alýar.


169c969169252b.jpeg
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar wekiliýetiniň Hindistan bilen tanyşlyk sapary

Häzirki döwürde ýaşlaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeniýetleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we ylym-bilim ugrundaky täze tejribeleri alyşmak aýratyn ähmiýete eýedir. Şu maksat bilen 2026-njy ýylyň 24-nji marty 2-nji apreli aralygynda Hindistan Respublikasynyň Mumbai, Goa we New Delhi şäherlerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda tanyşlyk sapary geçirilýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.