IL SAGLYGY – ÝURT BAÝLYGY
22-10-26
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz aladalary bilen raýatlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda, kopçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdurmek, ýurdumyzyň abadançylygyny gowulandyrmak ugrunda uly tagallalar edilýar. Sagdynlygyň hem-de gülläp ösüşleriň, ruhubelentligiň mekany bolan Türkmenistan Watanymyzda ýurdumyz üçin uly baýlyk bolan adamyň jan saglygynyň goragyny ýokary derejä ýetirmek maksady bilen uly işler alnyp barylýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, gurlup ulanmaga berilýän saglygy goraýyş merkezleri, hassahanalar, şypahanalar, sagaldyş we dynç alyş merkezleri, dürli sport desgalary ýurdumyzda baş baýlygyň halkyň saglygy bolup durýandygyny aýdyň görkezýär.
Halkymyzyň saglygy baradaky alada Gahryman Arkadagymyzyň badalga beren we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. «Arçman» şypahanasyndaky döwrebap lukmançylyk hyzmatlary, onuň halkara derejesindäki ähmiýeti hem Gahryman Arkadagymyzyň tagallalaryndan gözbaş alan giň gerimli işleriň aýrylmaz bölegidir. Bu gün gojaman Köpetdagyň tebigy gözelliklere baý eteginde ajaýyp şäherçäni ýatladyp duran «Arçman» şypahanasy ynsan saglygyna ýaramly mineral suwy bilen diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, halkara derejesinde hem meşhurlyga eýedir. Onuň bejeriș ähmiýetli suwunyň düzümi peýdaly mikroelementlere we minerallara baý bolmak bilen, hususan-da, kükürtli-wodorodly suwy jähetinden aşgazan-içege, bagyr, öt ýollarynyň kesellerini, deri näsazlyklaryny, nerw we daýanç-hereket ediş ulgamlarynyň kesellerini bejermekde, öňüni almakda oňyn netije berýän tebigy serişde hasaplanylýar.
Şypahananyň täze 400 orunlyk bejeriş toplumynyň ulanylmaga berilmegi «Arçman» şypahanasynda hödürlenýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini has-da ýokarlandyrar. Täze bejeriş toplumynyň daşary ýurtlaryň, şol sanda birnäçe Ýewropa döwletleriniň öňdebaryjy öndürijileriniň sanly diagnostika enjamlary bilen üpjün edilmegi keselleri irki tapgyrda takyk kesgitlemäge, bejerginiň dogry bellenmegine mümkinçilik berýär. Dabaraly açylyş gününde «Arçman» şypahanasyna «ASKIN & CO GmbH» we «Med-Lab-GmbH» kompaniýalary tarapyndan şypahanada iň döwrebap lukmançylyk we bejeriş enjamlarynyň üstünlikli gurnalandygyny we ulanmaga berlendigini tassyklaýan Ýokary hil şahadatnamasynynyň, «H2S in Balneology Global Initiative» kompaniýasy tarapyndan ylmy hyzmatdaşlygy, bilim we okuw işlerini, ylmy-barlaglary hem-de kükürt-wodorodly balneologik serişdeleriň jogapkärçilikli kliniki taýdan özleşdirilmegini ösdürmäge we goldamaga ygrarlydygyny tassyklaýan Resmi hyzmatdaşlyk merkezi hökmünde bellenilendigi baradaky şahadatnamanyň, «BTL Industries Limited» kompaniýasy tarapyndan şypahanada halkara ülňülere laýyk gelýän häzirki zaman fizioterapiýa binýadynyň döredilendigini, BTL tehnologiýalarynyň doly integrasiýa edilendigini hem-de dikeldiş kömeginiň ýokary derejesine ygrarlydygyny tassyklaýan şahadatnamanyň gowşurylmagy bu ajaýyp şypahananyň täze ösüşlere tarap bedew bady bilen öňe barýandygynyň nobatdaky güwänamalary boldy.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän, zyýanly endiklerden daşda durýan raýatlaryň yzygiderli artýandygyny, ýaşlaryň arasynda sport we bedenterbiýesi bilen meşgul bolýanlaryň köpelýändigi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz-nesihat etmekde, ilatyň saglygyny goramakda alyp barýan toplumlaýyn-ulgamlaýyn häsiýetli giňişleýin çäredir, işleriniň netijesi bolup durýar. Sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmak diýmek öz saglygyňy goramak diýmekdir, sagdyn nesliň dünýä inmegini üpjün etmek diýmekdir, umuman sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmak, beden we ruhy, sosial we durmuş, ruhy we medeni taýdan bagtyýar, döwletli, atly-abraýly ýaşamak diýmek bolup durýar.
Mälim bolşy ýaly, durmuş ugurly “Saglyk” Döwlet maksatnamasy her bir raýatyň saglygynyň umumymilli gymmatlygyň aýrylmaz bölegidigi bilen bagly ýörelgä esaslanýar. Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Il saglygy - ýurt baýlygy” diýen şygardan ugur alyp, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge aýratyn ähmiýet berýär. Döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde bina edilýän täze, iň döwrebap saglygy goraýyş desgalarynyň ulanmaga berilmegi esasynda ýurdumyzyň hatda iň alysdaky künjeklerinde-de halkymyz halkara ölçeglere kybap gelýän giň gerimli, ýokary hünär derejeli lukmançylyk hyzmatlaryny alýar. Şunuň bilen birlikde, dermanhanalaryň ulgamyny giňeltmek boýunça işler alnyp barylýar, şolarda isleg bildirilýän derman serişdeleriniň hem-de lukmançylyk maksatly önümleriň giň görnüşleri hödürlenilýär.
Ýurdumyzda köpçülikleýin sagdyn durmuş ýörelgesiniň ösdürilmegi, azyk ulgamynyň düzüminiň we görnüşleriniň gowulandyrylmagy, arassaçylyk-ekologiýa kadalarynyň üpjün edilmegi, adamlaryň zähmet çekmek, durmuş hem-de dynç alyş şertleriniň gowulandyrylmagy üçin döredilýän mümkinçilikleriň ählisi, halkymyzyň bagtyýarlygyna gönükdirilendir. Munuň üçin her birimiziň kalbymyzda Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan alkyşlarymyz çäksizdir!
Bibi ATAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Çaga stomotologiýasy kafedrasynyň assistenti.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.