EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGY – TEBIGATYŇ SAZLAŞYGY
28-10-25
Tebigatyň özündäki baýlyklary galyndysyz, ýagny aýlanyşyk usulynda ulanmagy ynsan üçin nusgalyk sapakdyr. Ekologlar durmuşda hem tebigy aýlanyşyk usulyny saklamagy maslahat berýärler. Uzak ýyllaryň dowamynda ata-babalarymyz hem tebigatda bolup geçýän hadysalary synlap, olardan degişli netije çykarmagy başarypdyrlar. Öz ýaşaýyş-durmuşlarynda, ekerançylyk medeniýetinde tebigatda synlap-seljerenlerinden ýerlikli peýdalanypdyrlar. Topragyň, suwuň, ekiniň ýagdaýyna anyk baha berip bilipdirler. Tebigat bilen galtaşýan gatnaşyklaryň ählisinden dogry many çykarmagy öwrenipdirler. Tebigatyň diňe bir howany tämizlemän, eýsem, ruhuňy hem täzeleýändigine, bedeniňe sagdynlyk berýändigine, hatda tebigatyň ynsanyň käbir häsiýetleriniň kemala gelmegine hem täsirini ýetirýändigine ünsi çekipdirler.
Adamzadyň bütin ýaşaýşyna we durmuşynyň gözelligine zeper ýetirmezlik üçin tebigaty söýmek, oňa aýawly garamak möhüm bolup durýar. Bu gün tebigat dünýäniň halklarynyň özi babatynda bir deň gopmagyny, özara düşünişmeklerini talap edýär. Ekologiýa sazlaşygyny saklamaga Türkmenistan mydama dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekip gelýär, döwletimiziň bu ugurdaky oňyn başlangyçlarydyr teklipleri giň goldawa eýe bolýar. Türkmenistan ekologiýa arassalygy we daşky gurşawy goramak babatynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen konwensiýalara, maksatnamalara hem-de taslamalara işjeň gatnaşýar. Bereketli topragymyzyň hasyllylygyny artdyrmak, ähli baýlyklaryny gorap saklamak döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksadyna öwrüldi.
Daşky gurşawy goramak babatda halkara derejesinde goşulyşmak hem-de özara peýdaly hyzmatdaşlyk etmek döwletimiziň ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolmagynda galýar. Biziň ýurdumyz giň möçberli ekologiýa meselelerini çözmäge ýardam edýän oňyn hyzmatdaşlyk üçin hiç hili serhediň ýokdugyny iş ýüzünde subut edip gelýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işlerinde hem ekotalaplar berjaý edilýär. Şäherleriň we şäherçeleriň gurluşyklarynda hem ekologiýa meseleleri ünsden düşürilmeýär. Täze, döwrebap şäheriň - Arkadag şäheriniň Köpetdagyň eteginde gurulan, bu künjegiň tebigy gözelligini gorap saklamak maksady bilen, onuň gurluşygynda “ýaşyl” tehnologiýalaryň giňden ulanylandygy hem-de ulanylýandygy muňa aýdyň mysaldyr. Ýaşyl zolaklara beslenýän täze şäher ekologiýa abadançylygynyň nusgasyna öwrüldi.
Daşky gurşawyň baý biologiki we genetiki serişdelerini goramak hem-de dikeltmek, asyrlaryň dowamynda döredilen özboluşly ekologiýa ulgamlaryny - Garagumuň çöllük zolaklaryny, Hazaryň deňiz gurşawyny, Köpetdagyň dag gerişlerini, Amyderýanyň kenar ýakasyndaky çäkleri gorap saklamak boýunça milli strategiýa işlenilip taýýarlanyldy hem-de üstünlikli ýerine ýetirilýär. Döwlet syýasatynda tutuş jemgyýetimiziň saglygynyň tebigy baýlyklardan peýdalanyp bilşimize baglydygy hem berk göz öňünde tutulýar.
Bereketli türkmen topragymyzyň baý tebigaty bar. Tebigatymyzyň köpdürlüligi bilen tapawutlanýan haýwanat we ösümlik dünýäsi özboluşly gymmatly hazynamyz bolmagynda galýar. Tebigatyň täsin gudraty bilen dörän daglaryň jana ýakymly, hoştap howasyndan dem almak, gör, neneň ajaýyp! Dag, çöl, derýa, düzlükdir dereler tebigatyň adamzada eçilen ummasyz baýlygydyr. Onuň döreden her bir janly-jandary daşky gözellige özboluşly bezeg berýär. Daglaryň kert gaýalarynda, çuň jülgelerinde ýaşaýan dag goçlary we burma şahly tekeleri tebigatymyzyň gözelligine has hem gözellik goşýar.
Ekologiýa howpsuzlygy babatda bilimleri almak, ýaýratmak ekologiýa taýdan terbiýeleýiş we bilim beriş ulgamlarynda yzygiderli, toplumlaýyn amala aşyrylýar hem-de döwlet tarapyndan goldanylýar. Bu babatda bilim bermek ulgamynda ekologiýa howpsuzlygynyň esaslaryny okatmak ekologiýa howpsuzlygynyň umumy we ýörite meselelerini okuw mekdepleriniň ähli derejeleriniň okuw maksatnamalaryna we meýilnamalaryna goşmak arkaly amala aşyrylýar. Ekologiýa howpsuzlygy babatda hünärmenleri taýýarlamak orta we ýokary hünär bilimi edaralarynda, şeýle hem işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyryş we olary gaýtadan taýýarlaýyş edaralarynda amala aşyrylýar.
Bilşimiz ýaly, mähriban topragymyzyň tebigy baýlyklaryny we köpdürlüligini artdyrmaga we gorap saklamaga gönükdirilen netijeli çäreleriň geçirilmegi arkaly Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň düýpli we öňdengörüji syýasaty netijesinde amala aşyrylýan giň möçberli işler Watanymyzyň gülläp ösmeginiň kepilidir. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda peder ýoluny dowam etdirýän hormatly Pezidentimiziň ýurdumyzda döwrebap we kämil ekologik medeniýeti kemala getirmekde we ösdürmekde alyp barýan işleri ýaş nesillerde ata-babalarymyz tarapyndan müňýyllyklaryň dowamynda goralyp gelnen bereketli türkmen topragymyzyň ajaýyplygyny, gözelligini gorap saklamaga bolan ýokary jogapkärçilik duýgularyny terbiýelemäge mümkinçilik berýär.
Wladimir GURBANOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kliniki farmakologiýa okuwly gospital terapiýa kafedrasynyň assistenti.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.