ENE DILIM, ŞIRIN DILIM, ZYBANYM
12-03-25
Türkmen halkynyň şöhratly taryhynda ylym-bilim, edebiýat hem ösdürilipdir we gymmatly golýazma çeşmeleri miras galypdyr. Hut şeýle golýazma çeşmeleri, nusgawy edebiýatymyzyň gymmatly hazynasy ene dilimiziň baýlygydyr, çünki dil baýlyklary nusgawy edebiýatlarda, kitaplarda saklanýar, halkyň sözleýşinde ösýär, özgerýär. Ene dilimiz gadymy edebi dilleriň biridir. Ol müňýyllyklaryň dowamynda sözleýiş hem ýazuw dilleri görnüşlerinde hyzmat edip gelýär. Ata-babalarymyzyň pähim-paýhasy jemlenen müňlerçe atalar sözi, nakyllar, «Oguznama», «Gorkut ata», «Görogly» ýaly ajaýyp eposlar, dessanlar öz ene dilimizde gelip ýetipdir. Biziň Azady, Andalyp, Magtymguly, Kemine, Seýdi, Zelili, Mollanepes, Mätäji ýaly söz ussatlary tarapyndan nusgalyk derejesine ýetirilen baý ýazuw edebiýatymyz bar. Häzirki ajaýyp döwrümizde dilimiziň baýlyklaryny ýaş nesillere öwretmek milli terbiýäniň özeni bolup durýar.
Milli mirasymyzy, şöhratly taryhymyzy, ene dilimizi ylmy esasda öwrenmek we wagyz etmek edebiýatçylaryň, dilçi alymlaryň asylly ýörelgesine öwrüldi. Munuň özi ýaş nesillerimiziň ene dilimiziň baýlyklaryna düşünmeklerine, edebi dilde medeniýetli sözlemeklerine oňat ýardam edýär, çünki sözleýiş we sözleýiş medeniýeti adamyň lingwistik düşünjesiniň alamaty bolup durýar. Sözleýiş medeniýetiniň has kämil bolmagynda diliň baýlyklaryny, sözleriň manysyny kämil bilmek gerek bolýar. Munuň özi sözleýän adamynyň dil medeniýeti, lingwistik düşünjesi bilen pugta baglanyşykly bolýar. Sözleýän adam diliň söz baýlyklaryna, many-mazmunyna oňat düşünýän bolsa, ol pikirini beýan etmegiň kämil usulyny ulanyp bilýär.
Pähimdar pederlerimiziň nakyllarda, halk döredijiliginde, çeper eserlerde gözellik derejesine ýetiren dilimiziň söz baýlyklaryny ylmy esasda öwrenmäge giň mümkinçilikler bar. Häzirki döwürde dilimiz ylmy esasda öwrenilýär, ene dilimize aýratyn ähmiýet berilýär, ylmy kitaplar çap edilýär. Sözlükler dilimiziň söz baýlygyny özünde saklap, dürs ýazuwy öwrenmekde, sözleriň manysyna düşünmekde gymmatly çeşmedir. Şonuň üçin hem bu sözlükler dilçi alymlar üçin hem, şeýle-de giň okyjylar köpçüligi üçin hem ýakyn kitap bolup durýar. Ene dilimizi ylmy esasda öwrenmekde ylmy kitaplaryň yzygider çap edilip durulmagy diňe alymlary däl, eýsem, biziň her birimizi buýsandyrýar. Çünki dilimize bolan buýsanç şeýle kitaplary okamaga ruhlandyrýar. Bu bolsa her bir ynsanyň ene diline goýýan sarpasyndan nyşandyr.
Ene dilimizde diňe bir sözlänimizde däl-de, eýsem, ýazanymyzda hem sowatly ýazmak, sözleri manysyna görä beýan edip bilmek zerur bolup durýar. Şu ugurdan ýaş nesillere ýazuw kadalaryny, dilimiziň grammatikasyny öwretmek türkmen dilini okadýan mugallymlaryň esasy ugry bolmalydyr. Munuň üçin orta mekdeplerde türkmen dili sapaklarynda stilistika, leksikologiýa barada düşünje bermek ýola goýuldy. Bu sapaklaryň oňat özleşdirilmegi ýaşlaryň geljekki hünärine hem täsir edip biler, çünki geljekde öz hünärini beýan etmekde, ylmy işleri ýazmakda ýa-da döredijilikde ene dilimiziň ýazuw kadalary, stilistik normasy gerekdir. Şonuň üçin hem orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlara ene dilimize söýgi döretmek we ýazuw kadalaryny öwretmek baş maksadymyz bolup durýar.
Halkyň dili - bu halkyň ruhy baýlygy hasaplanýar. Çünki dil halkyň asyrlarboýy kämilleşdirip gelen gymmatly baýlygydyr. Iň esasy bolsa, dil halkyň dünýägaraýşynyň, milli medeniýetiniň ruhy gymmatlygydyr. Ene dilimizi ylmy esasda öwrenmek, geljek nesillere geçirmek asylly ýörelgedir. Ene dilimizi çuňňur bilýän watansöýüji ýaşlar biziň geljegimiz bolup durýar. Olar geljekki kämil hünärmenler, alymlar bolup, ýurdumyzyň ösüşlerine uly goşant goşarlar. Ene dilimizi öwrenmäge, ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Aýjeren KARAÝEWA,
Lebap welaýat Darganata etrabynyň 9-njy orta mekdebiniň 8-nji "A" synp okuwçysy.
Halypa mugallymy Şanäz MURADOWA,
Lebap welaýat Darganata etrabynyň 9-njy orta mekdebiniň biologiýa mugallymy.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.