Saglyk — ýaşaýşyň gözbaşy

23-12-25

Berkarar döwletimizde ilatyň ýaşaýyş durmuş derejesini gowulandyrmak, milli saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny kämilleşdirmek ugrundaky döwlet syýasaty üstünlikli dowam etdirilýär. Raýatlara dürli kesellere garşy döwlet tarapyndan tölegsiz berilýän derman serişdeleriň ýokary hilli bolmagy hem-de öz wagtynda üpjün edilmegi berk gözegçilikde saklanýar. Ýurdumyzda öndürilýän derman serişdeleriniň, sanjym we beýleki saglygy goraýyş maksatly önümleriň görnüşlerini artdyrmak boýunça hem zerur çäreler amala aşyrylýar.

Türkmenistan dünýäniň döwletleri, iri halkara guramalary bilen saglygy goraýyş ulgamy boýunça köptaraplaýyn gatnaşyklary barha berkeýär. Telelukmançylyk we telemaslahatlar arkaly özara tejribe alyşmak,amaly lukmançylyga öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak ýaly möhüm ugurlar boýunça ylmy diplomatiýa babatda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny öňe sürmek bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýöriteleşdirlen, düzümleri, şol sanda, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk ösdürilýär.

Muňa mysal hökmünde, ýakynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Akuşerçilik we ginikologiýa kafedrasy bilen Endokrinologiýa kafedrasy bilelikde “Göwrelilik we süýjili diabet” temasy boýunça professor-mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda teleköpri arkaly amaly sapagyň geçirilmegini aýtmak hem bolar.

Süýji keseli adamzada gadymy zamanlardan bäri bellidir. Bu kesel barada birinji maglumatlar b.e. öň 1550-nji ýyla degişli bolan golýazmalarda duş gelýär. Keseliň alamatlarynyň biri bolan – näsagyň peşewiniň süýjüligi barada gündogar alymy, lukman Ibn Sina hem belläp geçipdir. Süýji keseliň häsiýetlendirilmesi gadymy hindi, arap, hytaý ylmy ýazuwlarynda duş gelýär. Keseli bejermek üçin insulynyň ulanylmagy medisina ylmynyň iň uly açyşlarynyň hataryna girdi.

Süýji keselli näsaglarda ýokançly keseller, böwrek keselleri bilen kesellemek, göwrelilik, çaga dogrumy köp kynçylyklary döredýändir.

Süýji keseli – endokrin ulgamynyň keseli bolup, onda diňe uglewod çalşygy däl-de, bedende ýag we madda çalşygynyň beýleki görnüşleri hem bozulýar. Keseliň döremegi giperglikemiýa (ganda gandyň mukdarynyň ýokarlanmagy) ýagdaýy bilen düşündirilýär. Bu ýagdaýyň döremegine insulinyň ýetmezçiligi getirýändir.Onuň ýetmezçiligi esasynda, glukozanyň myşsalara we bedeniň ýag gatlagyna geçmegi kynlaşýar,ýaglardan we belokdan onuň emele gelmegi köpelýär.

Süýji keseliniň döremegine semizligiň, uzak dowam edýän nerw dartgynlylygynyň, göwreliligiň, geçirilen şikesleriň, bagryň keselleriniň, ýokanç keselleriň, hirurgiki operasiýalaryň sebäp bolýanlygy subut edildi. Alkogol içgiler hem aşgazan asty mäze, bagra zyýan ýetirmek bilen, soňundan süýji keseliniň döremegine getirip biler.

Süýji keselli näsag:

  • Lukman bilen hemişe aragatnaşykda bolup, bejergi çärelerini kadaly geçirende;
  • Öz ýaşaýyş we zähmet şertlerini talaba laýyk gurnanda;
  • Öz ýagdaýyna hemişe gözegçilik edende – keseli gözegçilikde saklap, gaýraüzülmeleriň öňüni alyp biler.

Näsagyň maşgalasynyň, ýakyn garyndaşlarynyň hem bu kesel, onuň geçişi, bejergisi, berjaý etmeli gündelik ýaşaýyş düzgünleri barada maglumatlary bilmegi hökmandyr.

Süýji keseliniň bejergisi köp çäreler toplumy öz içine alýandyr: berhiz saklamak, gandy peseldiji dermanlary ýa-da insuliny ulanmak, zähmet we dynç alyş düzgünlerini berjaý etmek, gapdallaýyn dörän keselleri öz wagtynda bejermek.

Türkmenistanyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak döwlet derejesinde ileri tutulýar we ilat arasynda giň goldaw tapýar. Türkmenistan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň işjeň agzasy hökmünde  ýurdumyzda we bütin dünýäde  adamlaryň saglygyny goramak, olaryň saglygyna we ömrüne howp salýan dürli nogsanlyklary aradan aýyrmak, ýokanç keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek babatda  nusgalyk işleri durmuşa ornaşdyrýar.

Halkyň abadan durmuşda ýaşamagy ýurduň egsilmez baýlygy hasaplanýar. Şol sebäpden her bir ynsanyň öňünde goýýan esasy maksady öz saglygyny berkitmekden ybarat bolup durýandyr. Bilşimiz ýaly, biz halkymyzyň saglygyny gorap saklamak, onuň gadyryny bilmek babatda asylly ýörelgeleriň durmuşa geçirilýän döwründe ýaşaýarys. Mähriban Diýarymyzda bagtyýar raýatlarymyzyň saglygyny goramak maksady bilen gurulýan binalardyr desgalaryň üsti ýetirilip durulýar. Saglygy goraýyş ulgamynda düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi, halkara ölçeglere laýyk gelýän saglygy goraýyş-anyklaýyş we ylmy-kliniki merkezleriň, köpugurly hassahanalaryň, şypahanalaryň yzygiderli gurlup, ulanmaga berilmegi, olarda döwrebap lukmançylyk enjamlarynyň ornaşdyrylmagy raýatlara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, keselleriň döremeginiň öňüni almaga ýardam berýär.

Bularyň mysalynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän Halkara Endokrinologiýa we hirurgiýa merkezi hem işe girizilip, Aşgabat şäheriniň köp ugurly döwrebap saglygy goraýyş merkezi bolup durýar. Merkez 300 orunlyk bolup, onda döwrebap lukmançylygyň mümkin bolan ähli bölümleri bar. Endokrinologiýa merkezi - Bu toplumda endokrinologiki keselleriň we patologiki ýagdaýlaryň esasan hem, süýjili diabet keseli, galkan görnüşli mäz we böwreküsti mäzleriň keselleri, metaboliki sindromy wagtynda kesgitlenmesi üçin döredilip, zerur bolan bejeriş şeýle hem, ähtimal gaýraüzülmeleriň öňüni alyş çärelerini amala aşyrylýar.

Köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk eden türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen öňe sürlen we işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde, soňky ýyllarda bu ulgamyň düzümleri giňeldilip, maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, ulgama innowasion tehnologiýalar, iň gowy dünýä tejribeleri we lukmançylyk ulgamyndaky gazanylanlar işjeň ornaşdyrylýar. Şunuň bilen bir hatarda, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ilaty bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaga köpçülikleýin çekmek, öňüni alyş işlerini geçirmek, dürli gelip çykyşly keselleri irki döreýiş wagtynda anyklamak we netijeli bejermek möhüm wezipeleriň biridir.

Berkarar döwletimizde yglan edilen 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda halkymyzyň saglygyny goramak, sporty ösdürmek ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän, ýurdumyzda sport çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi, raýatlarymyzyň sagdyn we bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda dünýä nusgalyk işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Näzik KULIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Gospital pediatriýasy kafedrasynyň assistenti.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.