ÇUŇŇUR PÄHIM-PAÝHASA ÝUGRULAN ESER
04-12-25
Eziz Diýarymyz beýik ösüşlere beslenýär, şanly wakalar halkymyzyň ruhuny belende göterýär, kalplary joşdurýar. Şeýle ajaýyp günlerde Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitaby uly ilimize sowgat boldy. Bu ajaýyp kitap türkmen halkynyň taryhyny, milli gymmatlyklaryny, gadymdan gelýän ýol-ýörelgelerini dünýä ýaýýar, ata-babalarymyzyň asylly ýörelgesine çuňňur düşünmäge giň mümkinçilik döredýär. Kitabyň türkmen we iňlis dillerinde çap edilmegi hem şöhratly taryhymyzyň dünýä ýaýylýandygyny aýdyň beýan edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitaby çuňňur pähim-paýhasa ýugrulyp, halkymyzyň milli ýörelgesini, şöhratly taryhyny beýan edýär. Bu ajaýyp kitabyň birinji babynyň “Taryha syýahat”, ikinji babynyň bolsa “Ruhy miras” diýlip atlandyrylmagynda örän çuňňur many bar. Munuň özi şöhratly taryhymyzy sarpalamak, ata-babalardan miras galan ruhy gymmatlyklary nesilden-nesle geçirmek ýaly asylly ýörelgelerden gözbaş alýar. Taryh hakynda beýan edilende kitapda şeýle ajaýyp filosofiýa ünsi çekmek gerekdir: “Beýik ynsanlar beýik halky, beýik halklar bolsa beýik taryhy döredýärler”. Bu çuňňur manyly filosofiýa halkymyzyň taryhy, täze eýýamy bilen berk baglanyşyklydyr. Çünki şöhratly taryhy bolan halkymyzyň taryhy ösüşiniň täze tapgyry, şöhratly eýýamy bu günki gün dünýä ýaýylýar.
Şöhratly taryhyň çuňňur pelsepewi garaýyşlar bilen beýan edilmegi halky ruhlandyrýar. Munuň özi ýaş nesilleri terbiýelemekde hem görelde mekdebi bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly ajaýyp eseri bilim işgärleri üçin gymmatly gollanma bolup hyzmat edýär. Beýan edilýän çuňňur pikir, pelsepewi garaýyşlar kitabyň terbiýeçilik ähmiýetini ýokary derejelere ýetirýär. Kitabyň çuňňur many-mazmunynda halkymyzyň ruhy dünýäsi, gadymdan gelýän milli medeniýeti öz beýanyny tapýar. Şonuň üçin hem Milli Liderimiziň täze kitaby ruhy dünýämizi baýlaşdyrýan çeşme bolup durýar. Hut şunuň özi hem bu ajaýyp kitabyň halkymyz üçin neneňsi ýokary gymmatlykdygyny, ýakyn hemradygyny, gollanmadygyny aýdyň görkezýär.
Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitabynyň birinji babynda gadymy Änew medeniýeti, Parfiýa döwletiniň paýtagty bolan Nusaý galasy, bürünç zamanynyň medeni ojaklary bolan Altyndepe we gadymy Marguş siwilizasiýalary, beýik Seljuklar hem-de Horezmşalar döwri dogrusynda taryhy maglumatlar beýan edilýär. Hut şu siwilizasiýalar, gadymy medeniýetler adamzadyň ösüşine uly goşant goşandyr, beýik taryhyň ýaňydyr. Bu medeni ojaklar, siwilizasiýalar taryhda uly orun eýelemek bilen bir hatarda häzirki döwürde ýaşlary terbiýelemekde hem gymmatly çeşme bolup durýar. Çünki bu gymmatlyklar, taryhy maglumatlar ýaşlarda watansöýüjiligi, milli gymmatlyklara bolan sarpany terbiýeleýär. Şonuň üçin şeýle gymmatly çeşmeleri ajaýyp kitabyň üsti bilen öwrenmek we ýaşlara ýetirmek, wagyz etmek asylly ýörelgämize öwrüldi.
Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitabynda Änew medeniýeti, gadymy Marguş döwleti, Nusaý medeniýeti we bu ýerlerde ýetişdirilen «asman atlary» hakynda gymmatly maglumatlar beýan edilýär. Beýik Seljuklar we Horezmşalar döwletleri hakynda beýan edilende, tutuş dünýäde meşhur bolan Seýit Ysmaýyl Gürgenli, Abu Reýhan al-Biruny, Abu Aly Ibn Sina, Muhammet al-Horezmi, Mahmyt Zamahşary, Fahreddin Razy ýaly ýüzlerçe alymlaryň adamzat medeniýetine, sungatyna we ylmyna goşan uly goşantlary çuňňur manyly beýan edilýär. Şeýle gymmatly taryhy çeşmeler türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, beýik akyldarlaryny dünýä meşhur edýär, her bir ynsanda bu gymmatlyklary öwrenmäge gyzyklanma döredýär.
Gahryman Arkadagymyz ajaýyp kitabynyň “Ruhy miras” atly ikinji babynda: “Size göwündäki barymy berýärin, ata-babalaryň durmuş pähim-paýhasynyň beýanyny teswirlemek mertebedir. Halkyň milli mirasyny köňül bilen duýup, aňyňda saldarlasaň, munda baýlyk käni bardyr” diýip parasatly belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitabynda “Oguznama” eposy bilen bir hatarda Nurmuhammet Andalyp, Magtymguly Pyragy, Abdylla Şabende ýaly beýik akyldarlarymyz, şahyrlarymyz aýratyn bellenilýär. Şeýle paýhasly setirleri okanyňda, nusgawy edebiýatymyzyň, halkymyzyň döreden edebi gymmatlyklarynyň ruhy hazynadygyna, bahasyny hiç bir zat bilen çalşyp bolmajak baýlykdygyna ýene bir ýola aýdyň göz ýetirýärsiň. Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaby şöhratly taryhymyzy, gadymdan gelýän medeniýetimizi, nusgawy edebiýatymyzy dünýä ýaýýan möhüm gollanma bolup kalbymyza doldy.
Tawus DURDYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Şöhle bilen anyklaýyş bejeriş we onkologiýa kafedrasynyň okuw bölüm müdiri.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.