BITARAPLYK - BEÝIK DEREJE
11-02-25
1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly ýörite Kararnamany — ýurdumyzyň halkara-hukuk derejesini tassyklan, dünýä tejribesinde deňi-taýy bolmadyk ilkinji resminamany kabul etdi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda bolsa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” Rezolýusiýasynyň ikinji gezek kabul edilmegi hemişelik Bitaraplyk derejämizi has-da berkitdi.
Geçen ýyllaryň içinde eziz Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty diňe milli bähbitlere däl-de, dünýä bileleşiginiň uzakmöhletleýin maksatlaryna, ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge netijeli, sazlaşykly çemeleşmäniň ölçeglerine, döwletara gatnaşyklarynyň binýatlyk esasy hökmünde BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgelerine kybap gelýändigini görkezdi.
Türkmenistan dünýäniň dürli sebitlerinde ýerleşen döwletler bilen özara işjeň gatnaşyklary has-da ösdürýär. Nebitgaz serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyz toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak ýörelgelerine esaslanan energetika strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirip, soňky ýyllarda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde birnäçe iri gazeksport taslamalaryny üstünlikli amala aşyrdy.
Sebitiň ykdysady ösüşine depgin bermäge, parahatçylygyň we durnuklylygyň berkarar edilmegine, durmuş meseleleriniň çözülmegine ýardam etmäge gönükdirilen Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy durmuşa geçirilip başlandy. Bu gün ýurtlaryň we sebitleriň durnukly ösmegi üçin halkara üstaşyr-ulag geçelgesini döretmek hakynda Türkmenistan tarapyndan başy başlanan başlangyçlar hem aýratyn möhüm häsiýete eýe boldy. Häzirki zaman şertlerinde ýaýbaňlandyrylan degişli multimodal düzümleriň bolmagy dünýä möçberinde oňyn işleri höweslendirmegiň aýrylmaz bölegidir hem-de ýurdumyz bu ulgamda öňde duran wezipeleriň çözülmegine mynasyp goşant goşýar.
Saadat Çaryýewa,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Geodeziýa kafedrasynyň uly mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.