ÝYLYŇ GELŞI NOWRUZYNDAN BELLI
03-04-26
Nowruz - ýagşylygyň ilçisi! Baýram günlerinde adamlaryň hemmesi birek-birege hoşniýetlilik görkezýärler, daýhanlarymyz gowy niýet bilen ýere tohum sepýärler, atalar agtyklary bilen nahal oturtsalar, mährem zenanlarymyz bahar nygmatlaryndan toý saçagyny bezeýärler. Daş-töwerek abadanlaşdyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Nowruz Galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenişiň baýramy bolmak bilen, halklar arasynda parahatçylygy, agzybirligi, ynanyşmagy kemala getirýär. Hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli gatnaşyklar, birek-birege ynam Nowruz baýramynyň esasy ýörelgeleridir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe baý medeni mirasly halkymyzyň ajaýyp däp-dessurlary, baýramçylyklary we toý dabaralary täze many-mazmuna eýe boldy. Türkmen halkynyň Milli bahar baýramy - Halkara Nowruz güni bilen baglanyşykly däpleri, edebi eserleri, halk oýunlary, toý tagamlary öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Nowruzyň taryhyny ekerançylygyň irki ojaklary bilen baglanyşdyryp öwrenmek maksadalaýyk bolar. Eger-de Nowruzy, ilkinji nobatda, tebigatyň täzelenişi, ekerançylyk işleriniň başlanyşy bilen baglanyşdyrýan bolsak, onda bu baýramyň gözbaşyny hut şu bereketli toprakdan gözlemelidiris. Täze taryhy eýýamda Halkara Nowruz güni Türkmenistanyň ähli künjeklerinde giňden bellenilip geçilýän milli baýramlaryň biridir.
Halk arasynda “Ýylyň gelşi Nowruzyndan belli” diýen aýtgy bar. Nowruz - ýylyň başlangyjy, täze berekediň badalgasy. Nowruz ýagynly gelse, halaýyk hoşnut bolup, ony haýra ýorýar. Nowruz täze oba hojalyk möwsüminiň hem gelendigini alamatlandyrýar. Tebigatdan bagt tapan çarwalar maşgalasy bilen ýaýla ýazlaga çyksalar, daýhanlarymyz irki ekinleriň aladasy bilen bolýarlar. Bu baýram adaty baýram däl, halkymyzyň taryhyny, durmuş pelsepesini, duýgy-düşünjelerini, dünýägaraýşyny özünde jemlän, milletimiz bilen ýaşaýan, döwletimiz bilen ösüp-özgerýän baýram. Bu baýram gadym-gadym zamanlardan bäri il-ulusymyzyň ezizläp, biziň günlerimize ýetiren baýramy.
Ruhy-medeni gymmatlyklarymyz asyrlaryň dowamynda halkymyzyň kalbynda hasyl bolan arzuwlaryň özboluşly beýanyna öwrüldi. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ruhy-edebi we taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmek, milli medeniýetimizi ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň, şeýle hem Gündogar halklarynyň durmuşyna örän berk ornaşan Nowruz baýramy parahatçylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgelerini giňden dabaralandyrýan baýramdyr. Nowruz galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenişiň baýramy bolmak bilen, halklaryň arasynda parahatçylygy, agzybirligi, ynanyşmagy kemala getirýär. Hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli gatnaşyklar, birek-birege ynam Nowruz baýramynyň esasy ýörelgeleridir.
Maddy däl medeni miras nesilden-nesle geçip gelýän däp-dessurlary we döredijiligiň görnüşlerini öz üstüne alýar. Olaryň hatarynda dilden aýdylýan döredijilik, ýerine ýetirijilik ussatlygy, durmuş dabaralary, baýramçylyk däpleri, tebigat we älem bilen baglanyşykly bilimler we düşünjeler, şeýle hem halk senetçiliginiň usullary bar. 2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda maddy däl medeni miras hakyndaky Konwensiýany tassyklan ýurtlaryň başlangyçlary boýunça maddy däl medeni mirasyň 76 sany dünýä ähmiýetli desgalarynyň hatarynda Nowruz baýramy hem ÝUNESKO-nyň halkara sanawyna goşuldy hem-de bu baýramy gorap saklamak we belläp geçmek boýunça ýörite Kararnama kabul edildi.
Asyrlar we müňýyllyklar geçýär, ýöne taryhyň dürli basgançaklaryndan geçen bu baýramçylyk biziň günlerimizde hem türkmen halkynyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýedir. Ol öçmejek merjen bolmagynda galmak bilen, bize gözellik we hoşniýetlilik duýgularyny peşgeş bermegini dowam edýär. Berkarar döwletimizde yglan edilen 2026-njy — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem Milli Bahar baýramy Diýarymyzyň ähli künjeginde şatly-şowhuna beslenip giňden bellenildi. Bu bolsa halkymyzda agzybirligiň, jebisligiň, parahatçylygyň höküm sürýänliginiň ýene bir subutnamasydyr. Türkmen halkynyň bagtyýar ýaşamagy, işlemegi, okamagy, döretmegi barada uly alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag ömri uzak bolsun!
Döwletmyrat ATAKAÝEW,
Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.