Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan geljegidir

01-12-25

Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasly başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça uly ösüşler gazanylýar, eziz Watanymyzyň dünýädäki abraýy barha artýar. Hemişelik Bitarap döwletimiziň öňe süren başlangyjy esasynda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi dünýä ýüzünde ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi berkitmek ugrundaky tagallalarymyzyň rowaçlanýandygyny tassyklaýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň Birleşen Milletler Guramasynyň taryhy Kararnamalary bilen iki gezek tassyklanmagy ýurdumyzyň hoşniýetli ýörelgelere esaslanýan daşary syýasatynyň gyzgyn goldanylýandygyny görkezýär.

Türkmenistan dünýä döwletleri bilen parahatsöýüjilik syýasaty alyp barmakda, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmakda möhüm strategiýany durmuşa geçirýär. Şöhratly taryhymyza ser salsak, ata-babalarymyzyň agzybirlik, jebislik, parahatçylyk ýaly asylly ýörelgeleri ýürek telwasy bolupdyr. Gahryman Arkadagymyz “Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly ajaýyp şygrynda “Adamzadyň arzuwy abatlyga telwasdyr!” diýip belleýär. Eziz Diýarymyzyň asudalygyna, abadançylygyna, parahat durmuşyň gymmatyna has aýdyň göz ýetirip, çagalaryň bagtyýarlygyna tüýs ýürekden buýsanýarsyň.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda beýik özgertmeleriň, okgunly ösüşleriň ak ýolunda ynamly öňe barýan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi döwletleriň hem-de milletleriň arasynda özara düşünişmegi, netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze mümkinçiliklere ýol açýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy dünýäniň ähli döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmegine ýardam etmek ýaly ýörelgelere eýerýär. Ata-babalarymyz asyrlarboýy parahatçylyga uly hormat goýup, ony iň möhüm gymmatlyklaryň biri hökmünde kabul edipdirler. Merdana pederlerimiziň asylly ýörelgeleri häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp ösdürilýär.

Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan geljegini üpjün etmek ugrunda biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly gymmatly düşünjeler bolup, olar häzirki wagtda döwletleriň we halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş ýörelgesine öwrülýär. Türkmenistan “Dialog - parahatçylygyň kepili” taglymatyndan ugur alyp, halkara gatnaşyklaryň parahatçylykly ýol bilen ösdürilmegine, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine uly goşant goşýar.

Ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň wise-başlyklygyna saýlanylmagy, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” hem-de “Merkezi Aziýa - parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi halkara jemgyýetçiliginiň ýurdumyza bildirýän ynamyny, hormatly Prezidentimiziň daşary syýasat strategiýasynyň, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine gönükdirilen tagallalarynyň hem-de özara bähbitli oýlanyşykly başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenýändigini tassyklaýar.

Ýurdumyzyň daşary syýasatyndan gelip çykýan hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary oňyn Bitaraplygyň, parahatçylyk söýüjiligiň binýatlyk esasy bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy, hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz aladasy bilen diňe bir halkymyzyň bagtyýarlygyny, ýurdumyzyň asudalygyny üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, umumadamzat bähbitli asylly başlangyçlar durmuşa geçirilýär. Ata-babalarymyzyň oňyn ýörelgelerine eýerip, bütin ynsanyýetiň bähbidine gönükdirilen asylly başlangyçlary öňe sürmekde we olary durmuşa geçirmekde dünýä ýüzüne görelde görkezýän döwletimiziň halkara abraýy barha artýar. Watanymyzy dost-doganlygyň hem-de bagtyýar durmuşyň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Maral GURBANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Maşgala lukmançylygy boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasynyň assistenti.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.