PARAHATÇYLYK — ÖSÜŞLERIŇ ÖZENI
31-10-25
Parahatçylykda gülläp ösýän ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde türkmen halky şan şöhratly taryhynyň ýene bir nurana sahypasyny açdy. Berkarar Watanymyzda her ýyly döwrüň belent ruhuna kybap gelýän şygar bilen dabaralandyrmak däbine eýerilip, Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary esasynda şeýlede ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan kabul edilen “2025-nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Munuň özi eziz Diýarymyzda döwletli ýörelgeleriň dowamata beslenýändiginiň nyşanydyr.
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň milli we halkara derejede yglan edilen şygarlarynyň bir-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolmagy Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň barha rowaçlanýandygyna şaýatlyk edýär. Döwletimiziň daşary syýasy strategiýasynyň bitaraplyk ýörelgesi we Milletler Bileleşiginiň işi bütin dünýäde parahatçylygy, ählumumy abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmegi nazarlaýar. Şunuň bilen baglylykda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyna 30 ýylyň, Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmegine 80 ýylyň dolýandygy hem bellärliklidir.
Aýratyn nygtamaly zatlaryň biri, täze ýylyň şygaryndaky umumadamzat bähbitli gymmatlyklar onuň nyşanynda hem öz beýanyny tapýar. Ol merkezinde Ýer şaryny göterip, ganat ýaýýan laçyn guşuň şekili türkmen döwletimiziň goşa ganatyna deňeýän Garaşsyzlyk hemde Bitaraplyk ýaly naýbaşy gymmatlyklarymyz göz öňüňde janlanýar. Ösüp oturan ýaşyl derek agajynyň şekili bolsa berklik, uzak ömürlilik, haýyr sahawatlylyk ýaly häsiýetleri ýatladýar. Ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerinden güýç alýan kuwwatly döwletimiz hem, hut derek agajy kimin, ösüşiň täze belentliklerine tarap ymtylýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň nyşanynyň merkezinde ýaşyl Tugumyzyň hem-de BMG-niň baýdagynyň şekillendirilmegi ýurdumyzyň abraýly halkara gurama bilen oňyn hyzmatdaşlyga esaslanýan köpýyllyk dostlukly gatnaşyklaryndan habar berýär. Bu günki gün Garaşsyz Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýerip, dünýäniň ençeme döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen jümle-jahanda parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine dostluk hem-de birek-birege ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary pugtalandyrýar.
Türkmen halky gadym döwürlerden bäri parahatçylyk we ynanyşmak diýen sözlere çuň many-mazmuny özünde jemleýän adalgalar hökmünde garapdyr. Munuň şeýledigi, Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” atly kitabynda ylmy we tejribe taýdan delillendirilip, parahatçylygyň we ynanyşmagyň ähmiýeti baradaky beýan edilen garaýyşlar doly tassyklaýar. Kitapda: “Adamzadyň bagty abadan hem rahat durmuşyndadyr. Biz ösüş arkaly parahatçylyk gazanmagyň milli ýoluny ýöredýäris we bu ýoluň adamzat üçin juda ähmiýetli ýoldugyny öz işlerimiz bilen subut edýäris” diýlip bellenilýär.
Parahatçylyk dörediji ýurdumyzda bu gün dost-doganlyk mukamy belent owaz bilen ýaňlanýar. Üstümizdäki “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda hem Garaşsyz döwletimiz dünýäde asudalygy we howpsuzlygy berkitmek babatda giň gerimli işleri amala aşyrar.
Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Seýdi ÖWEZGULYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň uly mugallymy.
Rus dilini öwrenmekde türkmen-rus gumanitar gatnaşyklarynyň ähmiýeti
Bütindünýä derejesinde ählumumy parahatçylyk, howpsuzlyk hem-de ata-baba ynsanperwerlik syýasatyny üstünlikli alyp barýan Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz durnukly ösüş depginleri bilen öňe barýar. Türkmen döwleti özüniň Bitaraplyk derejesiniň çäklerinde dünýäniň ýurtlary bilen deňhukuklylyk esasynda, ähli ugurlar boýunça özara bähbitli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýýar hem-de yzygiderli ösdürýär.
Ahalteke bedewleriniñ dünýä jemgyýetindäki orny.
Ahalteke bedewi diňe bir at däl-de, eýsem türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren janly sungat eseridir. Taryhyň dowamynda türkmen halkynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke bedewleri, diňe bir gözelligiň nusgasy däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň we medenýetiniň möhüm sütünidir.
TÜrkmen bedewi ― parahatçylygyň ilçisi
«Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýip hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu günki eşretli Diýarymyzyda ahalteke bedewleri dünýä arenasynda abraýyna mynasyp hormat münberinde orun alýar.
DÖWREBAP MERKEZ
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň okamagy öwrenmegi döretmegi üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Talyp ýaşlarymyzyň ýokary okuw jaýlarynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan labaratoriýalarda okan zatlaryny tejribe usulda özleşdirmekleri olaryň okuw sapaklaryna bolan höwesini hasda artdyrýar.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLER
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda döwrüň talaplaryndan ugur alnyp we möhüm wakalara bagyşlanyp, her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy agzybir halkymyzyň watançylyk ruhunyň ýokarlanmagyna, her bir raýatyň Watanymyzda durmuşa geçirilýän beýik işlere dahylly bolup, oňa öz goşandyny goşmak höwesiniň artmagyna getirýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.