Parahatçylyk ýolumyz — hoşniýetlilik ýörelgämiz

04-11-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan parasatly içeri hem-de daşary syýasatyň netijesinde ýurdumyz parahatçylygyň, abadançylygyň, asudalygyň mekanyna öwrülýär. Muňa aýdyň mysal hökmünde, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa - parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly kabul edilen Kararnamany agzap geçmek bolar. Dünýä ähmiýetli bu işler bilim işgärlerini hem buýsandyrýar. Hut şonuň üçin hem bu babatda wagyz-nesihat işlerini alyp barmak, ýaş nesillere halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýoluny düşündirmek asylly maksadymyz bolup durýar.

Häzirki wagtda bilim özgertmeleri üstünliklere beslenýär we ýaşlaryň giň dünýägaraýşy üpjün edilýär. Ýaşlary milli ruhda terbiýelemek, olarda Watana, il-güne wepalylygy ösdürmek möhüm ugurlaryň biridir. Şunda parahatçylyk söýüjilik ýolumyz, hoşniýetlilik ýörelgelerimiz hakynda wagyz etmek möhümdir. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk toýuna barýan ýylymyz bolan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” bu asylly işler rowaçlanýar. Bu alnyp barylýan nusgalyk işleriň dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy wagyz etmekde möhüm ähmiýeti bardyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi we has oňaýly dynç almagy babatda ähli şertler döredilýär. Şu günki bagtyýar durmuşymyzda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde peýda bolýan täze desgalardyr binalar diňe bir ilatyň ähli ýaşaýyş oňaýlyklaryndan peýdalanyp ýaşamaklaryna şert döretmek bilen çäklenmän, eýsem, döredijilikli zähmet çekmäge, Watanymyzyň ösüşine buýsanmaga, ýurdumyzyň mundan beýläkki ykdysady, medeni ösüşlerine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar. Bu işler “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 - 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy” esasynda alnyp barylýar. Bu alnyp barylýan beýik işler ýaşlary hem tüýs ýürekden buýsandyrýar we ylym-bilim öwrenmäge ruhlandyrýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň “2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamasy parahatçylygy ösdürmegi maksat edinip, BMG-niň dürli ýyllarda bu ugurda kabul eden resminamalarynyň düzgünlerini berjaý etmegi, öňüni alyş diplomatiýasyny yzygiderli ösdürmegi, parahatçylyk medeniýetini berkitmegi, raýat jemgyýetiniň alyp barýan işini goldamaga çenli köp mesele boýunça çagyryşlardyr maslahatlary, teklipleri öz içine alýar. Türkmenistanyň bu ýylyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynda hut şu babatda meýilleşdirilýän çäreler jikme-jik beýan edilendir. Parahatçylygy hem-de ynanyşmagy üpjün etmek wezipesi döwletimiziň syýasatda, ykdysadyýetde, ynsanperwer ugurda alyp barýan ähli halkara işleriniň, dünýä giňişliginde ileri tutýan garaýyşlarynyň esasyny düzýär.

Biziň ýurdumyzda ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, bilim almagy, zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Häzirki wagtda giň gözýetimli, täzeçe pikirlenmegi başarýan, döwrüň ösen talaplaryna düşünýän, innowasiýalara esaslanýan ykdysadyýeti ösdürmäge goşant goşup bilýän ýaşlary ýetişdirmek möhüm wezipe bolup durýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmekde alyp barýan işleri üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy gülledip ösdürmekde alyp barýan beýik işleri hemişe üstünliklere beslensin!

Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.

16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 


16a70327b2209d.jpeg
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.


16a6b6a94cf074.jpeg
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.


16a50d3298549c.jpeg
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda  talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.