PARAHATÇYLYGYŇ WE YNSANPERWERLIGIŇ ÝOLY

02-12-25

Halkymyz agzybirlik, adalatlylyk, watansöýüjilik, ynsanperwerlik ýaly häsiýetleri Oguz handan, Gorkut atadan, Görogly begden alyp gaýdýar. Bu gün parahatçylygyň, ylalaşygyň we halklaryň arasyndaky dostlugyň merkezine öwrülen Garaşsyz Türkmenistanyň gazanan hemişelik Bitaraplygy sebitde halkara hyzmatdaşlygynyň we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine itergi berýär. Halkymyzyň şol gatnaşyklary, milli däp-dessurlarymyz gadym döwürlerden kemala gelipdir. Merdana halkymyzyň milli häsiýetleri we ajaýyp däp-dessurlary bahasyna ýetip bolmajak gymmatly hazynadyr. Bu ajaýyp mirasy aýawly saklamak, ýaş nesilleriň kalbyna ornaşdyrmak ata-baba dowam edip gelýän däbimizdir.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de bütin adamzadyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk etmegiň aýdyň ýoludyr. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edildi. Ýurdumyz dünýä döwletleri bilen dostluk, birek-biregi hormatlamak, ynanyşmak, özara ýardam bermek esasynda köptaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýýar. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesi häzirki wagtda dünýä döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni, ylym-bilim we beýleki ugurlarda giň özara gatnaşyklary ýola goýmakda, daşary strategiýany durmuşa geçirmekde ähmiýetli orna eýe bolýar.

Halkymyzyň milli ýol-ýörelgeleriniň aňyrsynda agzybirlik, jebislik, birek-birege hormat goýmak ýaly asylly däplerimiz bar. Gahryman Arkadagymyzyň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitabyndaky her bir jümle halkymyzyň asuda, parahat durmuşy babatda gymmatly gollanmadyr. Türkmeniň dutaryndaky her kakuwda, şirwan perdeden çykýan şirin mukamda ata-babalarymyzyň terbiýe mekdebi ýaňlanýar. Halkymyzyň taryhy-medeni mirasyny gorap saklamak we giňden wagyz etmek, ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça ýurdumyzyň başlangyçlary Milletler Bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda Kararnamany kabul etdi. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň umumadamzadyň bähbidine gönükdirilen syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy belent mertebedir, baky bagtdyr. Hemişelik Bitaraplyk syýasatyny ýöredýän ýurdumyz dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň, ösüşiň berkarar bolmagy ugrunda tagallalary birleşdirýän döwlet, dünýäni parahatçylyga çagyrýan, adamzady ynanyşmaga ugrukdyrýan ýurt hökmünde tanalýar. Sebit we dünýä halklarynyň bähbidine gönükdirilen işjeň daşary syýasaty ýola goýup, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, hoşniýetli, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri bilen halkara giňişliginde mynasyp orny eýeleýär.

Häzirki ajaýyp döwürde agzybir halkymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar we öňde duran beýik maksatlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda oňyn özgertmeleriň amala aşyrylmagy ugrunda öz goşandyny goşýar. Halkymyzyň eşretli şu güni, şanly we şuglaly ertiri hakda bimöçber aladalaryň edilýän döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatyny ýol-ýörelge edinip, eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyna mynasyp goşant goşmak islegi her bir raýatyň kalbyny gurşap alýar. Goý, ýurdumyzy ösüşleriň belent sepgitlerine alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Orazbagt NURYLLAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň endokrinologiýa kafedrasynyň assistenti.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.