ÇAGA – DURMUŞYŇ GÜLI

31-05-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kemala gelýän, ylym-bilimli, sagdyn, edepli, kämil tehnologiýalardan baş çykarýan ýaş nesiller halkymyzyň, ata Watanymyzyň geljegi hasaplanýar. Häzirki wagtda çagalaryň durmuş goraglylygy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Sahawatlylygy, ynsanperwerligi ýörelge edinen pederlerimiziň nusgalyk ýoluna eýerilip, ýaş nesil hakynda alada etmek, esasan-da, howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen amal edilýän sahawatly işler bagtyýar raýatlarymyzyň kalbyna nur bolup röwşenlik bagyşlaýar. Milli Liderimiziň ýurdumyzy bütin dünýäde bagtly çagalygyň, çagalaryň arzyly islegleriniň hasyl bolýan ýurduna öwürmek babatda aýdan sözleri halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy, ýaş nesliň bagtyýar geljeginiň has nurana boljagyna ynam döretdi. Çagalaryň şadyýan gülküleri - bagtyýarlygyň nyşanydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen amala aşyrylýan işler ynsanperwerligiň, haýyr-sahawatlylygyň belent nusgasydyr. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi ajaýyp döwrümiziň möhüm wakasy boldy. Bu başlangyjyň halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala getiren ynsanperwerlik ýörelgeleriniň rowaçlanmagynda, ynsanlaryň arasynda ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmakda täsiri örän uludyr.

Çagalaryň we eneleriň saglygyny goramak babatda edilýän alada ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň aýrylmaz bölegi hasaplanýar. Eneleriň we çagalaryň, esasan hem, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny goramak, dikeltmek, olar üçin durmuş ýeňilliklerini döretmek esasy ugurlaryň biridir. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna ençeme çagalarda çylşyrymly operasiýalaryň geçirilmegi munuň aýdyň delilidir. Haýyr-sahawat gaznasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän işler halkara giňişliginde uly gyzyklanma we seslenmä eýe bolýar.

Arkadag şäherinde bina edilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi hemaýata mätäç çagalara kömek etmek boýunça giň gerimli işleri ilerletmekde ägirt uly mümkinçilige eýedir. Merkez mümkinçilikleri çäkli bolan çagalaryň saglygyny dikeldiş işlerini utgaşykly alyp barmak arkaly, olaryň adaty durmuşa goşulmaklaryny üpjün etmek üçin zerur bolan ähli döwrebap şertleri özünde jemleýär. Ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berilýän ähli amatlyklary bolan çagalar baglarynda, orta mekdeplerde, sport mekdeplerinde, çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde geljegimiz bolan ýaş nesiller bilim-terbiýe alyp, saglyklaryny berkidýärler. Watanymyzda çagalar hemmetaraplaýyn alada, mähir bilen gurşalandyr.

Täze taryhy eýýamda halkymyzyň ynsanperwerlik ýörelgelerine uly ähmiýet berilýändigine Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen amala aşyrylýan sahawatly işleriň mysalynda aýdyň göz ýetirýäris. Bu ugurda alnyp barylýan işler, esasan hem, ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesil hakyndaky alada hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bilen sazlaşykly durmuşa geçirilýär. Nesilleriň saglygyny goramak, kämil şahsyýet bolup ýetişmekleri hakyndaky alada Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem döwrebap mazmuna eýe bolýar. Beýik ynsanperwer işleri bilen bagtyýar çagalar hakda alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Azat MUHIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.