TUTUŞ ADAMZADYŇ BÄHBIDINE GÖNÜKDIRILEN ÝÖRELGELER
01-12-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäniň syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine üstünlikli goşulmak bilen, baý ylalaşdyryjylyk we döredijilik kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi parahatçylygyň we howpsuzlygyň, dostlugyň we hoşniýetli gatnaşyklaryň, özara düşünişmegiň, belent maksatlaryň we ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dabaralanmagynyň aýdyň nyşanydyr. Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz bütin dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy, ösüşi kepillendirýän başlangyçlary öňe sürüp, halkara abraýyny berkidip, Ýer ýüzündäki döwletler we halklar bilen hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrýar. Bu günki günde ýurdumyzyň hoşniýetli daşary syýasaty dünýäde giňden goldanylýar, halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýoly wagyz edilýär.
Ýurdumyzyň daşary syýasaty oňyn Bitaraplyk ýörelgelerinden ugur alyp, üstünlikli amala aşyrylýar. Hut, şonuň üçin hem, ýurdumyzyň halkara giňişligindäki üstünligi ýylsaýyn artýar. Hemişelik Bitarap döwletimiziň başlangyçlarynyň dünýäde giňden goldanylýandygy hem bellärliklidir. Häzirki wagtda dünýäniň ählumumy ösüşi parahatçylyk bilen berk baglanyşyklydyr. Çünki parahatçylyk durnukly ösüşiň, abadançylygyň we howpsuzlygyň berk binýady bolup durýar. Döwletimiz dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde parahatçylygyň, howpsuzlygyň, ösüşiň gazanylmagy ugrunda elmydama täze başlangyçlar bilen çykyş edýär hem-de ählumumy ösüşiň möhüm meselelerini çözmekde hemişelik Bitaraplyk syýasatyndan ugur alýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ata Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä doldurjak beýik işler durmuşa geçirilýär. Dost-doganlyk gatnaşyklaryny saklamak, ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur almak halkymyza mahsus häsiýetlerdir. Ata-babalarymyzdan gelýän şeýle ajaýyp ýörelgeler häzirki wagtda has-da rowaçlanýar. Dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Munuň özi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy bilen baglanyşyklydyr. Şeýle hem parahatçylyk söýüjilik ýoluny ösdürmek, durnuklylygy üpjün etmek, Durnukly ösüş boýunça ählumumy meseleleri çözmek ýaly möhüm ugurlary kesgitleýär. Berkarar döwletimiziň çar tarapa uzaýan dostluk ýollary bagtyýarlygyň, rowaçlygyň, ösüşleriň ýoly bolup dabaralanýar.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň binýatlyk häsiýetleri parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik ýörelgelerinden gözbaş alýar. Ýurdumyz beýik taglymaty dünýäde wagyz etmek bilen bir hatarda umumadamzat bähbitli başlangyçlary hem öňe sürýär. Bularyň ählisi hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämizden gözbaş alýar. Türkmenistan bu gün hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda dünýäde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, şeýle hem bütin Ýer ýüzüniň halklarynyň abadançylygyny gorap saklamak we berkitmek ugrunda hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýýar. Bu bolsa Bitarap döwletimiziň alyp barýan daşary we içeri syýasatynyň dabaralanmasydyr.
Ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini dabaralandyrmak döwletimiziň oňyn bitaraplyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bitaraplyk syýasaty meseleleriň döremeginiň öňüni almak we bu ugurda bilelikde hereket etmek, gepleşikleri geçirmek, döwletleriň arasynda ynanyşmak hem-de hyzmatdaşlyk ýagdaýyny berkitmek, parahatçylygy ýola goýmak ýaly işleri durmuşa geçirmek bilen berk baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, bütin dünýäde hem “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi göwnümizi galkyndyrýar.
Ýurduň ösüşi, halkyň bagtyýar durmuşy üçin uly ähmiýetli wezipeleriň üstünlikli çözülmegi, halkara gatnaşyklarda gazanylýan netijeler ýurdumyzyň şan-şöhratyny has-da belende göterýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi dünýäde iki gezek ykrar edildi. Oňyn Bitaraplyk syýasaty ähli adamzadyň bähbidine gönükdirilen gymmatlykdyr. Munuň özi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň dünýä ýüzünde halkara abraýynyň has-da belent derejelere eýe bolmagydyr. Halklaryň arasyndaky dost-doganlygy ösdürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Polat ŞAGULYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň çaga hirurgiki stomatologiýasy kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.