PARAHAT DURMUŞYŇ BAGTYÝAR ÝOLY
10-05-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýene bir ýylyna, uly arzuw-umytlar bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna gadam basdyk. Bu ýylda türkmen döwletiniň mukaddes ýörelgeleri Gün deňinde pasyrdap, ýene dünýä ýaýylar. Muny ýurdumyzdan Ýer ýüzüne saçylýan abadançylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, mähribanlyk nury diýibem häsiýetlendirse bolar.
Ýeri gelende bellesek, geçen ýyl eziz Diýarymyzyň iň täze taryhyny üstünliklere beslän, şanly wakalara baý ýyllaryň biri boldy. Ata Watanymyzyň ähli künjeginde bilim we terbiýeçilik, saglygy goraýyş, sport, medeni, önümçilik we dürli durmuş maksatly ençeme binalar, döwrebap ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanmaga berildi. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda uly üstünlikler gazanyldy. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny, halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen bu işler peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli işleriniň, taryhy başlangyçlarynyň has-da rowaçlanýandygyny aýdyň görkezýär. Şu jähetden, her ýyly döwrebap atlandyrmak bilen bagly asylly däbe eýerilip, 2025-nji ýylyň ýurdumyzda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylmagy örän buýsandyryjy wakadyr. Çünki hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, biziň Bitaraplygymyz dünýä halklaryny belent maksatlara birleşdirýän, parahatçylygy hem-de dost-doganlygy ösdürýän ýörelgämizdir. Alyp barýan Bitaraplyk syýasatymyzyň berkarar döwletimiziň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini has-da pugtalandyrmakda uly ähmiýeti bardyr.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň millet hem döwlet, adamzat hem dünýä baradaky garaýyşlarynyň, dünýäniň belent münberlerinden eden çykyşlarynyň, ýazan kitaplarynyň içinden parahatçylyk, ynanyşmak baradaky parasat eriş-argaç bolup geçýändir. Bu aňyrlardan gaýdan güýçdür, nesilden-nesle, atadan-ogla geçip gelýändir. “Mähriban kyblamyň ömür ýoly meniň üçin durmuş mekdebi boldy” diýýän Milli Liderimiz ol mekdebi öz parasadyna ýugrup, ösdürip, döwlet syýasatynyň süňňüne siňdirip geldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem bu beýik mekdebi - peder ýoluny mynasyp dowam etdirýär. Şu mekdebiň gymmatlyklaryna arka durup, halkymyzy hem döwletimizi beýgeldýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasat nury siňen, dünýäniň iň abadan, iň rahat ýurduna öwrülen eziz Diýarymyzy täze ösüşler bilen bezeýär. Bu işler sebitleri, yklymlary - bu gowgaly dünýäni galkyndyryp bilýän, oňa iň dogry ýoly salgy berip bilýän güýje eýedir!
Biziň halkymyz garaşsyzlygy, döwletliligi söýýän halk. Ösüşi, parahatçylygy söýýän halk. Dost-doganlygy, hyzmatdaşlygy, mertligi, ýürekdeşligi hemişe ileri tutup gelen, däp-dessura, kanuna öwren halk. Halkymyz geçen asyrlaryň dowamynda şulary arzuw etdi, şular ugrunda göreşdi, şular üçin tagalla etdi, şular üçin ýaşady. Döwletimiziň bitaraplyk syýasatynyň esaslarynda hem gadymy ýörelgelerimiz durandyr. Bitaraplyk syýasaty berk milli häsiýetlere kök urup ösendir, şoňa laýyklykda, döreýiş hem ösüş gözbaşlaryndan bäri beýleki halklar, döwletler bilen gatnaşyklary sazlaşykly guramaga gönükdirilendir. Hawa, milli ýörelgeler ýurdumyzyň bitaraplyk syýasatynda şöhlelenýär. Şol binýada daýanylyp, bitaraplyk öňe sürlendir, döwre görä ösdürilendir, döwlet syýasatynyň özenine, döwletiň dünýä döwletleri bilen gatnaşyklarynyň düzgünine öwrülendir. Bitaraplygy arkaly türkmeni, onuň döwletini dünýä täzeden, has ýakyndan tanady. Türkmen Bitaraplygynyň ähmiýeti milli çäklerden çykyp, parahat durmuşy, ynanyşmagy, adalatly, mert, dostlukly, kämil gatnaşyklary isleýän adamzat üçin nusga boldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edildi. Bu waka Milletler Bileleşiginiň taryhynda möhüm sahypa öwrüldi. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 12-nji dekabr Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edildi.
Türkmenistan adam hakyndaky aladany ileri tutup, bu ugurdaky gadymy hem kämil ýörelgeleri döwlet syýasatynyň özeninde goýup gelýär. Müňýyllygy görlüp-eşidilmedik taryhy özgertmeler bilen bezeýär. Dünýä üçin Aziýanyň merkezinde tylla ýüzügiň göwher gaşy bolup lowurdaýar. Biziň döwletimiz — ösen dünýäniň iň gymmatly baýlyklaryny özüne kabul edip almagy başarýan ýurt, şunuň bilen birlikde, edil uzak geçmişlerde bolşy ýaly, dünýäniň ösüşlerine ykdysady hem ruhy täsirini ýetirýän ýurt. Dünýä üçin abadançylykly ýaşaýşyň ýokary nusgasyny berýän ýurt. Türkmenistan müňýyllygyň kitabyna ösüş arkaly parahatçylyk gazanmagyň altyn sahypalaryny ýazýar. Bu gün türkmen topragy täze ösüş döwrüni başdan geçirýär. Türkmenistan sebitiň we dünýäniň iň möhüm meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylýan ýerine öwrüldi. Parahatçylygy berkitmegiň, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, ösüşleri gazanmagyň, ruhy ýakynlygyň iň ygtybarly ýollary türkmen parasady bilen dünýä aýlanýar. Baky bagtyýarlygyň mekanyna öwrülen eziz Diýarymyzda şadyýan çagalaryň şirin owazlary belentden ýaňlansyn! 2025-nji - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyz türkmen halkymyza rysgal-bereket, bagtyýarlyk getirsin!
Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.

IL SAGLYGY - ÝURT BAÝLYGY
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasaty bilen mähriban Watanymyzyň beýik ösüşleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda bitirilýän beýik işler ähli halkymyzyň guwanjyny goşalandyrýar. Ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny goramak maksady bilen lukmançylyk edaralarynyň maddy-tehniki binýadynyň kämilleşdirilmegine, olarda işleýän hünärmenleriň ylym-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Bitaraplyk — Parahatlyk
Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.

MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi
24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi
25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.