Geçmişden geljege ruhy köpri
03-11-25
Gahryman Arkadagymyzyň maddy we ruhy medeni mirasymyzyň, ynsanperwer hem döwletlilik gymmatlyklarymyzyň belent sarpasyna we giň mazmunly edebi-çeper beýanyna öwrülen «Hakyda göwheri» atly täze kitaby türkmen we iňlis dillerinde neşir edilip, giň okyjylar köpçüligine ýetirildi. Bu kitap diňe bir gymmatly taryhy maglumatlaryň çeşmesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent buýsanjynyň çeper beýany bolup durýar.
Watanymyz dünýäde deňi-taýy bolmadyk nepis halylaryň, zergärçiligiň, senetçiligiň, ussaçylygyň gadymy mekanydyr. Bu gadymy toprakda geçmişde milli gymmatlyklaryň gaýtalanmajak nusgalary döredilipdir. Olaryň ebedileşdirilmegi, dünýäde dabaralandyrylmagy milli mirasymyza bolan çäksiz buýsanç duýgusyny oýarýar, halkymyzy täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz täze kitabynyň sahypalarynda: «Ynsany bagtyýarlyga ýetirýän esasy sebäpleriň biri milli buýsanç arkaly kemala gelýär. Milli buýsanjyň gözbaşynda bolsa halkyň müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhy bardyr. Taryh hakynda söz açylanda dünýäniň iň gadymy halklarynyň arasynda, ilki bilen, türkmen halky hem ýatlanylýar» diýmek bilen, milli taryhy we ruhy gymmatlyklarymyzyň ýyl geçdigiçe öwüşgini artýan mähek daşy dek, gün-günden görklenýän göwher mysaly hakydalarda uly orun tutýandygy jähetden, ajaýyp kitabyny «Hakyda göwheri» diýip atlandyrandygyny buýsançly belleýär.
«Hakyda göwheri» iki bapdan ybarat bolup, onuň birinji babynda şöhratly taryhymyz hem-de şol taryh bilen bagly saklanyp galan taryhy-medeni ýadygärliklerimiz hakynda, ikinji babynda bolsa ruhy-medeni mirasymyzyň köpöwüşginli gymmatlyklary hakynda söz açylýar.
Türkmen halkynyň müňýyllyklardan gaýdýan geçmiş ýoluna ser salanyňda, bir ýagdaý ünsüňi çekýär. Her müňýyllygyň başynda türkmenler bir beýik imperiýa döredip, çar ýana ýaýylypdyrlar, ylmyň we medeniýetiň ösüşine uly goşant goşup, dünýäniň çarhyna bat beripdirler. Dürli döwürlerde döredilen beýik döwletleriň taryhyny deňeşdirip öwrenmek, yzygiderli beýan etmek we olary döreden milletiň taryhy hakynda umumylaşdyrylan düşünjäni döretmek hem möhüm wezipeleriň biridir.
Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň döreden beýik döwletlerinden söz açyp: «Olaryň biri bürünç zamanynda gülläp ösen Altyndepe we Gadymy Margiana siwilizasiýalarydyr. Ikinjisi, Parfiýa döwleti. Üçünjisi, türkmenleriň guran Beýik Seljukly döwleti», şeýle-de: «...Ýöne welin, bu agzalan meşhur siwilizasiýalaryň we döwletleriň öňüsyrasynda Gadymy Änew medeniýetiniň gülläp ösendigini göz öňünde tutmalydyrys» diýmek bilen, ýokarda sanalan medeniýetleriň özeninde gadymy ak bugdaýyň watanynyň durandygyna ylmy jemgyýetçiligiň ünsüni çekýär. Bu bolsa diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň taryhyna, medeniýetiň ösüşine umumylykda akyl ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Bize ähli babatda ýol-ýörelge bolýan, parasatly öwüt-nesihatlaryny berýän, bagtyýar döwrümizden ruhlanyp ýaşamagy sargyt edýän, Watany söýmegiň we oňa hyzmat etmegiň beýik nusgasyny görkezýän Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, röwşen ömürleri uzak, mertebeli başlary belent bolsun, aýdyň maksatly dünýä nusgalyk işleri uly üstünliklere we rowaçlyklara beslensin!
Tyllagözel NURYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Mikrobiologiýa kafedrasynyň mugallymy.
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.
TÜRKMEN BEDEWLERI BÜTIN DÜNÝÄŇ YKRARYNDA
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň milli buýsanjy we baýlygy hasaplaýan behişdi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olaryň baş sanyny köpeltmek boýunça başyny başlan başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.
BAGTLY DÖWRE BUÝSANÇ
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, ýaşlary ylmy gözleglere we innowasion açyşlara ugrukdyrmak döwlet syasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bagtyýar döwrümiziň berýän şeýle giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp, ylmyň çet-gyrasyz dünýäsine gadam basan ýaşlaryň biri hökmünde, golaýda maňa "Ýaş alym" diýen abraýly adyň dakylmagy meniň üçin örän uly buýsanç we şol bir wagtda belent jogapkärçilik boldy.
Ahalteke bedewleriniñ dünýä jemgyýetindäki orny.
Ahalteke bedewi diňe bir at däl-de, eýsem türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren janly sungat eseridir. Taryhyň dowamynda türkmen halkynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke bedewleri, diňe bir gözelligiň nusgasy däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň we medenýetiniň möhüm sütünidir.
TÜrkmen bedewi ― parahatçylygyň ilçisi
«Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýip hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu günki eşretli Diýarymyzyda ahalteke bedewleri dünýä arenasynda abraýyna mynasyp hormat münberinde orun alýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.