BILIM ULGAMY DÖWREBAPLAŞÝAR

03-01-26

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallasy bilen, ýurdumyzda ýaş nesli hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmek babatda ähli mümkinçilikler döredilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilimli, ýokary aňdüşünjeli, giň dünýägaraýyşly ýaşlaryň kemala gelmegi, dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim almagy üçin milli bilim ulgamynda döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar. Islendik döwletiň, jemgyýetiň ösüşi kämil ylym-bilim ulgamyny döretmek bilen berk baglanyşyklydyr. Döwrüň öňe sürýän talaplaryna laýyklykda sanly bilim konsepsiýasy häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginde uly seslenme döredýän meseleleriň biridir. Dünýäniň globallaşýan döwründe bilim ulgamy hem tehnologiýanyň ösüşleri bilen aýakdaş galkynýar. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň bilim ulgamynda hem dünýä tejribesine we milli ýörelgelerimize laýyklykda ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar, belent sepgitlere ýetilýär.

Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň netijesinde, bilim ulgamyna sanly tehnologiýalary we innowasion özgertmeleri ornaşdyrmak işi barha giň gerime eýe bolýar. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» esasy maksady ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekden, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakdan, hilini ýokarlandyrmakdan we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekden ybaratdyr. Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ýakyn we orta geljek üçin ileri tutulýan ugurlaryny kesgitläp, innowasiýalaryň döwletiň ähli pudaklarynyň ösüşiniň özeni bolmalydygyny nygtaýar. Milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda, okuw maksatnamalarynyň, kitaplaryň hem-de gollanmalaryň mazmuny we ylmy-usulyýet ugurlary kämilleşdirilýär. Sanly bilim ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Ol elektron maglumat binýadynyň ähli ugurlarynyň üpjünçiligini öz içine alýar.

Döwlet Baştutanynyň Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» tassyklanyldy. Bu Konsepsiýa sanly tehnologiýalaryň we innowasion usulyýetleriň mümkinçilikleriniň peýdalanylmagyny nazarlaýar. On iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň hem-de tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň konsepsiýasynda göz öňünde tutulan wezipelere laýyklykda, bilim hem-de terbiýeçilik işlerine okatmagyň öňdebaryjy usullary, ylmyň gazananlary, innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Bilim edaralarynyň resmi web-saýtlaryny we elektron resminama dolanyşygy ulgamyny döretmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Ýurduň okuw mekdepleri kompýuter tehnologiýalary, barlaghana enjamlary, multimediýa we lingafon gurnamalary bilen üpjün edilýär hem-de internet ulgamyna birikdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz bilimi döwrebaplaşdyrmakda we beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy ugurdaş merkezleri bilen yzygiderli maglumat alşylmagyny ýola goýmakda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň wajypdygyny nygtaýar. Bilim ulgamyna dünýä standartlaryny yzygiderli ornaşdyrýan Türkmenistan ynsanperwerlik ugry boýunça BMG we onuň ÝUNISEF, UNFPA, UNDP, ÝUNESKO ýaly düzümleri bilen özara gatnaşyklary ösdürýär. «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» amala aşyrmagyň çäklerinde, ähli pudaklary we olara döwlet tarapyndan dolandyryşy tehnologik taýdan kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyzyň bilim ulgamynda durmuşa geçirýän syýasaty hem-de sagdyn, hemmetaraplaýyn ösen, bilimli ýaş nesli terbiýelemek boýunça geçirilýän giň gerimli işler oňat netijesini berýär. Milli we abraýly halkara olimpiadalarda baýrakly orunlara mynasyp bolýan ýaşlaryň sany ýylsaýyn artýar. Häzirki döwürde sanly ulgam durmuşymyza işjeň ornaşýar.

Munuň özi Gahryman Prezidentimizň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady ösüşleriniň belent derejelere eýedigini, ösüşlerimiziň dowamat dowam bolýandygyny aýdyň beýan edýär. Islendik işe paýhasly, ylym-bilimli, döwrebap garaýyşlar bilen çemeleşmek onuň netijeliliginiň kepili bolup çykyş edýär.  Bu ugur­da san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň gazanan­la­ry­nyň ýur­du­myz­da or­naş­dy­rylma­gy­na uly äh­mi­ýet ber­ýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäk­siz ho­şal­ly­gy­my­zy bil­dir­ýä­ris.

Sonagül DÖWLETOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Endokrinologiýa kafedrasynyň assistenti.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.