ÝAŞLAR WATANÇYLYK RUHUNDA TERBIÝELENÝÄR

29-10-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin döwlet derejesinde uly tagallalar edilip, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary, döwrebap bilim, oňat dynç almaklary bilen bagly meseleler hemişe üns merkezinde saklanýar. Ýaşlaryň hukuk hem-de durmuş goraglylygyny üpjün etmek, aň-bilim, zähmet başarnyklaryny ýüze çykarmak babatda tutumly işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» kabul edildi. Munuň netijesinde, türkmen ýaşlary häzirki döwürde Garaşsyz, Bitarap Watanymyza dünýäde mynasyp wekilçilik edip, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýarlar.

Döwrebap ylymly, bilimli, sagdyn ýaşlaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek biziň baş maksadymyz bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz bilim ulgamynda ylym hem-de önümçilik gatnaşyklaryny berkitmek, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna we sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, ýokary bilimli hünärmenler bilen üpjün etmek meseleleriniň wajypdygyny, bilimi döwrebaplaşdyrmakda we beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy ugurdaş merkezleri bilen yzygiderli maglumat alşylmagyny ýola goýmakda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyny nygtaýar.

Konsepsiýa ýurdumyzyň milli bilim ulgamyny döwrebap derejede ösdürmäge, ylymly, bilimli, giň gözýetimli, maksada okgunly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmäge, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işlerini has netijeli amala aşyrmaga gönükdirilendir. Dünýä jemgyýetçiliginde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bähbitlerini goramaga taýýar, çuňňur bilimli, döredijilikli pikirlenip bilýän, watansöýüji, zähmetsöýer, ahlak taýdan arassa, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen kämil şahsyýetleri kemala getirmek we ösdürmek, okatmagyň usulyýetini yzygiderli kämilleşdirmek, berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, okuw-terbiýeçilik işlerinde sanly serişdeleriň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, gerimini giňeltmek we depginini çaltlandyrmak täze Konsepsiýanyň esasy maksatlarynyň hatarynda durýar.

Hormatly Prezidentimiz “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly kitabynda şeýle belleýär: “Ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň ýokary hilli bilim almagy, döredijilik, sport bilen meşgullanmagy, ukyp-başarnyklaryny doly ýüze çykarmagy üçin ähli şertleri döretmek, giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmek, ýaşlarda halallyk, maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk ýörelgelerini terbiýelemek, mundan beýläk-de belent borjumyz we baş maksadymyz bolmalydyr”. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda eziz Diýarymyzda hemmetaraplaýyn ösen, kämil ýaşlary terbiýelemek meselesine düýpli we köptaraplaýyn çemeleşilýär.

Bilim işlerine innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak dowam edilip, okatmagyň dünýä tejribesinden peýdalanmak bilen, okuwçylaryň akyl ýetirijilik, öwrenijilik işjeňligi, konstruktorçylyk, özbaşdak pikirleniş endikleri ösdüriler. Üznüksiz bilim ulgamynyň mazmunyny hil taýdan täzelemek, taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak we ussatlyklaryny, bilimlerini, başarnyklaryny ösdürmek babatdaky işler döwrebaplaşdyrylar. Konsepsiýada umumybilim maksatnamalary boýunça okuw dersleriniň döwlet bilim standartlarynyň we okuw maksatnamalarynyň talaplaryna laýyk getirilişine yzygiderli gözegçiligi amala aşyrmak, mekdep okuwçylarynyň okaýyş, matematika we tebigy dersler boýunça bilim derejelerini bahalandyrýan halkara maksatnamalarynyň görkezijilerini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmak hem bellenilýär.

Ýaşlara çuňňur bilim we döwrebap terbiýe bermek, olary iş ýerleri bilen üpjün etmek, okuwdan daşary we goşmaça bilimiň häzirki zaman usullary we ugurlary babatda degişli işler durmuşa geçiriler. Konsepsiýada bellenenleriň iş ýüzünde ornaşdyrylmagy esasynda, bilim ulgamynyň resminamalaýyn hukuk binýadynyň üsti ýetirilip, ýaş nesliň döwrebap kemala getirilmeginde geçirilmeli işleriň many-mazmuny täzelener, baýlaşdyrylar we geljekki ösüşleriň berk binýadyna öwrüler.

Jahan AHMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Fakultet terapiýa kafedrasynyň assistenti.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.