DÖWREBAP BILIM – RÖWŞEN GELJEGIŇ KEPILI

02-06-25

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda kämil nesilleri kemala getirmekde alnyp barylýan işler dünýä nusgalykdyr. Sebäbi, şu günki ýaş neslimiz baradaky alada Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň röwşen geljeginiň kepili bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýaşlaryň durmuşda öz mynasyp orunlaryny tapmaklary üçin ähli zerur şertler döredilendir. Çünki ylymly-bilimli ýaşlar biziň ertirimizdir. Häzirki wagtda ýaş nesliň başlangyç bilimden başlap döwrebap bilim-terbiýe almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary, dünýägaraýyşlaryny baýlaşdyrmaklary üçin döwletimiz tarapyndan giň gerimli işler üstünlikli amala aşyrylýar.

Ýaş nesle çagalykdan başlap aýratyn üns bermek, olara söýgi bilen garamak türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip gelen ruhy gymmatlyklarynyň, durmuş ýörelgeleriniň biridir. Bu ýörelgeler hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda has-da ösdürilýär. Durmuşymyzyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamaty bolan çagalaryň kadaly ösmegi, milli ruhda terbiýe, dünýä ülňülerine laýyk bilim almagy, beden taýdan sagdyn nesiller bolup ýetişmegi ugrunda edilýän irginsiz aladalar muňa subutnamadyr. Biziň mekdebimizde hem döwrüň talaplaryndan ugur alyp, mugallymlar sapaklaryny täsirli guraýarlar, dürli usullardan, öwrediji oýunlardan, tapmaçalardan, matallardan peýdalanýarlar. Bu bolsa guralýan sapaklaryň netijeli bolmagyna, okuwçylaryň bilime bolan höwesiniň artmagyna, ýatkeşliginiň güýçlenmegine ýardam edýär. Orta mekdeplerinde matematikany okatmak çylşyrymly iş hasaplanýar. Şonuň üçin-de, mugallymlar okuw işinde okuw kitabyndan başga-da, görkezme esbaplardan, tehniki serişdelerden giňden peýdalanmaly bolýar.

Häzirki wagtda özara işjeň okatmagyň innowasion usullary esasynda okuwçylaryň öz aralarynda ýa-da okuwçy bilen mugallymyň arasynda söhbetdeşlikler guralýar. Matematikany okatmagyň netijeli bolmagy üçin okuwçylaryň pikirleniş ukybyny we mümkinçiliklerini barlap durmak zerurdyr. Olaryň pikirlenmesiniň, göz öňüne getirmesiniň we düşünjeleriniň ösmegi esasynda okuw maglumatlaryny özleşdirmegiň hili ýokarlanýar. Matematika sapagynda okuwçylar berlen maglumatlary deň derejede kabul edip bilmeýär. Şonuň üçin başlangyç synplarda bilim bermek mugallym bilen okuwçynyň özara sazlaşykly işi esasynda amala aşyrylýar. Çagalaryň öwrenýän zatlaryny tiz kabul etmekleri, şeýle-de olara düşünmekleri üçin sapakda multimedia serişdelerinden we interaktiw tagtanyň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmak zerur bolup durýar.

Matematika sapaklarynda okuwçylaryň özbaşdak pikirlenmek başarnyklaryny ösdürmek, bilimlerini kämilleşdirmek maksady bilen sapaklarda ulanylýan oýunlaryň ähmiýeti juda ýokarydyr. Oýunlaryň üsti bilen okuwçylaryň alan bilimlerini, endiklerini, başarnyklaryny ösdürmek zerurdyr. Oýunlar okatmagyň beýleki usullary bilen baglanyşykly alnyp barylsa maksadalaýyk bolar. Sapaklarda öwrediji oýunlaryň döredijilikli, hereketli, öwrediji görnüşlerini utgaşdyryp ulanmak bolýar. Sapakda ulanylýan oýunlar esasan hem okatmak, öwretmek maksady bilen guralmalydyr. Ulanylýan oýunlar bolsa ýönekeýden gitdigiçe çylşyrymlaşdyrylmalydyr. Oýunlaryň düzgünlerini ýerine ýetirtmek esasynda bolsa mugallym okuwçylaryň logiki pikirlenmesini ösdürmegi gazanmalydyr. Sapakda oýunlardan peýdalanmak bilen, çagalaryň işjeňligini, şeýle-de matematika sapagyna bolan höwesini artdyrmak bolýar.

Hawa, bilimli, ukyply, döwrebap tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän ruhubelent nesli terbiýeläp ýetişdirmekde biziň öňümizde uly wezipeler durýar. Bu bolsa ýurdumyzyň aýdyň üstünliklerine öwrülýär we bilim işgärleriniň has netijeli işlemegine, ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe bermegine giň ýol açýar. Türkmen ýaşlarynyň kämil hem başarnykly bolmagy, Watanymyza şan getirýän ýaşlaryň täze nesliniň kemala gelmegi babatda uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny arzuw edýäris!

Miwe AGYŞOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.