«Hakyda göwheri» - milli buýsanjyň gözbaşy
01-11-25
Gahryman Arkadagymyzyň maddy we ruhy medeni mirasymyzyň, ynsanperwer hem döwletlilik gymmatlyklarymyzyň belent sarpasyna we giň mazmunly edebi-çeper beýanyna öwrülen «Hakyda göwheri» atly täze kitaby türkmen we iňlis dillerinde neşir edilip, giň okyjylar köpçüligine ýetirildi. Bu kitap diňe bir gymmatly taryhy maglumatlaryň çeşmesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent buýsanjynyň çeper beýany bolup durýar.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ata Watanyň, il-günüň hyzmatynda bolmak, ak ýürek bilen zähmet çekmek, birek-birege goldaw-hemaýat bermek, ýagşylyk etmek, kemally perzentleri terbiýeläp ýetişdirmek, ýaşula hormat goýup, ýaşkiçini sylamak ynsan ömrüni bezeýän asylly häsiýetlerdir. Gahryman Arkadagymyzyň baý durmuş we zähmet tejribesi, manyly ömri we zähmet ýoly biziň her birimiz üçin özboluşly durmuş mekdebidir. Täze eserde durmuşy özgertmegiň, eziz Diýarymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny has-da gowulandyrmagyň geljekki ugurlary baradaky pikir-garaýyşlar öz beýanyny tapýar.
«Hakyda göwheri» atly täze kitapda öňe sürülýän belent pikirler, beýan edilýän wakalar hem, Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň geçmiş taryhyna, hakydada orun alan ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza beýik söýgüsi hem aýdyň beýan edilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň täze eseri halkymyzyň baý taryhy durmuşyndan söz açýan ylmy garaýyşlaryň beýanydyr, Milli Liderimiziň halkymyzyň şöhratly taryhy, döredijilik mirasy hakynda toplan maglumatlarynyň paýhas dürüdir.
Döwrümize mynasyp nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde, ýaşlarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren watansöýüjilik, mertlik, edermenlik, halallyk, ruhubelentlik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemekde, eziz Diýarymyza, ajaýyp döwrümize, baý taryhymyza, milli mirasymyza bolan söýgini artdyrmakda Gahryman Arkadagymyzyň her bir eserleri gymmatly hazynadyr.
Hormatly Arkadagymyz täze kitabynda şöhratly taryhymyzyň menzilleri, hem maddy, hem ruhy medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy hakynda örän täsirli beýan edýär. Bu kitabyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halka gowuşmagy-da uly mana eýedir. Milli Liderimiziň edebiýata, medeniýete, Magtymguly Pyraga goýýan bimöçber sarpasy hemmelere mälimdir.
Kitabyň sahypalarynda Gahryman Arkadagymyz hakydada galan ajaýyp pursatlaryny biziň bilen paýlaşýar, täzeden şan berlen Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen geçmişe ýüzlenýär, nesil terbiýesi, bagtyýar geljegimiz baradaky oý-pikirlerini beýan edýär. Täze kitabyň neşir edilmegi mynasybetli Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi we ähli halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, şeýle ajaýyp kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edýäris!
Aýsoltan MUHAMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Şöhle bilen anyklaýyş, bejeriş we onkologiýa kafedrasynyň öwreniji mugallymy.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.