MILLI DEMOKRATIÝANYŇ HEM-DE KANUNÇYLYGYŇ DABARALANÝAN EÝÝAMY

21-02-26

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň hukuk binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli kanunçylyk ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi ösüşiň täze belentliklerine ýetilmegine ýakyndan ýardam edýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň ösen döwletleriň derejesine ýetirilmegi hem-de halkyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň öňdengörüjilikli syýasatynyň we başlangyçlarynyň netijesinde ýurduň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna täze innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak işleri güýçli depginde alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallasy bilen Türkmenistan döwletimiz gysga wagtyň içinde sebitde we dünýäde pajarlap ösýän we döwür  bilen aýakdaş gidýän döwlet hökmünde tanaldy. Bu günki ýetýän we ýeten sepgitleri bilen çylşyrymly häzirki zaman dünýäsinde göterilip barýan döwletimizi mundan beýläk galkyndyrmakda, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny rowaçlandyrmakda maksatlaryň we öňde goýlan wezipeleriň anyk ugry kesgitlenilýär. Hormatly Prezidentimiz kämil raýat jemgyýetini gurmaga ymtylýan güýçli demokratik  döwleti öz gündelik işinde adamlara gulluk  etmäge, olaryň bähbitlerini, hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga ukyplydygyny yzygiderli nygtaýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygy bilen ýurdumyzda raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak ugrunda köp işler durmuşa geçirilýär. “Döwlet her näçe kuwwatly, gurply bolanda-da, ilatyň ýaşaýyş derejesi döwletde alnyp barylýan durmuş syýasatyna gönüden-göni bagly bolýar” diýip, ykdysadyýetçiler belleýärler. Türkmenistan Watanymyzda durmuş syýasaty Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!”  diýen ýörelgesine esaslanýar. Bu ynsanperwer ýörelge çeperleşdirip aýdanymyzda kök urup, şaha ýaýyp, raýatlara goýy saýasyny salýar, miwesini boldan eçilýär. Hormatly Prezidentimiziň bu syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, berkarar Watanymyz gülläp ösýär, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar, ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülýär. Bu bolsa ýurdumyzda raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, olaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitlerini goramak ugrunda uly alada edilýändigine aýdyň mysaldyr.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli kanunçylygymyzyň dabaralanmagy, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň üýtgetmeler we goşmaçalar girizilmek bilen kämilleşdirilýän hukuk namalarynyň ornunyň ýokarlanmagy ýurdumyzda jemgyýetiň iň gymmatly hazynasynyň adamdygyny kepillendirýär. Milli demokratiýanyň we kanunçylygyň dabaralanýan döwründe ýaşlaryň bu babatdaky düşünjelerini, hukuk sowatlygyny artdyrmakda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylarynyň hem işjeň agzalarynyň, mejlisiň deputatlarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň gatnaşmagynda guralýan wagyz-nesihat we düşündiriş çäreleriň ähmiýeti örän ýokarydyr. Halkymyzyň kanun taýdan goraglylygyny pugtalandyrmak ugrunda taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!

Güljahan HOJAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kazyýet lukmançylygy we hukuk kafedrasynyň mugallymy.

16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 


16a70327b2209d.jpeg
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.


16a6b6a94cf074.jpeg
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.


16a50d3298549c.jpeg
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda  talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.