YNSAN SAGLYGY – ÝURT BAÝLYGY

14-06-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzyň ähli ýerlerinde dünýä hil derejesindäki enjamlar bilen üpjün edilen saglygy goraýyş desgalarynyň, sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, şypahanalaryň, sport desgalarynyň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi adamlaryň saglygyny goramagyň, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň, sportuň rowaçlanmagyny üpjün etmegiň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ajaýyp hem-de eşretli zamanamyzda raýatlaryň saglygyny goramakda, bagtyýar, sagdyn, eşretli durmuşyny üpjün etmekde dünýä nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Muny hormatly Prezidentimiziň: “Ýurdumyzda adamyň saglygy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolup durýar. Şoňa görä-de, ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we olary ýok etmek, saglygy goraýşy we derman senagatyny dünýä derejesinde ösdürmek boýunça köp işler amala aşyrylýar” diýen dürdäne sözleri hem aýdyň tassyklaýar. Raýatlaryň, esasan hem, ýaş nesilleriň sagdyn, ruhubelent, ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmekleri, ýaramaz endiklerden daşda durmaklary babatda alnyp barylýan işler häzirki wagtda barha giň gerime eýe bolýar. Döwletimizde adam we onuň saglygy baradaky aladanyň elmydama üns merkezinde durýandygynyň güwäsine öwrülen bu işlere goşant goşmak her birimiziň borjumyzdyr.

Gahryman Arkadagymyzyň çäksiz aladalary netijesinde ýurdumyz sagdynlygyň hem-de bagtyýarlygyň ýurduna öwrüldi. Ilatyň saglygyny berkitmekleri üçin döwrebap sport desgalary guruldy. Ýurdumyza dürli ýokanç keselleriň ýok edilendigi hakyndaky köpsanly halkara güwänamalaryň gowşurylmagy Türkmenistanda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen kämil derejä ýetirilen saglygy goraýyş ulgamynyň milli nusgasynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň we onuň halkara bileleşigi tarapyndan doly ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şunda möwsümleýin ýokanç kesellerden goranmak köp babatda biziň özümize baglydyr. Biziň her birimiz öz saglygymyz barada alada edip, maşgala lukmanlarymyz bilen maslahatlaşyp durmaly.

Halkyň abadan we bagtyýar durmuşy baradaky alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň baş maksadydyr. Şonuň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany hökmünde uly halkara abraýa eýedir. Bizi bu belent mertebäniň eýesi eden Gahryman Arkadagymyz “Türkmenistan - sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” atly ajaýyp kitabynda: “Iň esasy zat bolsa, döwletiň baş baýlygy bolan halkymyzyň saglygy hakdaky, onuň nesilleriniň geljegi hakdaky, halkymyzyň hemişe ruhubelent ýaşamagy hakdaky aladadyr” diýip ýazýar.

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip düzülen “Saglyk” Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça giň gerimli işler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Saglygy goraýyş ulgamynyň dünýä ylmynyň gazananlary esasynda ýokary derejede enjamlaşdyrylmagy, paýtagtymyzda ylmy-kliniki we sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň, etrap-şäherlerimizde, obalarymyzda döwrebap hassahanalardyr saglyk öýleriniň gurulmagy, keselleriň görnüşlerini düýpli azaltmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak babatda gazanylýan ägirt uly üstünlikler munuň aýdyň subutnamasydyr.

Adam sagdyn, ruhubelent bolanda, onuň zähmet çekmäge bolan ukybynyň has artýandygy, iş öndürijiliginiň ýokarlanýandygy düşnüklidir. Bu bolsa durmuşyň ähli ugurlarynda uly-uly ösüşleriň gazanylmagyny üpjün edýär. Şeýlelikde, adamlaryň döredijilik mümkinçilikleriniň artmagy saglygy goraýyş we derman senagatyny ösdürmek, has anyk aýdanyňda, şypahana-dynç alyş ulgamynyň işini kämilleşdirmek, bejeriş-öňüni alyş lukmançylyk edaralaryny gurmak arkaly hemmetaraplaýyn sagdyn jemgyýeti kemala getirmek bilen pugta baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu babatdaky başlangyçlarynyň, tagallalarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem rowaçlyklara beslenýändigini aýratyn belläp geçmek gerek.

Jennet GARAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Mikrobiologiýa kafedrasynyň mugallymy. 

1685250e64d9cd.jpeg
IL SAGLYGY - ÝURT BAÝLYGY

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasaty bilen mähriban Watanymyzyň beýik ösüşleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda bitirilýän beýik işler ähli halkymyzyň guwanjyny goşalandyrýar. Ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny goramak maksady bilen lukmançylyk edaralarynyň maddy-tehniki binýadynyň kämilleşdirilmegine, olarda işleýän hünärmenleriň ylym-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.


1683803e45a58f.jpeg
Bitaraplyk — Parahatlyk

Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.


1683804b380e91.jpeg
MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.


1683400122a15f.jpeg
«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi

24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.


16834010cead65.jpeg
Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi

25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.