DÖWREBAP BILIM – ÝAGTY GELJEGE BADALGA
31-10-25
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanyp, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýädäki abraýy has-da belende galýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam edýär. Häzirki wagtda Türkmenistan ösüşiň batly gadamlary bilen öňe barýar. Şeýle möhüm işlerde ynsanyň kämil bilimi, ylmy garaýyşlary wajypdyr. Şonuň üçin hem ylym-bilim ösdürilýär, kämil hünärmenler taýýarlanylýar. Ajaýyp döwrümizde ylym-bilim ulgamy ösüşiň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.
Ylym öwrenmek, ýaşlary bilimli edip terbiýeläp ýetişdirmek milli ýörelgelerimiziň biridir. Hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly kitabynda ýaş alymlar, ýaşlaryň ylym-bilime bolan mümkinçilikleri çuňňur garaýyşlar bilen beýan edilýär. Yym-bilimi ösdürmegiň möhüm ugurlary kesgitlenýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly kitabynda şeýle belleýär: “Ylym netijeli ösüşleriň esasy çeşmesidir, täze açyşlara ruhlandyrýan güýçdür. Eziz Watanymyzda ylmy we bilimi ösdürmek, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ylmyň täze gazananlaryny ornaşdyrmak, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny artdyrmak biziň baş maksatlarymyzyň biri bolup durýar. Şunda aýdyň maksatlary we meýilnamalary özlerine ýörelge edinen ýaş alymlaryň ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gazanýan döredijilik üstünlikleri, ylmy açyşlary döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin täze mümkinçilikleri açýar”. Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, geljegimiziň berk binýady bilimli ýaşlar bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuň üçin hem dünýä ylmynyň gazanan iň döwrebap usullary üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Ylym-bilime bolan söýgi, öwrenmäge bolan hyjuw milli aýratynlyklarymyzyň biridir. Bu biziň ýaşlarymyzyň okamaga bolan höwesini, bilimli bolmak ukybyny üpjün edýär. Bilime, ylma bolan basgançaklar okamakdan, kitaba bolan söýgüden gözbaş alýar. Kitap ylymlaryň açary, ösüşiň we özgerişiň çeşmesi bolup durýar. Häzirki zaman dünýäsinde kitabyň, ylmyň, bilimiň tutýan orny örän uludyr. Ösüş, täze-täze maglumatlar bilimli bolmak ukybyny has-da artdyrýar, maglumatlary öwrenmegiň täze usulyny, dünýägaraýşy giňeltmegiň täze görnüşini kemala getirýär.
Häzirki döwürde milli terbiýä, ylym-bilime hem aýratyn üns berilýär. Şonuň üçin hem bu günki ýaşlarymyz milli gymmatlyklary kalplarynda göterip, watansöýüji, ylym-bilimli bolup ýetişýärler. Ýaşlar biziň ýagty geljegimiz, aýdyň ertirlerimizi gurujylardyr. Ýaşlar hakyndaky alada hormatly Prezidentimiziň baş aladasy bolup durýar. Her ýylda ýurdumyzda gurlup ulanmaga berilýän döwrebap mekdepler, çagalar baglary, bilim ojaklary sanardan kändir. Şeýle kämil bilim ojaklarynda bilim alýan ýaşlarymyz giň dünýägaraýyşly bolup ýetişýärler. Ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Aýsoltan MUHAMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Şöhle bilen anyklaýyş, bejeriş we onkologiýa kafedrasynyň öwreniji mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.