ÝURDUMYZ PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE YNANYŞMAGYŇ MEKANY

04-11-25

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mähriban halkymyz belent ösüşleri, rowaçly menzilleri nazarlaýan 2025-nji ýyly ýokary ruhubelentlikde, zähmet üstünlikleri, beýik ýeňişler bilen garşylady. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär. 2025-nji ýylda hem milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynyň barha kuwwatlanmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna, milli medeniýetimiziň dünýä ýaýylmagyna, ylym-bilim ulgamynyň kämilleşmegine goşant bolan başlangyçlar ýola goýulýar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz ösüşlere beslenýär, halkara derejesinde belent abraýa eýe bolýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen halkynyň hoşniýetlilik ýörelgeleriniň has-da dabaralanmagyna giň ýol açylýar. Geçmiş taryhymyzda açyk asmanyň asuda bolmagy pederlerimiziň ynanjy bolupdyr. Ynsanperwerlige, hoşniýetli goňşuçylyga, parahatçylyk söýüjilige, myhmansöýerlige ýugrulan asylly ýörelgeler häzirki döwürde döwrebap ösdürilýär we dünýä ýaýylýar. Munuň özi merdana halkymyzyň päk kalbynyň, ynsanperwer aň-düşünjesiniň miwesidir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyz dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň mekany hökmünde ykrar edilýär. Garaşsyz Türkmenistan döwletimizde şu ýyl hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy halkara derejesinde giňden belleniler. Ýagşy umyt-arzuwlar bilen bosagadan ätlän 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi bolsa tutuş halkymyzyň buýsanç duýgusyny artdyrdy.

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň 2025 - 2029-njy ýyllar üçin agzalygyna saýlanylmagy, BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamasy esasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm ähmiýeti bolan “Merkezi Aziýa - parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” hem-de “Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama” atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi döwletimiziň halkara hyzmatdaşlygynda alyp barýan netijeli işleriniň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyz dünýäniň döwletleri bilen dostluk, birek-biregi hormatlamak, ynam etmek, özara ýardam bermek esasynda gatnaşygyny yzygiderli ösdürýär. Dünýäniň örän köp ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk, söwda-ykdysady gatnaşyklary saklaýar. Oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanyp, işjeň durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasaty dost-doganlygy, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga berk binýat bolup durýar. Halkymyzyň abadan ýaşaýşy üçin amatly şertleriň döredilmegi, şeýle hem ýurdumyzyň amatly geosyýasy ýagdaýy, syýasy durnuklylyk parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün edýär. Türkmenistan bütin dünýäde we sebit möçberinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde daşary ýurt maýasyny, tehnologiýasyny, tejribesini ýurduň ykdysadyýetine giňden çekmek arkaly hoşniýetli, dostlukly hyzmatdaşlygy barha giňeldýär.

Biziň ýurdumyzda ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, bilim almagy, zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Häzirki wagtda giň gözýetimli, täzeçe pikirlenmegi başarýan, döwrüň ösen talaplaryna düşünýän, innowasiýalara esaslanýan ykdysadyýeti ösdürmäge goşant goşup bilýän ýaşlary ýetişdirmek möhüm wezipe bolup durýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmekde alyp barýan işleri üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy gülledip ösdürmekde alyp barýan beýik işleri hemişe üstünliklere beslensin!

Ogulgeldi ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa kafedrasynyň uly mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.