Sanly ulgam — özgerişlere barýan ýol

29-10-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýän Türkmenistan döwletimiz ykdysady taýdan kuwwatly ýurda öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly milli ykdysadyýetimiz barha kuwwatlanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly dolandyryş ulgamyna geçmek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Şol sanda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy» esasynda mekdeplerde, bilim edaralarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak işiniň gerimi barha giňeýär.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» halkara ülňülerine laýyk gelýän, döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna esaslanýan sanly ykdysadyýeti yzygiderli ornaşdyrmagyň hasabyna milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli çäreler göz öňünde tutulýar.

Häzirki innowasiýalaryň ösen eýýamynda bu ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, kämil tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaş nesle ylym-bilim bermekde dünýä tejribesine daýanmak bilen ony milli ýörelgelerimiz bilen utgaşykly alyp barmak babatda ýola goýulýan möhüm başlangyçlar kalplarda çäksiz buýsanjy goşalandyrýar. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar, okuw mekdeplerinde kämil tehnologiýalar, akylly enjamlary, multimediýa serişdeleri, lingafon otaglary, ýokary tizlikli internet ulgamy yzygiderli ornaşdyrylýar. Bu Konsepsiýa ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny mundan beýläk hem ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen, ylmyň soňky gazananlary hem-de okatmagyň innowasion usulyýeti ýola goýulýar. Şeýle-de okadylýan dersler bilen baglanyşykly elektron okuw kitaplary, okuw gollanmalary, interaktiw-multimediýa programmalary döredilýär.  Bu bolsa ýerine ýetirilýän işleriň ýeňilleşmegine, wagtyň hem tygşytlanmagyna, zerur bolan gerekli maglumatlary gysga wagtda tapmaklyga şert döredýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz dürli pudaklarda häzirki döwrüň möhüm talaby bolan sanly ulgama geçmekligiň zerurdygyny hemişe nygtamak bilen, bu ugry ösdürmeklige ünsi çekýär.

Şeýle hem ylmyň we tehnologiýanyň soňky gazananlaryna,  öňdebaryjy halkara tejribelerine esaslanyp, ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň, şol sanda edaralaryň, kärhanalaryň, guramalaryň ýeke-täk sanly ulgama birikdirilmegi olaryň sazlaşykly işlemegini üpjün edýär. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi, sanly amatlyklaryň elýeterliliginiň ýokarlanmagy, sanly tehnologiýalaryň kärhanalarda giňden ornaşdyrylmagy we peýdalanylmagy  ýurdumyzyň dünýäniň sanly giňişlige işjeň goşuluşmagyny, onuň halkara bazarda bäsdeşlige ukuplylygynyň düýpli ýokarlandyrylmagyny hem-de milli ykdysadyýetimiziň ösüşiň täze innowasion tapgyryna geçirilmegini üpjün edýär.

Döwletimiziň kämil innowasiýa babatdaky öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini ornaşdyrmaga gönükdirilen ýörelgelerine esaslanyp, alyp barýan syýasaty mähriban Diýarymyzda kämil bilimli, giň dünýägaraýyşly nesliň kemala gelmegine itergi berýär, hil taýdan ösen ykdysady ösüşleriň gazanylmagyna, netijeli sepgitlere ýetilmegine esas döredýär. Sanly bilim ulgamyny ösdürmekde ylmy täzelikleriň döredilmegi, bilim ojaklaryna innowasion tehnologiýalaryň ýokary depginde ornaşdyrylmagy mähriban halkymyzy, bagtyýar ýaş nesillerimizi aýdyň geljege ruhlandyryp, ýüreklerde berkarar döwrümizi rowaçly mezillere besleýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşy goşalandyrýar!

Aynabat ÇAPAU,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Fakultet terapiýa kafedrasynyñ müdiri.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.