TÜRKMEN HALKYNYŇ HOŞNIÝETLILIK HEM-DE PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIK ÝÖRELGESI DABARALANÝAR
29-11-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesini wagyz etmek, dünýä ýaýmak we ýaş nesillere öwretmek asylly ýörelgedir. Hemişelik Bitaraplyk ýörelgesi we parahatçylyk bir-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 185 döwletiň biragyzdan goldamagy bilen Türkmenistana hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy berildi. Şondan bäri ata Watanymyz öz üstüne alan borçlaryna ygrarly bolmagyň nusgasyny görkezip gelýär, parahatçylyga, dost-doganlyga, özara peýdaly hyzmatdaşlyga esaslanyp, ösüş ýoly bilen öňe barýar.
Häzirki ajaýyp döwrümizde baky Bitarap Watanymyzyň dünýädäki abraýy barha artýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasaty barha ilerläp, abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm bölekleri, dostlukly goňşy döwletler bilen özara hyzmatdaşlygyň işjeňleşmegi bilen, ýurdumyzy okgunly ösdürmäge ýardam edýän özgertmeler, ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy 2015-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ikinji gezek ykrar edildi. Bu işleriň özeninde dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak we ykdysady durnuklylygy üpjün etmek boýunça tagallalar durýar. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistan netijeli sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen işleri üstünlikli durmuşa geçirýär. Eziz Diýarymyz ösen döwletleriň hataryndaky ornuny pugtalandyrmak bilen, özüniň ykdysady, serişde we önümçilik kuwwatlyklaryny ulanyp, halkara gatnaşyklaryň gerimini giňeldýär.
Türkmen halkynyň hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik ýörelgesiniň taryhy kökleri asyrlaryň jümmüşinden gaýdýar. Iki sany uly yklymyň - Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda ýerleşen Türkmenistan asyrlaryň hem-de müňýyllyklaryň sepgidinde asudalygyň we durnuklylygyň gyşarnyksyz utgaşmagy bilen tapawutlanýan ýörelgäniň özboluşly nusgasyny dünýä aýan edýär. Medeni we ruhy aýratynlyklar döwletimiziň daşary syýasat ugrunyň mazmunyny düzýär. Türkmenistanyň başlangyçlary boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalaryň birnäçesi, şol sanda “2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”, “Merkezi Aziýa - parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy”, “Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama” atly Kararnamalar hem munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Ýurdumyz häzirki döwründe barha gülläp ösýär, halkara abraýy artýar, halkymyz erkana durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary durmuşa geçirmegiň, halkara gatnaşyklarynda wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň we olary çözmegiň möhüm serişdesi hökmünde garalýar. Şu ýyl mähriban halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygyny, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyny hem beýik ösüşler, il abadançylygy bilen halkara derejesinde dabaralandyryp, uludan toýlar. Bularyň ählisi eziz ildeşlerimizi täze döredijilik üstünliklerine, zähmet ýeňşine ruhlandyrýar. Çünki şanly baýramlara zähmet üstünlikleri bilen barmak, ösüşlere mynasyp goşant goşmak asylly ýörelgämize öwrüldi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durmuşa ornaşdyrylýan beýik işler halk bähbitliligi, şeýle hem umumadamzat ähmiýetliligi bilen aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Şonuň üçin hem Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň merkezi hökmünde ykrar edilýär. Şunda hemişelik Bitarap Türkmenistan howpsuzlygyň berkemegine, döwletara gatnaşyklaryň ösmegine, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň pugtalanmagyna uly ýardam edýär. Şeýle ajaýyp zamanany, berkararlygy, bagtyýarlygy peşgeş edip, halkyny bagtly durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Maýa MYRADOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kadaly fiziologiýa kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň doktory.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.