DAŞKY GURŞAWY GORAMAK – DERWAÝYS MESELE

27-10-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy goramak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Ýurdumyzda ykdysady we durmuş ulgamlaryndaky giň möçberli milli özgertmeler maksatnamalarynyň ähli babatda adamlaryň abadançylygynyň aýrylmaz şerti bolan ekologiýa bilen ysnyşykly baglanyşykly bolmagyna aýratyn üns berilýär. Bu ugur Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň hem esasy meseleleriniň biri hökmünde bellenilýär. Ýurdumyz bu wajyp ugurda halkara gatnaşyklara işjeň gatnaşmak bilen, gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we giňeltmek ugrunda çykyş edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ulgamda üstünlikli amala aşyrylýan milli strategiýa Milletler Bileleşiginiň durnukly ösüşiniň maksatlary hem-de dünýäniň ekologiýa ulgamyny goramak boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler bilen sazlaşykly utgaşýar. BMG-niň tebigaty goramak baradaky resminamalarynyň - biologik köpdürlülik baradaky, çölleşmäge garşy göreşmek baradaky, howanyň üýtgemegi hakyndaky, howanyň üýtgemegi hakyndaky, ozon gatlagyny goramak baradaky, serhetüsti suw akymlaryny we halkara kölleri goramak we ulanmak, UNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak hakyndaky resminamalar, Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak baradaky Çarçuwaly Konwensiýa, Suw-batgalyk ýerler hakyndaky Ramsar Konwensiýasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy bilen bilelikde amala aşyrylýan taslamalaryň onlarçasy we beýlekiler munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyz olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça anyk ädimleri ädýär, ilkinji nobatda bolsa, bu ulgamy kadalaşdyrýan ygtybarly hukuk binýadyny döredýär.

Häzirki wagtda Aralýaka sebitiniň daşky gurşawyny sagdynlaşdyrmak ulgamyndaky işler şu ugurlar boýunça alnyp barylýar: suw serişdelerini toplumlaýyn ulanmak; ekologiýa; durmuş-ykdysady; institusional-hukuk gurallaryny kämilleşdirmek. Hazar deňziniň ekologiýa goraglylygynyň ygtybarly ulgamyny döretmek hem türkmen döwletiniň tebigaty goramak strategiýasynyň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda durýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, onuň aýratyn derejesi bilen şertlendirilendir. Bu iň iri içerki, dünýä ummanyndan aýratyn suw howdany tebigatyň hakyky merjenidir. Ol ösümlik we haýwanat dünýäsine baýdyr. Hazaryň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köp görnüşleri endemiki häsiýete eýedir we sebitiň biologik köpdürlüliginiň bahasyna ýetip bolmajak genofonduny düzýär. Ýewropa-Kawkaz-Aziýa halkara ulag geçelgesiniň deňiz, howa, awtomobil ýollarynyň çatrygynda amatly ýerleşmegi, baý uglewodorod, balyk we beýleki serişdeleri, amatly howa şertleri Hazar sebitini okgunly ösýän senagat, ulag we şypahana merkezine öwürdi. Dünýä ykdysadyýetinde hem oňa möhüm orun degişlidir.

Soňky ýyllarda Türkmenistan milli derejede bu ugurda maksadalaýyk işleri alyp barmak bilen, Hazardaky bar bolan ekologiýa meselelerini we bu ugurda ýüze çykyp biläýjek meseleleri özüniň ýakyn goňşulary we hyzmatdaşlary hem-de abraýly guramalar, ilkinji nobatda bolsa, BMG bilen bilelikde çözmekde täze çemeleşmeleri teklip edýär. Türkmen döwleti öz tarapyndan, BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna laýyklykda, Hazar deňziniň ekologiýa deňagramlylygyny üpjün etmek we daşky gurşawy goramak baradaky ähli wezipeleri netijeli çözýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Garagum çölüniň täsin goraghana zolaklaryny gorap saklamagyň we dünýäde wagyz etmegiň meselelerine berýän aýratyn ünsi netijesinde ýurdumyzda olaryň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulmagy boýunça möhüm işler alnyp barylýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanda goraghanalaryň, çäkli goraghanalaryň, tebigy ýadygärlikleriň onlarçasy hereket edýär. Bu toplumlar tebigat ewolýusiýasynyň, biziň planetamyzyň geologiki ösüşiniň aýdyň subutnamalaryny saklap galan we dünýäniň genefondy, ekologiýa deňagramlylygyny we ýer ýüzüniň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin aýratyn gymmatlylyga eýe bolan ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köp sanly seýrek görnüşleriniň taryhy watany bolup durýar. Bu desgalaryň esasy maksady biologiki köpdürlüligi gorap saklamak haýwanat we ösümlik dünýäsiniň genetiki goruny, täsin ekologiýa we geologiýa ulgamlaryny we landşaftlary öwrenmek tebigy prosesleriň we hadysalaryň tebigy akymyny üpjün etmek üçin şertleri döretmek bolup durýar.

Umuman alanyňda, mähriban topragymyzyň tebigy baýlyklaryny we köpdürlüligini artdyrmaga we gorap saklamaga gönükdirilen netijeli çäreleriň geçirilmegi arkaly hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň düýpli we öňdengörüji syýasaty netijesinde amala aşyrylýan giň möçberli işler Watanymyzyň gülläp ösmeginiň kepilidir. Ýurdumyzyň goralyp saklanýan ajaýyp tebigy täsinlikleri dünýä jahankeşdelerini bu gözellikleri görmäge çagyrýar. Ýurdumyzda şeýle döwletli işleriň sakasynda durup, eşretli zamanamyzda halk bähbitli işlere giň gerim berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli uly tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Leýli ÖWEZBERDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň mugallymy.

16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 


16a70327b2209d.jpeg
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.


16a6b6a94cf074.jpeg
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.


16a50d3298549c.jpeg
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda  talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.