Dil bilen dünýäni gezer
29-04-25
Sanly bilim ulgamy, dünýä dilleriniň giňden öwrenilmegi bu beýik işleriň aýdyň mysallarydyr. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde biz ýaşlara dünýä dillerini öwrenmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Çünki dil kämillikdir, giň dünýägaraýyşdyr. Islendik halkyň dilini öwrenmek bilen bir hatarda, olaryň medeniýetini öwrenmäge hem mümkinçilik almak bolýar. Şonuň üçin hem dil öwrenmegi «dostluk köprüsi» diýip atlandyrýarlar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz ýaşlara dilleri öwrenmekde, şeýle hem kämil hünärmenler bolup ýetişmegimizde uly işleriň alnyp barylýandygyny aýratyn bellemelidiris. Ýurdumyzyň ösüşlerine uly goşant goşjak biz ýaşlary kämil edip ýetişdirmek bu günki günüň möhüm ugurlary bolup durýar. Şonuň üçin hem bilim öwrenmegiň iň täze usullary, netijeli görnüşleri işlenip taýýarlanylýar. Esasan hem, dil öwretmekde, dünýä dillerini özleşdirmekde dürli usullar işlenip taýýarlanylýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň bilim ulgamynda daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny, ony öwretmegiň okuw-usulyýet binýadyny döwrebaplaşdyryp, ýaş nesliň dil biliminiň ösdürilmegine itergi berýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Açyk gapylar» syýasaty netijesinde daşary döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň institutymyzda bolup, türkmen talyplaryna dünýä dillerini öwretmeklerini buýsanç bilen agzap bileris. Munuň özi talyp ýaşlaryň dünýä dillerini çuňňur öwrenip, özleşdirmeginde, erkin gürläp bilmeginde örän ähmiýetlidir.
Talyp ýaşlaryň dünýä dillerini çalt öwrenip, söz baýlygyny artdyrmaklary üçin, ilkinji nobatda, olaryň arasynda sözleýiş diliniň köp ulanylmagyna üns berilýär. Geçilýän sapaklarda talyplaryň biri-birleri bilen sorag-jogap alyşmaklary, görkezme esbaplaryndan, wideoýazgylardan peýdalanylmagy, dünýä dillerinde ýazylan kiçi göwrümli eserleriň terjime edilmegi, dürli sahna oýunlarynyň ýerine ýetirilmegi sözleýiş diliniň ösdürilmeginde örän ähmiýetlidir. Bu babatda häzirki wagtda sanly bilim ulgamynyň, döwrebap tehnologiýalaryň hyzmatyndan giňden peýdalanylýar. Ýeri gelende aýtsak, daşary ýurt dillerini öwrenýän talyp ýaşlar bilen milli Liderimiziň jöwher paýhasyndan dörän, dünýä dilleriniň ençemesine terjime edilen ajaýyp kitaplary esasynda çeper okaýyşlary, döredijilik duşuşyklaryny yzygiderli geçirilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitap gymmatly gollanma hökmünde her birimiziň ýankitabymyza öwrüldi. Onda «Dil bilen dünýäni gezer», «Kitap okamaýan bir dili biler, kitap okaýan kän dili biler» diýen dana pähimler bar. Hakykatdan-da, daşary ýurt dillerini öwrenmek bilen ýaşlar dünýäni gezmäge, dürli dillerde ýazylan eserleri okamaga mümkinçilik tapýarlar.
Mähriban Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş eden, baý ruhy mirasymyzdan söz açýan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eserinde bolsa, dil bilmek düşünjesiniň diňe bir gaýry halklaryň dilini bilmek däl-de, eýsem, sözden many almagy, pikiriň çuňlugyna düşünmegi, söz manysyny tirmegi aňladýandygy barada aýdylýar. Bu düşünjelerden ugur alyp biz talyp ýaşlar, geljekde daşary ýurt dillerini bilýän, ýurdumyzyň şan-şöhratyny, abraý-mertebesini dünýä ýaýjak hünärmenler bolup ýetişmelidiris.
Biz bilim işgäreri ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli bolmaklary üçin ýurdumyzda döredilýän ähli mümkinçiliklere buýsanýarys. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda amala aşyrylýan işleriň ählisi bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Şeýle mümikinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Gahryman Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähimýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Ogulgeldi ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyñ Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa kafedrasynyň uly mugallymy.
BILIM ULGAMY ÖSDÜRILÝÄR
Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýleki ulgamlar bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamy hem ösüşlerden-ösüşlere, öňe gidişliklere beslenýär.Ýaş neslimiziň beden we ruhy taýdan has kämil bolmagy üçin köp işler amala aşyrylýar.
Watanymyzyň rowaçlygynyň we ählumumy abadançylygyň bähbidine strategik hyzmatdaşlyk
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna iş sapary tamamlandy
22-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygyna gatnaşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy
19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.