“Türkmen hemrasy” ÝGPJ - ýerüsti antennasy arkaly internet hyzmatlaryny hödürleýär

16-01-25

Döwlet edaralaryna we hususy kärhanalara uzakdaky desgalaryň we merkezi ofisleriň arasynda özara internet arkaly baglanyşmaklary üçin hem-de zerur bolan önümçilik ýerlerinde häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlaryny guramak maksady bilen, “Türkmen hemrasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (ÝGPJ) ykjam VSAT (kiçi ýerüsti antenna) terminalyny gurnamak arkaly internet hyzmatlaryny hödürleýär.

Ykjam VSAT köp sanly goşmaça hyzmatlary goldaýar we meýdanlarda (uzak aralykda) işleýänlere ýokary hilli internet (Wi-Fi) zolaklaryny guramak, uzakdaky wideo gözegçilik ulgamlaryny birikdirmek we ýörite enjamlar üçin gözegçilik ulgamlaryny ornaşdyrmak üçin üstünlikli ulanylýar.

“TürkmenÄlem52.0E” Milli emeli hemra aragatnaşygy arkaly bu çözgütler amala aşyrylýar. Hemra aragatnaşyk tehnologiýasynyň artykmaçlygy optiki we öýjükli ulgamlaryň daşyndaky islendik ýerde aragatnaşyk infrastrukturasyny ýerleşdirmegiň tizligidir. VSAT enjamlary arkaly kärhanalaryň gysga wagtyň içinde önümçilik ýerlerine ygtybarly aragatnaşyk, maglumat geçiriş kanallary, korporatiw IP amaly programmalaryna we önümçilik maglumatlar bazalaryna girmäge mümkinçilik bermek bilen, gysga wagtyň içinde amala aşyrylýar.

“Türkmen hemrasy” ÝGPJ-i müşderileriň ýerleşýän ýerine garamazdan, ýokary hilli we elýeterli hemra internetini birikmäge mümkinçilik döredýär. 

Habarlaşmak üçin:

Salgysy: 744000, Aşgabat şäheri, Seýdi köçesi, 10-A jaýy

Tel: +993 12 921 836

Faks: +993 12 921 831

E-mail: info@turkmenhemrasy.gov.tm

Resmi internet sahypasy: www.turkmenhemrasy.gov.tm

16aed65d0733a6.png
Ulag-aragatnaşyk toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylar

Ulag we aragatnaşyk toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylar. Bu barada düýn sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda wise-premýer B.Annaýewiň hasabatynda bellenildi. 


16aed62c2983e8.jpeg
Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň on aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 3,8 göterime, gurluşykda 6,8 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,4 göterime, söwdada 8,6 göterime, oba hojalygynda 1,2 göterime we hyzmatlar ulgamynda 8,5 göterime deň boldy.


16aed5bcbd1c1b.png
Türkmenistanda Aşgabat–Daşoguz awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni uzynlygy 546 kilometre deň boljak Aşgabat–Daşoguz awtomobil ýolunyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Täze ýol paýtagty ýurduň demirgazyk sebiti bilen birleşdirip, geljekde Demirgazyk–Günorta halkara ulag geçelgesiniň möhüm bölegine öwrüler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.


16aed5cabd50aa.jpeg
"Hazar Logistik" we "Gebrüder Weiss" Türkmenbaşy portunyň logistika mümkinçiliklerine garadylar

Türkmenistanyň "Hazar Logistik" hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçylary bilen Awstriýanyň "Gebrüder Weiss GmbH" halkara ulag-logistika kompaniýasynyň wekilleri arasynda işewür duşuşyk geçirilip, taraplar halkara ýük daşamalaryny ösdürmekde Türkmenbaşy portunyň we Türkmenistanyň ulag-logistika mümkinçiliklerinden peýdalanmak meselelerine garadylar. Bu barada "Hazar Logistik" kompaniýasynyň sosial sahypasynda habar berilýär.


16aed6165405d9.jpeg
Türkmenistanda «akylly şäherler» boýunça hünärmenler taýýarlanylar

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi «akylly şäherler» ulgamynda hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen ýurtdaky we daşary ýurtlardaky ýokary okuw mekdepleri, ylmy guramalar hem-de kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýarlanýar. Bu barada Aşgabatda geçirilýän CIET 2026 halkara maslahatynda we sergisinde aragatnaşyk ministriniň orunbasary Berdimyrat Berdiýew mälim etdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.