Şypaly mekanyň döwrebap keşbi
20-10-26
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz aladalary bilen raýatlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda, kopçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdurmek, ýurdumyzyň abadançylygyny gowulandyrmak ugrunda uly tagallalar edilýar. Sagdynlygyň hem-de gülläp ösüşleriň, ruhubelentligiň mekany bolan Türkmenistan Watanymyzda ýurdumyz üçin uly baýlyk bolan adamyň jan saglygynyň goragyny ýokary derejä ýetirmek maksady bilen uly işler alnyp barylýar.
Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, gysga döwürde paýtagtymyz Aşgabatda hem-de sebitlerimizde saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezleri, köpugurly hassahanalar, şypahanalar, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar guruldy. Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, Saglygy goraýyş müdirligi we onuň düzüminde köpugurly hassahana, onkologiýa merkezi, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, «Tiz kömek» merkezi, saglyk öýi we saglygy goraýşyň awtoulaglar kärhanasy ulanmaga berildi.
Däp bolşy ýaly, her ýylyň 10-njy oktýabrynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisi we onuň çäklerindäki ylmy maslahaty lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlaryny saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrmaga we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berýän abraýly forumlaryň birine öwrüldi.
Mälim bolşy ýaly, durmuş ugurly “Saglyk” Döwlet maksatnamasy her bir raýatyň saglygynyň umumymilli gymmatlygyň aýrylmaz bölegidigi bilen bagly ýörelgä esaslanýar. Hormatly Prezidentimiz “Il saglygy - ýurt baýlygy” diýen şygardan ugur alyp, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge aýratyn ähmiýet berýär. Döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde bina edilýän täze, iň döwrebap saglygy goraýyş desgalarynyň ulanmaga berilmegi esasynda ýurdumyzyň hatda iň alysdaky künjeklerinde-de halkymyz halkara ölçeglere kybap gelýän giň gerimli, ýokary hünär derejeli lukmançylyk hyzmatlaryny alýar. Şunuň bilen birlikde, dermanhanalaryň ulgamyny giňeltmek boýunça işler alnyp barylýar, şolarda isleg bildirilýän derman serişdeleriniň hem-de lukmançylyk maksatly önümleriň giň görnüşleri hödürlenilýär.
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen paýtagtymyz Aşgabatda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki, Halkara pediatriýa we Stomatologiýa merkezleriniň, şeýle hem meşhur “Arçman” şypahanasynyň täze binalar toplumynyň dabaraly açylyp ulanmaga berilmegi täze taryhy döwürde ynsan saglygyny goramaga aýratyn ähmiýet berilýändigini äşgär etdi.
Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramyna gabatlanyp, etrabymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän «Arçman» şypahanasynyň goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilmegi-de bu ugurda möhüm ähmiýete eýedir. Şypahananyň çeşme suwunyň melhemlik güýji diňe bir ýurdumyzda däl, onuň çäginden daşarda hem irki döwürlerden bäri bellidir. Tebigy çeşmäniň şypaly suwy himiki düzümi boýunça kükürtli-hlorly, gidrokarbonatly, natrili-kalsili-magnili suwa degişli bolup, himiki elementleriň 24-sini özünde saklaýar. Bu suwuň temperaturasy ýylyň bütin dowamynda 28, 2; 28, 5 derejede saklanýar. Bejeriş wannalarynda bolsa ol 34 — 36 gyzgynlyk derejesinde ulanylýar. Wannalara kabul edilende, suwuň düzümindäki kükürtli-wodorod we beýleki mikroelementler bedende bütinleý özgeriş döredip, dokumalaryň işjeňligini ýokarlandyrýar, gan aýlanyşygyny kadalaşdyrýar. Şypahananyň bejeriş işlerinde bu ýeriň jana melhem suwy giňden peýdalanylýar. Dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň innowasion lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen 400 orunlyk goşmaça täze bejeriş binasynyň açylmagy we ozalky hereket edýän binanyň durkunyň döwrebaplaşdyrylmagy şypahanada raýatlara edilýän hyzmatlaryň hiliniň, derejesiniň ýokarlanmagyna, mümkinçilikleriniň giňemegine itergi boldy.
Geçen ýyllarda Milli Liderimiziň ajaýyp başlangyçlary we taýsyz tagallalary esasynda şypahanamyzda döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap binalar guruldy, ozaldan hereket edýän binanyň durky täzelendi. Şeýlelikde, şypahananyň hyzmatlaryndan peýdalanmaga höwes edýänleriň sany artdy. Meşhur şypahanamyzyň çäginde şu şanly günde toý ruhunda açylan täze binalar toplumy ozaldan hereket edip gelýän binalaryň üstüni ýetirmek bilen, bu ýeriniň döwrebap mümkinçilikleriniň geriminiň giňemegine şert döretdi. Indi şypahanamyzda birbada 1 müň 300-den gowrak adama saglygyny dikeltmäge mümkinçilik döredi.
Lukman Arkadagymyzyň çuňňur pähiminden dörän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Sagdyn ýaşamak ýörelgesine yzygiderli eýerýän, saglyk babatda dogry pikirlenip bilýän adam lukmana diňe barlag we gözegçilik üçin ýüz tutýar. Ol näsaglamagyň öňüni almakda lukmana ýardam berýär... Saglyk baradaky alada ömrüň baradaky aladadyr» diýip belleýşi ýaly, geliň, ömrümiz barada alada edip, saglygymyzy goralyň!
Gahryman Arkadagymyzyň dünýäniň köp dillerine terjime edilen düýpli ylmy işi bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp tomluk ylmy-ensiklopedik kitaby diňe bir ýurdumyzyň farmasewtika ylmyny ösdürmekde däl, eýsem, dünýä boýunça fitoterapiýanyň ösdürilmeginde hem möhüm ädim boldy. Bu ylmy iş Türkmenistanyň ösümlik dünýäsiniň ensiklopediýasydyr. Ata Watanymyz sagdynlygyň, ruhubelentligiň, ösen sportuň ýurdy hökmünde ykrar edilýär. Diýarymyzy sagdynlygyň, ruhubelentligiň we bagtyýarlygyň mekanyna öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!
Mahym HAMMOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Önümcilik proseslerini awtomatlaşdyrmak fakultetiniň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.