«Hakyda göwheri» ― milli mirasa sarpa
03-12-25
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň sowgat berilmegi ulus-ilimizde şatlyk we begenç duýgusyny döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynda şöhratly taryhymyz, Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döreden eserleriniň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren täsirleri, medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy dogrusynda söhbet açylýandygyny eşidip, göwün guşumyz has-da ganatlandy.
Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Hakyda göwheri» atly täze kitaby neşir edildi. Bu eseriň Halkara Bitaraplyk gününiň we hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly baýramynyň öň ýanynda halkymyza ýetirilmeginiň uly manysy bar. Bu kitapda türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetine goşan ägirt uly goşandy we dünýä taryhyndaky orny barada ylmy taýdan delillendirilen baý maglumatlar beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyz bu eserinde türkmen topragynda ömür sürüp, yklymlaryň taryhy ösüşine hem goşant goşan meşhur serkerdeler, şalar, soltanlar, akyldarlar baradaky pikir-garaýyşlaryny hem halka ýetirýär. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüniň we döredijiliginiň, agzybir halkymyzyň şöhratly geçmişiniň, türkmen halkynyň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy barada maglumatlar giňden beýan edilýär.
Türkmeniň baý taryhy maglumatlaryny özünde jemleýän eser türkmen we iňlis dillerinde çap edildi. «Hakyda göwheri» atly kitap diňe bir gymmatly taryhy maglumatlaryň çeşmesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, Berkarar döwletimiziň eşretli zamanasyna buýsanjyň-da beýany bolup durýar. Ýurdumyz dünýäde deňi-taýy bolmadyk nepis halylaryň, senetçiligiň, zergärligiň gadymy mekanydyr. Bu gadymy toprakda geçmişde milli gymmatlyklaryň gaýtalanmajak nusgalary döredilipdir. Milli Liderimiziň täze kitabynda: «Ynsany bagtyýarlyga eltýän esasy sebäpleriň biri milli buýsanç arkaly kemala gelýär. Milli buýsanjyň gözbaşynda bolsa halkyň müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhy bardyr. Taryh hakynda söz açylanda, dünýäniň iň gadymy halklarynyň arasynda, ilki bilen, türkmen halky hem ýatlanylýar» diýen sözleri biz – ýaşlarda milli buýsanç duýgusyny goşalandyrýar.
Hormatly Arkadagymyz täze kitabynda şöhratly taryhymyzyň menzilleri, hem maddy, hem ruhy medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy hakynda örän täsirli beýan edýär. Milli Liderimiziň edebiýata, medeniýete, Magtymguly Pyraga goýýan bimöçber sarpasy hemmelere mälimdir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň ylmy-filosofik eserleri watandaşlarymyzyň her biri üçin durmuş we döredijilik şamçyragydyr. Halkymyzyň şöhratly baý taryhyny, baý medeni mirasyny, döwletlilik ýörelgelerini beýan edýän, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan bu eserler ýaş nesilleri watançylyk, belent ahlaklylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde gymmatly hazynadyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby halkymyzyň taryhy maglumatlara daýanýan ruhy-medeni hazynasynyň dür-merjeni bolmak bilen, nesilleriň ylham çeşmesi bolup hyzmat eder.
Berkarar Watanymyzyň täze taryhy döwründe milli ýol-ýörelgeleriň dabaralanmagy, ýurdumyzyň gülläp ösmegi, kämil bilimli, watansöýüji nesliň kemala gelmegi ugrunda taýsyz tagalla edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.
Aýgözel ORAZOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Şöhle bilen anyklaýyş, bejeriş we onkologiýa kafedrasynyň assistenti.
BILIM ULGAMY ÖSDÜRILÝÄR
Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýleki ulgamlar bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamy hem ösüşlerden-ösüşlere, öňe gidişliklere beslenýär.Ýaş neslimiziň beden we ruhy taýdan has kämil bolmagy üçin köp işler amala aşyrylýar.
Watanymyzyň rowaçlygynyň we ählumumy abadançylygyň bähbidine strategik hyzmatdaşlyk
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna iş sapary tamamlandy
22-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygyna gatnaşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy
19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.