BITARAPLYK HUKUK ÝAGDAÝYNYŇ YKDYSADYÝETIMIZIŇ ÖSÜŞINDÄKI DURNUKLY DEPGINLERI
14-03-25
Türkmenistanyň Bitaraplygy — munuň özi biziň mukaddes gymmatlygymyzdyr, durmuşymyzyň manysydyr, öňümizde goýan baş maksadymyzdyr. Bitaraplyk türkmen halkyna parahat, asuda, eşretli hem-de gülläp ösýän durmuşy berdi. Bitaraplyk Garaşsyzlygymyzyň parasatly taglymatlaryny durmuşa geçirmekde ygtybarly kepillik bolup hyzmat edýär. Garaşsyzlyk bilen birlikde Bitaraplyk biziň ähli üstünliklerimiziň esasy we mizemez daýanjydyr.
Bitarap Türkmenistan özüniň garaşsyz daşary syýasat ugruny saýlap alyp, öňe tarap ynamly gadam urýar. Biziň ýöredýän daşary syýasatymyzyň maksady ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin amatly şertleri döretmekden, döwletiň garaşsyzlygyny we howpsuzlygyny berkitmekden, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini hil taýdan yokary götermekden, planetamyzyň ähli halklarynyň hatyrasyna köptaraplaýyn ylalaşdyryjylyk işlerini alyp barmakdan ybaratdyr.
Bitaplyk mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň esasy hereketlendirijisi boldy. Mälim boluşy ýaly, häzirki döwürde islendik döwletiň ykdysady ösüşi diňe parahatçylyk, abadançylyk we durnuklylyk ýagdaýynda mümkindir. Şoňa göräde Bitaraplygyň esasy ýörelgeleriniň bu gün türkmenistanlylaryň tutuş süňňüne ornaşandygyny aýratyn bellemek isleýärin. Olaryň her biri dünýä jemgyýetçiliginiň öňündäki belent jogäpkärçiligini aňryýany bilen duýup ýaşaýar. Şeýle jogapkärçililigiň hemişelik Bitaraplygymyzyň sarsmaz ýörelgelerini üstünlikli durmuşa ornaşdyrmagymyzyň girewleriniň biridigini anyk aýtmak bolar.
Dilnaza Dilmuradowa,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.