SANLY BILIM ULGAMY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR
30-12-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durmuşa ornaşdyrylýan sanly bilim ulgamy ýaşlaryň dünýä derejesinde kämil hem-de ýokary derejede bilim almaklaryny doly derejede üpjün edýär. Bilim we ylym ulgamlarynyň sazlaşykly ösmeginde ýaş nesliň dünýä ölçeglerine laýyk derejede düýpli bilim almagynyň hem-de ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna mynasyp goşant goşmagynyň, dünýäniň ylym-bilim ulgamynyň gazananlaryndan habarly, kämil hünärmenler bolup ýetişmeginiň möhüm şertleriniň biri-de olaryň döwrebap maglumat tehnologiýalaryny öz hünär işinde işjeň hem-de netijeli ulanyp bilmegini gazanmakdan ybaratdyr. Bu babatda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” kabul edildi. Onuň durmuşa geçirilmegi, jemgyýetimiziň we döwletimiziň gülläp ösmeginiň bähbidine ykdysadyýete we beýleki ugurlara innowasion serişdeleri ornaşdyrmaga mümkinçilik berýär.
Mälim bolşy ýaly, Döwlet Baştutanymyzyň Ýaponiýa amala aşyran iş saparynyň çäklerinde, iki döwletiň arasynda maglumatlary alyşmak we hyzmatdaşlyk arkaly Türkmenistanda emeli aňy we sanly tehnologiýalary netijeli ulanmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Resminamada, hyzmatdaşlyk arkaly emeli aňy we sanly tehnologiýalary ulanmak boýunça taslamalary işläp düzmek, maglumat merkezi pudagyny ösdürmek, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek beýan edilýär.
Emeli aňdan peýdalanmagyň hemmeler üçin elýeterliligini üpjün etmek we sanly tehnologiýalaryň dünýä jemgyýetçiligine anyk peýda getirmegini gazanmak sanly ykdysadyýetiň ösüş depginini çaltlandyrmaga we adamlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga itergi berer.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda milli bilim we ylym ulgamynyň kämilleşdirilmegi, hususan-da, ýokary hünärli ýaş hünärmenleri, alymlaryň ýaş neslini taýýarlamagy, şeýle hem bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýär. Bilim babatdaky jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän, bilim ulgamynyň maksatlaryny, wezipelerini we onuň işini dolandyrmagyň tertibini kesgitleýän kanunlaryň kabul edilmegi, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ýörite orta, ýokary okuw mekdepleriniň gurlup ulanmaga berilmegi, olarda täze ugurlaryň girizilmegi, täze, ýokary hilli okuw kitaplarynyň taýýarlanylmagy we çap edilmegi, bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmak maksady bilen sanly bilim ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy bu babatda ädilen beýik ädimler boldy.
Sanly bilim ulgamy bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň maksatnamalaryny ýokary hilli elektron kitaplar, elektron seminarlar, şeýle-de uzak aralykdan bilim bermek ýaly degişli usullar esasynda kämilleşdirmek, internetiň mümkinçiliklerini bilim bermäge we bu ugurda ýakyndan aragatnaşyk saklamaga peýdalanmakdyr. Ösen kompýuterçilik tilsimatyna daýanýan häzirki zaman jemgyýetinde ynsanyň iň gymmatly serişdesiniň wagtdygyny nazara alanymyzda, sanly bilim ulgamy mümkinçilikleriniň çäksizdigi bilen hem tapawutlanýar. Sanly bilim nazary we amaly okuwlary dogry hem netijeli gurnamaga, ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazanan üstünliklerine daýanyp, ýaşlaryň dürli pudaklarda ýetilen ýokary sepgitler hakyndaky täzeçe pikirleri, düşünjeleri almagyna-da giňden ýardam berýär.
Ýurtda sanly ulgama geçmeklikde bilim ulgamyna uly orun degişlidir. Sanly bilimi ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlardyr hünärmenleriň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklary zerurdyr. Şeýlelikde, häzirki zaman tehniki serişdeleriň we maglumat gorlarynyň ulanylyşynda bilim işgärleriniň bu ugurda taýýarlygyny kämilleşdirmek wezipesi hem öňe çykýar. Şunuň bilen baglylykda ýurdumyzyň bilim edaralary ösen innowasion tehnologiýalar bilen yzygiderli üpjün edilýär we mugallymlaryň kompýuter sowatlylygy kämilleşdirilýär.
Bilim ulgamyny kämilleşdirmek jemgyýeti aň-düşünje taýdan kämilleşdirmekdir. Bu ulgamyň kanunçylyk binýadynyň düýpli bolmagy, mekdep mugallymlarynyň, terbiýeçileriň hünärini kämilleşdirmek işini döwrebap guramak, olaryň häzirki zaman okuw-tehniki serişdelerini, barlaghana enjamlaryny peýdalanyp bilmeklerini gazanmak meselesini çözmek işinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde mugallymlaryň hünär kämilligini ýokarlandyryş fakultetlerini açmak we beýleki durmuşa geçirilýän anyk işler oňyn netijeleri berýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda durmuşa ornaşdyrylýan sanly bilim ulgamy ýaşlaryň dünýä derejesinde ýokary hilli bilim almaklaryny doly derejede üpjün edýär. Orta mekdeplerde sapaklaryň interaktiw tagtalarda geçilmegi, ýokary okuw mekdeplerinde sanly bilim we kitaphana portallarynyň döredilmegi, umumy sapaklaryň sanly ulgam arkaly geçilmegi, şeýle-de bilim edaralarynyň arasynda bilelikdäki sapaklaryň geçirilmegi we beýlekileri muňa mysal getirmek bolar.
Umuman, sanlylaşdyrmak - milli ykdysadyýetimiz üçin hil taýdan täze döwür bolup, durmuş-ykdysady ösüş babatda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň takyk, çuňňur oýlanyşykly we ylmy taýdan esaslandyrylan strategiýasy esasynda oňa geçmek mümkin boldy. Ol ösüşiň oňyn depginini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, degişli şertleriň üýtgemegine uýgunlaşmagy, daşarky ýagdaýlar bilen şertlendirilen töwekgelçilikleriň azalmagyny üpjün etdi. Ýurdumyzyň bilim binýadyny pugtalandyrmakda beýik işleri amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de pederleriň ýoluny mynasyp dowam etdiriji Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Elena ZAWODÇIKOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Medisina fizikasy we informatikasy kafedrasynyň uly mugallymy.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.