KÄMIL BILIM – BAGTLY GELJEGE ŞAMÇYRAG

31-10-25

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy kämil tehnologiýalaryň esasynda ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Halk hojalygynyň ähli pudaklaryna, şol sanda bilim ojaklaryna sanly ulgamy, täze, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, aragatnaşyk, şol sanda sanly hyzmatlary köpeltmek, olaryň hilini ýokarlandyrmak, howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Innowasion ýol bilen ösüşi şertlendirýän sanly ulgam döwrebap mümkinçilikleri döredýär. Munuň özi köpugurly özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna, iri möçberli maksatnamalaryň işlenip taýýarlanmagyna, şeýle hem bilim beriş işiniň netijeliligini, tizligini we aýdyňlygyny üpjün etmäge aýratyn täsirini ýetirýär.

Bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, ösdürmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şunda bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine uly üns berilýär. Esasan hem ýaş nesliň döwrebap bilimleri özleşdirmeklerini gazanmakda, olaryň ösen tehnologiýalara bolan düşünjelerini ösdürmekde netijeli işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmakda, onuň abraý-mertebesini ýokarlandyrmakda, beden taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly, hünärine ökde hünärmenleri taýýarlap ýetişdirmäge uly ähmiýet berilýär.

Ýurdumyzda bilim-terbiýeçilik edaralarynyň döwrebap kompýuterler, multimedia enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy okatmakda hem, sapaklary guramakda hem ýeňillikleri döredýär. Ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ähli umumybilim berýän orta mekdepleriň, başlangyç hünär we ýörite orta hünär okuw mekdepleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň doly derejede döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylýandygyny bellemelidiris. Şonuň netijesinde hem kämil bilim bermegiň berk esaslary döredilýär we geljekde ýokary bilim almaga ymtylýan ýaşlarda berk bilim binýady kemala getirilýär. Ýaşlaryň döwrebap tehnologiýalardan oňat baş çykarmagy möhüm ugurlaryň biri bolup durýar.

Häzirki döwürde umumadamzat gymmatlyklaryny we dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesini öwrenmek, şeýle hem halkymyzyň medeni, milli-ruhy ýörelgelerini, däp-dessurlaryny sazlaşykly peýdalanmak arkaly ýurdumyzyň bilim ulgamy mundan buýana-da döwrebaplaşdyrylýar. Bu ulgamda düýpli özgertmeleri amala aşyrmagy çuňlaşdyrmagyň we belent sepgitlere ýetirmegiň ýolundaky maksatnamalaýyn wezipeleri çözmek ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Bu mümkinçilikler bilim ulgamyny kämilleşdirmekde we ýaşlara berilýän bilimiň hil derejesiniň dünýä ülňülerine kybapdaş bolmagynda özüniň ýokary netijesini berýär. Şunda ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde guralýan medeni-köpçülik çäreleriniň, göreldeli sapaklaryň ähmiýeti uludyr.

Ylym-bilimiň ýokary tizlik bilen ösýän asyrynda ýaşlaryň dünýä ylmyndan habarly bolmagyny gazanmak, öz hünärine ökde hünärmenleri taýýarlamak bu ulgamda zähmet çekýän bilim işgärleriniň jana-jan borjuna öwrüldi. Bu ugurda ýurdumyzyň bilim işgärleri hem döredijilikli zähmet çekýärler, ýaşlara bilim öwretmegiň iň döwrebap usullaryny işjeň durmuşa ornaşdyrýarlar.  Ýaş nesliň düýpli bilim we tälim-terbiýe almagyny, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerini döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlän hormatly Prezidentimiz: “Ýurdumyzda bilim ulgamyny dünýä ülňülerine, umumy ykrar edilen halkara kadalara we öňdebaryjy tejribelere laýyk kämilleşdirmek, ýaş nesillerimizi milli hem-de umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek, olara döwrebap bilim bermek biziň alyp barýan bilim syýasatymyzyň baş maksadydyr” diýip, ýurdumyzda ylym-bilim özgertmelerine aýratyn ähmiýet berilýändigini belleýär.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek ugrunda ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Tawus DURDYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Şöhle bilen anyklaýyş, bejeriş we onkologiýa kafedrasynyň assistenti, okuw bölüm müdiri.

«IL SAGLYGY — ÝURT BAÝLYGY»

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär. Beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.


BAGTYÝARLYK SAGLYKDAN BAŞLANÝAR

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy esasynda işlenip taýýarlanylan, strategik häsiýete eýe bolan, durmuş ugurly «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň  hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejelere çykýar.


SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI ÝOL ALÝAR

Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Il saglygy — ýurt baýlygy» şygary astynda ilat arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.


BEÝIK IŞLER ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Eger-de milletiň erkana we öz erkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk hem türkmen döwletiniň goşa ganatydyr» diýen dürdäne jümleler bar. 


BITARAPLYK ÝOLY PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝOLUDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik we asyl syýasaty, türkmen halkynyň ata-baba, nesilme-nesil dowam edýän agzybirlik taglymaty netijesinde Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly  Eziz Diýarymyzda bu gün durmuş daragty gül açyp, onuň hoşroýlygy gözellikden çar ýana serpaýdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.