BEÝIK AKYLDARYŇ EDEBI MIRASYNA SARPA

05-12-25

Bu döwür, bu eýýam türkmen paýhasynyň, türkmen ruhubelentliginiň, türkmen zähmetsöýerliginiň rowaçlanýan, beýik işler, döwletli tutumlar bilen galkynýan, gülleýän zamanasy hökmünde göwünleri ganatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly - dünýäniň akyldary” atly kitaby ähli halkymyz we giň okyjylar köpçüligi üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgat boldy. Türkmen, rus we iňlis dilleriniň hersinde aýratyn kitap görnüşinde çap edilen täze kitapda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň, dünýä edebiýatyna goşan ägirt uly goşandynyň, akyldaryň ömrüni we döredijiligini öwrenmek boýunça ýazylan ylmy işleriň, şirin dilli söz ussadynyň şanly toýy bilen bagly geçirilen çäreleriň giňişleýin açylyp görkezilmegi oňa bolan gyzyklanmany has-da artdyrýar.

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” ilkinji günlerinde elimize gowşan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Magtymguly - dünýäniň akyldary” kitabynyň “Magtymgula düşünmegiň açary”, “Magtymguly Pyragy mekdebi we türkmen magtymgulyşynaslary”, “Pähim-paýhas ummany”, “Parahatçylygyň şahyry”, “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň şahyry”, “Halk ýadyndan aýrylma”, “Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen bagly kabul edilen resminamalar, gutlaglar we çykyşlar” we “Hakyň hem hakykatyň ýolunda” atly bölümleriniň her birini okanymyzda akyldar şahyryň beýikligine, döwletlilik bagtynyň mukaddesligine has aýdyň göz ýetirýäris. Hormatly Prezidentimiz “Magtymguly - dünýäniň akyldary” atly täze kitabynda: “Magtymgulynyň edebi mekdebini dowam etdirijiler, akyldar şahyryň çeper keşbini öz eserlerinde beýan edijiler bilen birlikde, dana Pyragynyň ylmy-edebi mirasyny öwrenijiler hem aýratyn ýatlanylmaga mynasyp” diýip belleýär.

Kitapda beýik akyldar şahyrymyzyň ömrüni, edebi mirasyny öwrenmäge goşant goşan zehinli alymlaryň, professorlaryň, edebiýatçylaryň, daşary ýurtly bilermenleriň atlarynyň agzalyp, olaryň bitiren işlerine baha berilmegi, abraý-mertebelerini has-da belende götermegi döwletimiz tarapyndan olara goýulýan çäksiz sylag-sarpanyň subutnamasy hökmünde buýsanjymyzy artdyrdy. Akyldar şahyrymyz Mäne baba, Mahmyt Pälwan, Omar Haýýam, Hoja Ahmet Ýasawy, Azady, Andalyp ýaly danalaryň edebi gymmatlyklaryndan ruhlanyp, kämil eserleri döredipdir. Şeýlelikde, Magtymguly Pyragy halkyň milli durmuşyna esaslanýan mekdebi döredipdir. Magrupy, Şabende, Seýdi, Kemine, Mollanepes, Zelili, Kätibi ýaly ençeme nusgawy şahyrlarymyz Magtymguly Pyragy mekdebinden täsirlenip, ony dowam etdiripdirler we ajaýyp eserleri döredipdirler. Magtymguly Pyragynyň şygryýet mekdebi asyrlardan asyrlara, nesillerden nesillere geçip, bu günki gün dünýäde nusgalyk edebi mekdebe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň täze kitaby bolsa şol mekdebiň ajaýyp waspnamasydyr.

Dana Pyragy Ýer ýüzünde ynsanperwerligi, doganlyk gatnaşyklaryny, özara düşünişmegi pugtalandyrmakda köp işleri bitirdi. Magtymguly Pyragynyň goýup giden edebi mirasy umumadamzat medeniýetiniň altyn hazynasyna girdi. Şahyryň eserleri we pelsepewi pikirleri edebi gymmatlyk hökmünde adamzat durmuşynda möhüm orun eýeleýär. Ol diňe bir ýurdumyzyň däl, tutuş sebitiň, dünýä halklarynyň edebi mirasyna uly goşant goşdy. Akyldaryň ynsanperwer pikir-garaýyşlary hemişelik Bitarap ýurdumyzyň alyp barýan hoşniýetli, parasatly içeri we daşary syýasatynda möhüm orny eýeleýär. Hut şonuň üçin-de döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow bu täze kitabynda: “Biz Magtymguly Pyragynyň ylmy-edebi mirasyny dünýä ýaýmak bilen, şahyryň adamzat bähbitli hikmet-paýhaslaryny durmuş ýüzünde hasyl edýäris. Şahyryň arzuw-umytlaryny hakykata öwürýäris. Şol pähim-paýhaslar, öwüt-nesihatlar, jaý maslahatlar arkaly halklaryň arasyndaky dost-doganlygy berkidýäris.

Medeni gatnaşyklary ilerletmek bilen, dünýä halklarynyň arasynda ýürekleriň we maksatlaryň bir bolmagyny gazanýarys” diýip belleýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitaby tutuş dünýäde ýüreklere ýol salýar, kalplaryň töründen orun alýar, çuňňur paýhasy beýan edýär.

Goý, beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine belent sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Amanmyrat ŞÜKÜROW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniñ Ýokanç keseller kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.

16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 


16a70327b2209d.jpeg
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.


16a6b6a94cf074.jpeg
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.


16a50d3298549c.jpeg
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda  talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.