SANLY BILIM ULGAMY – ÝAŞ NESLIŇ KÄMILLIGINIŇ BINÝADY

03-01-26

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän bilim diplomatiýasynyň netijesinde milli bilim ulgamymyzda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler mugallymlaryň döredijilikli işlemekleri, ýaş nesillerimiziň kämil bilim almaklary üçin giň mümkinçilikleri açýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamyna aýratyn üns berýän döwlet Baştutanymyzyň ýardamlaryndan hem-de sargytlarydyr öňde goýýan wezipelerinden ruhlanyp işleýän mugallymlar ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, olaryň bilim derejesini häzirki zamanyň ylmy gazananlaryna laýyk ösdürmek maksady bilen, zehin-ukyplaryny orta goýup işleýärler. Elbetde, munuň üçin dünýä bilim ulgamynda peýdalanylýan bilim bermegiň häzirki zaman usulyýetlerinden we okatmagyň iň täze tehnologiýalaryndan peýdalanmak zerurdyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň amal edýän öňdengörüjilikli syýasatynyň esasy maksady ilatymyzy ýaşaýyş derejesi boýunça ösen döwletleriň hataryna goşmakdan ybarat. Döwletiň üstünlikli öňegidişligi ylmyň we bilimiň ösüş derejesi bilen kesgitlenýär. Sebäbi ylmyň we bilimiň her bir döwletiň ösmegi üçin egsilmez güýçdügi ikuçsuzdyr. Bu hakykaty göz öňünde tutup, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň orta, ýörite orta, ýokary okuw mekdeplerine sanly bilimi ornaşdyrmak ugrunda giň möçberli işleri alyp barýar.

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde köpsanly çagalar baglary, orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleri gurulýar, olar häzirki zamanyň ösen innowasion enjamlary we tehnologiýalary bilen üpjün edilýär. Bilim edaralarynyň her biri okatmagyň iň bir öňdebaryjy tehnologiýalary - täze kompýuterler, dürli okuw-usulyýet enjamlary, bütindünýä habarlar ulgamyna birikdirilen internet ulgamly okuw otaglary bilen enjamlaşdyrylandyr. Elbetde, bu zatlar täzelenişi we döredijilikli ösüşi işjeňleşdiriji güýç hasaplanýan sanly bilimi ornaşdyrmak işini çaltlandyrmaga oňyn täsir edýär. Bu beýik ädimler ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk infrastrukturasyny ösdürmegiň we il-ýurt hem-de bütindünýä ähmiýetli ylmy açyşlary etmäge ukyply hünärmenleriň taýýarlanylmagynyň ýokary derejesini üpjün edýär. Şeýle hünärmenler bolup ýetişmek düýpli ylmy, syýasy we hukuk taýdan ýokary medeniýeti, ösen dünýägaraýşy talap edýär.

Berkarar döwletimizde yglan edilen 2026-njy — Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýylynda hem ýaşlarymyzyň dünýä derejesinde bilimli, ylymly nesiller bolup ýetişmegi we häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna mynasyp goşandyny goşmagy üçin ähli şertler döredilýär. Şeýle-de, hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda biziň ýaşlarymyz daşary ýurtlaryň meşhur ýokary okuw mekdeplerinde bilim alyp, öz kärine ussat hünärmenler bolup ýetişýärler. Halkymyzyň özboluşlylygyny we milli aýratynlyklaryny hasaba almak bilen orta, orta hünärment we ýokary okuw mekdeplerini döretmek baradaky garaýyşlar işjeň durmuşa ornaşdyrylýar, okuwçylary watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça möhüm ähmiýetli pedagogik-terbiýeçilik işleri geçirilýär. Şeýlelikde, bilim berilýän ýaş nesilleriň şahsyýet hökmünde we durmuş taýdan kämilleşmegi ugrunda meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Bularyň ählisi orta we ýokary okuw mekdeplerimizde bilimiň mazmunyny kämilleşdirmäge oňyn täsirini ýetirip, häzirki zaman bilim derejeli täze nesliň kemala gelmegini, olaryň dünýäniň habarlar we medeni giňişligine goşulyşmagyny üpjün edýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ata Watanymyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan başlangyçlar özüniň ajaýyp netijeleri bilen meşhurlyga eýe bolýar. Milli bilim ulgamymyzyň dünýäniň bilim giňişligine goşulyşmagy häzirki wagtda hünärmenleri taýýarlamak üçin täze ugurlary we wezipeleri kesgitledi. Olaryň hatarynda häzirki zaman hünärmeniniň zähmet bazaryndaky bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we halkara ölçeglerine laýyk hünär derejesini ele almak wezipesi bar. Şunuň bilen baglylykda, jemgyýetiň maglumatlaşmagy şertlerinde ýokary hünär başarnygyna ukyply hünärmenleri taýýarlamagyň möhüm şerti hökmünde daşary ýurt dillerini öwretmek meselesine hem aýratyn üns bermek zerur bolup durýar.

Goý, ýurdumyzyň bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak arkaly innowasion usulyýetleri ornaşdyrmaga giň ýol açan, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerini dünýäniň öňdebaryjy, kämil innowasion tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleri mundan beýläk-de rowaç alsyn!

Ogulkeýik ANNAMUHAMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Endokrinologiýa kafedrasynyň müdiri.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.