MILLILIGE ÝUGRULAN GOLLANMA

29-10-25

Türkmen halky kitaba, pähimli sözlere belent sarpa goýýan halkdyr. Çünki kitap döwrüň taryhyny, halkyň durmuşyny we ruhuny özünde jemleýän gymmatlykdyr, bahasyna ýetip bolmajak hazynadyr. Özi hem şöhratly taryhymyza buýsanç döredýän ajaýyp kitap gymmatly gollanmadyr. Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitabyny ýüzümize sylyp, şöhratly taryhymyza aýdyň göz ýetirýäris, pähimdar pederlerimize buýsanýarys.

Gahryman Arkadagymyzyň parasadyndan kemal tapan, halkymyzyň milliligini, däp-dessurlaryny, gadymy ýol-ýörelgesini, ata-babalarymyzyň parasada ýugrulan ruhy gymmatlyklaryny beýan edýän “Hakyda göwheri” atly kitabyň täze - “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” öňýanynda halkymyza gowuşmagy aýratyn many-mazmuna eýedir. Sebäbi “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçen 2024-nji ýylda halkymyzyň gadymdan gelýän ýol-ýörelgeleri, nusgawy edebiýaty dünýä ýaýyldy, akyldar şahyryň eserleri wagyz edildi. Şöhratly taryha, milli ruhy gymmatlyklara belent sarpa goýulýan ýylda şeýle ajaýyp kitabyň elimize gowuşmagy her birimizi buýsandyrdy. “Hakyda göwheri” atly bu ajaýyp kitap halkymyzyň pähim-parasadyny dünýä ýaýjak, ýaşlaryň milli ruhda terbiýelenmeginde bahasyna ýetip bolmajak eserleriň biri bolup durýar.

Häzirki döwrüň beýikligine we uzak geçmişiň şöhratyna düşünmek ynsany ruhy taýdan baýlaşdyrýar. Şonuň üçin hem beýik siwilizasiýalar, medeni ojaklar hakynda söz açylanda hökmany suratda pähimdar pederlerimiziň asylly ýörelgeleri aňymyzda janlanýar. Bu hem pähimdar pederleriň, akyldarlarymyzyň döreden gymmatlyklaryna düşünmäge ýardam berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitabynda şeýle bellenilýär: “Pederlerimiz asyrlaryň mizan eleginden geçirip, bu durmuş hakykatyny pähime öwrüpdirler: Geçmişi bolmadygyň, geljegi bolmaz. Geçmiş - geljegiň berk binýady. Geçmiş - geljegi gurmagyň sapaklary. Geçmiş - pähim-parasat. Halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan geçmişi, taryhy - mertligiň, gahrymançylygyň, ygrarlylygyň, belent ahlaklylygyň taryhy”. Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ata-babalarymyzyň geçen şöhratly ýoly geljegimiziň berk binýadydyr.

Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna, şöhratly taryhyna, asyrlaryň synagyndan geçip kämilleşen medeniýetine aýratyn sarpa goýýarlar. Bu gymmatlyklara aýawly çemeleşmek, giňişleýin öwrenmek we ähli özboluşly öwüşginleri bilen geljekki nesillere ýetirmek üçin yzygiderli alada edilýär. Şonuň üçin hem nusgalyk eserlerde ýaşlara türkmen halkynyň taryhyna, edim-gylymlaryna, däp-dessurlaryna hormat goýmagy, içgin öwrenmegi we dünýä ýaýmak üçin tagallalaryny gaýgyrmazlygy, watançylygy ündew edilýär. Bu dürdäne kitaplar her bir okyjyda uly täsir galdyrýar. Olar beýan edilýän goýazy pelsepewi pikirlere, getirilýän mysallardyr ylmy maglumatlara baýdyr. Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitaby hem şeýle çuňňur mazmunly eserleriň biridir.

Halkymyz müňýyllyklardan gözbaşly taryhynda “Oguznama” ýaly gymmatly eseri miras galdyrypdyr. Bu günki günde bu gymmatly miras ylmy esasda öwrenilmek bilen bir hatarda, dünýäde giňden wagyz edilýär. Bu gymmatly eseriň çuňňur manysyna düşünmekde Gahryman Arkadagymyzyň eserleri uly gollanma bolýar. Aslynda, ata-babalarymyzyň döreden eserleri, nakyllary ruhy baýlykdyr, gymmaty egsilmejek hazynadyr, gadymdan gelýän mirasdyr. Şöhratly taryhymyzy, ata-babalarymyzdan miras galan asylly ýörelgelerimizi dabaralandyrýan şeýle ajaýyp kitaby peşgeş eden Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, döwet galamynyň ýiti bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Ahmet EÝEBERDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Fakultet terapiýa kafedrasynyň assistenti.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.