MILLI TERBIÝEÇILIK MEKDEBI – KÄMILLIGIŇ NUSGASY

22-02-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzyň ýaşlary milli ruhda, sagdyn bedenli, ösen aň-düşünjeli nesiller edip terbiýelemek, olary dogry ýola gönükdirmek babatda nusgalyk ýol-ýörelgeleri üstünlikli dowam etdirilýär. Şöhratly taryhymyzdan mälim bolşy ýaly, türkmen halky ylma, bilime, döredijilikli zähmete sarpa goýup, adamzadyň maddy we ruhy gymmatlyklaryna özüniň mynasyp goşandyny goşup gelen, dünýä medeniýetinde öçmejek yz galdyran halkdyr. Öz neslinde kämilligi görmek isleýän halkymyz hemişe maşgala terbiýesine aýratyn üns berýär. Her bir maşgalada terbiýäniň gözbaşy hökmünde ata-babalarymyzdan gelýän edep-ekramlylyk, asyllylyk, mylaýymlyk, mertlik ýaly ýörelgelerden ugur alynýar. Terbiýe meselesinde hiç hili ýalňyşlyga ýol bermegi gowy görmeýän halkymyz öz milli terbiýesine togaplydyr. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladalary bilen, merdana halkymyzyň bu asylly ýörelgesi häzirki döwürde döwlet derejesinde mynasyp dowam etdirilýär.

Ýaş nesle bilim we terbiýe bermekde ata-babalarymyzdan miras galan asylly däpler, milli ýörelgeler häzirki döwrüň iň öňdebaryjy dünýä tejribesi bilen sazlaşykly utgaşdyrylyp, bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar. Türkmen ýaşlarynyň Watana wepaly ogul-gyzlar bolup ýetişmekleri bilen birlikde, olarda ýiti düşünjeliligi kemala getirmek, ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň Watanymyzy gülledip ösdürjek hünärmenler bolup ýetişmegini gazanmak esasy ugurlaryň biridir. Şonuň üçin hem terbiýe, esasan, maşgalada, mekdepde berilýär. Bu babatdaky tagallalaryň birleşmesi bolsa terbiýäni maksadyna ýetirýär.

Asylly terbiýäniň gözbaşy ene hüwdüsinden başlanýar. Munuň özi çaganyň ilkinji günlerden terbiýe hem-de mähir bilen gurşalmalydygyny aňladýar. Şonuň üçin ene hüwdüsinde çaganyň mert ýigit bolmagy, Watana wepalylygy arzuw edilýär. Çaga ulalyp söze düşünip başlanda bolsa, oňa ýagşy söz bilen öwüt berilýär. Bu, esasan, türkmen nakyllary, atalar sözi bilen baglanyşyklydyr. Çünki öwüt-nesihatda paýhasly sözleriň getirilmeginiň uly many-mazmuny bar. Ilki bilen, çaga paýhasly sözlerden, nakyllardan edep-terbiýe alýar. Şeýle hem paýhasly sözler ýaş nesilleriň ýagşy sözli, görüm-göreldeli bolmagyna, söz baýlygynyň ösmegine oňat täsir edýär.

Terbiýäniň özeninde sagdyn durmuş endiklerini kemala getirmek hem durýar. Bular hakynda aýdanymyzda kitap okamak, köpräk diňlemek endikleri bolup, bular terbiýe meselesinde hem kämil häsiýetler hasaplanýar. Şu ýörelgelere eýermek endigi kemala gelen nesiller okamak arkaly özlerinde iň gowy häsiýetleri, kämil düşünjeleri kemala getirip bilýärler. Zamanamyzyň uly ösüş-özgerişleri ýaşlarda okamak endigini artdyryp, olaryň giň dünýägaraýyşly bolmagyny üpjün etmekdir. Sanly ulgam arkaly kitaplaryň köpdürli görnüşlerinden peýdalanyp hem bilýärler.

Halkymyzyň milli medeniýetine, edebi döredijiligine siňen terbiýeçilik mekdebi halk döredijiliginde hem giňden şöhlelenýär. Halkyň milli terbiýeçilik mekdebi “Gorkut ata”, “Oguznama”, “Görogly” ýaly şadessanlarda we beýleki halk döredijilik eserlerinde doly beýan edilýär. Akyldar Magtymguly şahyryň, Döwletmämmet Azadynyň, şeýle hem beýleki nusgawy şahyrlaryň, häzirki döwrüň ýazyjy-şahyrlarynyň döredýän eserlerinde terbiýeçilik häsiýetli aýdyň pikirler hemişe öň hatarda goýulýar. Terbiýeçilik babatda pähimler hazynasynyň giden ulgamyny döreden pederlerimiz ýaş nesli terbiýelemegiň dürli görnüşlerini we tärlerini bize miras goýupdyrlar. Atalar sözi, nakyllar, ertekilerdir rowaýatlar, matallardyr sanawaçlar terbiýe meselesinde bahasyna ýetip bolmajak edebi mirasdyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladalary bilen gurşalan ýaşlaryň geljegi has-da rowaçlydyr. Ýagty geljegimiz bolan ýaş nesiller bagtly ertirleri nazarlaýarlar. “Halkara parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýylynda” Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ata Watanymyzy ösdürmekdäki amala aşyrýan il-ýurt bähbitli beýik işleri, umumadamzat ähmiýetli taryhy özgertmeleri bu günki bagtyýar döwrümiziň nesilleriniň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeginde görüm-göreldedir. Bu meselede ata-eneleriň, mugallymlaryň orny örän uludyr. Bu gün türkmen ýaşlary Watana wepaly bolup, ajaýyp döwrümiziň ösüşine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Bagtyýar ýaşlaryň ylym-bilim öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Sonatäç NURMYRADOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.

«IL SAGLYGY — ÝURT BAÝLYGY»

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär. Beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.


BAGTYÝARLYK SAGLYKDAN BAŞLANÝAR

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy esasynda işlenip taýýarlanylan, strategik häsiýete eýe bolan, durmuş ugurly «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň  hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejelere çykýar.


SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI ÝOL ALÝAR

Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Il saglygy — ýurt baýlygy» şygary astynda ilat arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.


BEÝIK IŞLER ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Eger-de milletiň erkana we öz erkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk hem türkmen döwletiniň goşa ganatydyr» diýen dürdäne jümleler bar. 


BITARAPLYK ÝOLY PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝOLUDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik we asyl syýasaty, türkmen halkynyň ata-baba, nesilme-nesil dowam edýän agzybirlik taglymaty netijesinde Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly  Eziz Diýarymyzda bu gün durmuş daragty gül açyp, onuň hoşroýlygy gözellikden çar ýana serpaýdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.