Türkmenistanyň Prezidenti «Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygyny kabul etdi

28-02-25

27-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawidi kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň ähli ulgamlarda, şol sanda halkara giňişlikde gazanýan üstünlikleriniň ähmiýetini belledi. Şeýle hem ol ak mermerli Aşgabadyň gözel keşbiniň özünde ýakymly täsirleri galdyrandygyny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistany dünýäde giňden tanatmak boýunça dürli ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we halkara media agentlikleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Şunda Ýewropanyň öňdebaryjy media düzümi bolan «Euronews» telekompaniýasy bilen ençeme ýyllaryň dowamynda alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň medeni we taryhy mirasyny dünýä tanatmak, syýahatçylygy ösdürmek ýaly ugurlarda «Euronews» bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri barada aýratyn belläp geçdi. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň baý milli medeni mirasy we taryhy ýadygärlikleri bar. Türkmenistan dünýäniň iň gadymy medeni merkezleriniň biri bolup, häzirki wagtda syýahatçylyk üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Ýurdumyz diňe bir taryhy ýadygärliklere däl, eýsem, tebigy gözelliklere hem baýdyr. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy, Köpetdagyň dag etekleri, Garagum sährasy syýahatçylyk babatda uly artykmaçlyklara eýedir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Euronews» telekompaniýasynyň ýörite gepleşiklerinde Türkmenistan barada degişli wideofilmleriň görkezilýändigini belledi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Şeýle hem şu ýyl biz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny giňden belläp geçeris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Pedro Wargas Dawidi 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna çagyrdy hem-de onuň halkara foruma gatnaşmagynyň çäräniň üstünlikli geçmegine uly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri, özara hyzmatdaşlygyň çäklerinde ozal ýerine ýetirilen we geljekde göz öňünde tutulýan taslamalar barada-da pikir alşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň geljekde-de «Euronews» telekompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklap, Pedro Wargas Dawide jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

16ad83fb379c4c.jpeg
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara

Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.


16ad6fa4da7485.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

19-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.


16ad5a26903a16.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy

15-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady.


16ad59f8d7c8bd.jpeg
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy

16-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynda Biodürlülik baradaky maslahatyň çäklerinde geçirilen Liderler sammitine gatnaşdy.


16ad59ba2d9fa7.jpeg
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

17-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygy mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.