BITARAPLYK - BAKY BERKARARLYGYŇ BINÝADY
01-12-25
Dost-doganlygyň, agzybirligiň mekany bolan Türkmenistan dünýä döwletleriniň ençemesi bilen oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary alyp barýar. Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň işine yzygiderli gatnaşýar. Ýurdumyz BMG-niň esasy ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlygy amala aşyrýar. Häzirki wagtda bu edaralar bilen bilelikde birnäçe taslamalar, maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Berkarar Watanymyzyň bitaraplyk hukuk ýagdaýy dünýäniň döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni, ylym-bilim ulgamlarynda giň hyzmatdaşlygy ýola goýmakda möhüm orny eýeleýär. Ol köptaraply daşary syýasy strategiýany durmuşa geçirmekde örän peýdaly bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, biziň halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek, howanyň üýtgemegi bilen bagly ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, energetika howpsuzlygyny gazanmak, daşky gurşawy goramak we halkara ulag geçelgelerini döretmek baradaky başlangyçlarymyz hem-de tekliplerimiz bütin dünýäde giň goldaw tapdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek baradaky Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi ählumumy parahatçylygyň hem-de abadançylygyň maksatlaryny goldaýandygyny tassyklaýar. Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi umumadamzat ähmiýetlidir. Bu buýsandyryjy taryhy waka bolsa Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ýokary baha mynasyp bolandygyny görkezýär. Bu bolsa türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine, köp asyrlyk ösüşiniň taryhy tejribesine hem-de medeni däplerine esaslanýar.
Döwlet Baştutanymyz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli strategiýa, öňe sürülýän başlangyçlar bütin dünýäde giňden makullanylýar hem-de giň goldawa eýe bolýar. Baky Bitarap Türkmenistanyň oňyn tekliplerinden ugur alnyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi dünýä döwletleriniň ýurdumyza bolan ynamyny, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýäde abadan durmuşyň dabaralanmagyna, Watanymyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine gönükdirilen tagallalarynyň hem-de oňyn başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň başlangyçlary boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan köp sanly Kararnamalaryň kabul edilmegi öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarly bolan Bitarap döwletimiziň parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
Bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüjiligi, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary öz daşary syýasatynyň binýatlyk esasy edip goýýandygyny hemişe iş ýüzünde subut edýär. Türkmenistanyň öňe sürýän daşary syýasy başlangyçlarynyň halkara giňişliginde giňden goldanylmagy we yzygiderli ösdürilmegi, ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýynyň barha ýokarlanýandygynyň subutnamasydyr.
Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Begenç ESENOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Keselleriň öňüni alyş fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.