Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen

28-10-25

Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerde ýerleşendigi sebäpli, onuň üstünden ençeme ýüz ýyllap Beýik Ýüpek ýoly geçipdir. Ol Gündogar bilen Günbataryň arasynda ykdysady hem medeni köpri bolmak bilen birlikde, syýasy, ykdysady we medeni babatlarda döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda örän uly ähmiýete eýe bolupdyr. Şeýle hem Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ençeme galalaryň peýda bolmagyna öz täsirini ýetiripdir. Bu ýoluň Watanymyzyň üstünden geçmegi baý medeni mirasymyzyň we ruhy gymmatlyklarymyzyň pajarlap ösmeginde uly hyzmaty ýerine ýetiripdir. Türkmenistanda ylmyň ähli pudaklary boýunça yzygiderli geçirilýän halkara ylmy-amaly maslahatlar gadymy döwürlerde hem «ylmyň ojagy» hasaplanylan Türkmenistany dünýä ylmy jemgyýetçiliginiň üns merkezine öwürdi.

Türkmenler iň gadymy halklaryň biri hasaplanýar. Şeýle hem, türkmenler dünýä medeniýetine, ylmyň ösmegine saldamly goşant goşan halk hökmünde giňden tanalýar. Munuň şeýledigini ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni, arheologik ýadygärlikler doly tassyklaýar. Häzirki eşretli zamanamyzda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän gadymy hem orta asyr ýadygärliklerinde, taryhy muzeýlerde saklanýan, halkymyzyň geçmiş ýolundan söz açýan gymmatlyklary göreniňde, şeýle genji-hazynalarymyzy her bir raýatymyzyň görüp, synlap, olar barada gymmatly maglumatlary alyp bilmekleri üçin döredilýän mümkinçilikler göwnüňi göterýär.

Türkmenistan taryhy-medeni ýadygärliklere baý ýurtlaryň biri hasaplanýar. Medeni ýadygärlikleriň has gadymy döwürlere degişlileri-de bar. Orta asyrlarda gurlan binalar özboluşly gurluş äheňi, binagärlik aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde taryhy-medeni ýadygärlik toplumlarynyň ençemesi ýerleşýär. Dehistan, Nusaý, Amul, Merw ýadygärlikler toplumlarynda bina gurmagyň täsin nusgalaryny görmek bolýar. Aýratyn hem Maşat ata, Togalakdepe, Goňurdepe, Mansurdepe, Namazgadepe, Altyndepe ýaly taryhy-medeni ýadygärliklerden tapylan taryhy tapyndylar özüniň gaýtalanmajak gurluşy bilen akylyňy haýran edýär. Mundan başga-da, Yzmykşir, Köneürgenç, Ysmamyt ata, Seýitjemaleddin metjidi, Sarahs galasy, Soltan Sanjaryň kümmeti ýaly başga-da bimäçe taryhy-medeni binalar Türkmenistanyň taryhy ýadygärliklere baý mekandygyny subut edýär.

Ýadygärlik binalaryň arhitektura gurluşy we ol ýerlerden tapylan tapyndylar biziň ata-babalarymyzyň sowatly, medeniýetli halk bolandygyny doly subut edýär. Şu ýerde ýene-de bir hakykaty aýdyp geçmek ýerlikli bolar. Ol hem her bir taryhy ýadygärlik bilen baglanyşykly ençeme rowaýatlaryň döränligidir. Nesilden-nesle geçip, biziň günlerimize çenli saklanyp galan ol rowaýatlar geljegimiz bolan ýaşlary terbiýelemekde diýseň uly ähmiýete eýedir. Ol rowaýatlar Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitaplarynda örän gyzykly beýan edilýär.

Gadymy türkmen alymlarynyň, şol sanda nusaýly, merwli, köneürgençli alymlaryň nesillere goýan ylmy-medeni mirasyny öwrenmegiň zerurdygy nazarda tutulyp, ýurdumyz tarapyndan aýratyn işler alnyp barylýar. Gahryman Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, aýratyn hem, şol ylmy-medeni ojaklarda zähmet çeken, kemala gelen alymlaryň ömrüniň, döredijiliginiň, ylym äleminde ýeten derejeleriniň bu günki ýaş türkmen alymlaryna nusgalyk mekdep bolmalydygyna ünsi çekýär. Beýik medeniýetiň, ylmyň gadymy mekany bolan ýurdumyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýäni aňk edýän şäher gurluşygy amala aşyrylýar. Taryhyny aýap, geljegini gözellikden bina edýän halkymyz eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Ençeme akyldarlar, alymlardyr ýagşyzadalar ýaşap geçen gadymy türkmen topragyny, türkmeniň şöhratly geçmiş taryhyny düýpli öwrenmek babatda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwletli işleri üstünliklere beslensin!

Döwletmyrat DÖWLETOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Mikrobiologiýa kafedrasynyň mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.