INNOWASION ÖZGERTMELER – TÄZE ÖSÜŞLERE BADALGA
05-12-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilime aýratyn üns berilýär, ýaşlar döwrebap bilim alýarlar. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolmaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredýär, bilim ulgamynda döwrebap özgertmeleri durmuşa geçirýär. Häzirki täze taryhy eýýamda ýurdumyzy ösdürmegiň milli nusgasy täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Şunda iň döwrebap ugurlar, sanly ulgamyň mümkinçilikleri ylmy esasda öwrenilýär. Bu wezipäni durmuşa geçirmekde milli bilim we ylym ulgamy özünde uly mümkinçilikleri jemleýär.
Häzirki ajaýyp zamanamyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ýaşlara döwrebap bilim bermegiň aýdyň ugurlary kesgitlendi. Şeýle hem bu babatda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmegiň derwaýys meselelerinden ugur alynýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaşlarymyzyň bilimli bolup ýetişmegi üçin dünýä ylmynda gazanylan iň täze, döwrebap tehnologiýalar bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar. Türkmenistanda bilim ulgamyny ösen döwrüň talaplaryna laýyk kämilleşdirmek ugrunda giň gerimli özgertmeler maksatnamasy toplumlaýyn durmuşa geçirilýär. Şeýle ösüşleriň hatarynda internetiň we öýjükli aragatnaşygyň 4G hilini, mekdepleriň internet ulgamyna birikdirilmegini, “emekdep” portalynyň işe girizilmegini, multimedia serişdeleri bilen üpjün edilmegini, agzalan ugura ýöriteleşdirilen sergileriň guralmagyny, bäsleşikleriň geçirilmegini, elektron maglumatlar ulgamyny döretmäge girişilmegini, sanly bilim ulgamyna badalga berilmegini... görkezmek bolar.
Ýurdumyzda kabul edilen “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna” laýyklykda durmuşa geçirilýän innowasion özgertmeleriň barşynda bilim ulgamynda giň mümkinçilikler döredilýär. Munuň özi bu ulgama ylmy-tehniki täzelikleriň ornaşdyrylmagy bilen onuň has-da rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bilim ulgamynda innowasion özgertmeler tiz durmuşa ornaşdyrylýar. Munuň özi sanly bilim ulgamynyň mümkinçiligini artdyrýar. Emma barha elektronlaşyp barýan global dünýädäki innowasion tehnologik özgerlişikler diňe aýdylanlar bilen çäklenmeýär. Soňky ýyllarda iň täze, döwrebap kompýuter tehnologiýalary, multimedia ulgamlary bilen üpjün edilen orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag merkezleriniň giň ulgamy döredildi. Sanly bilim ulgamynyň ösdürilmeginde ýaşlaryň iň kämil bilimlere eýe bolmak mümkinçilikleri has-da ýokarlanýar, çünki sanly bilim ösen tehnologiýalaryň üsti bilen amala aşyrylyp, wagtyň tygşytlanmagyna, tiz maglumatlary öwrenmäge mümkinçilik berýär.
Döredilýän bilim portallarynda hem internet ulgamynyň kömegi arkaly kitaplar, dürli maglumatlar bilen tanyşmak mümkinçiligine eýe bolýarlar. Munuň özi bolsa, esasan, ýaşlaryň sapaklaryna ýetişmeklerine we tiz maglumat bilen tanyşmaga, ylmy kitaplary sanly ulgamdan okamaga ýardam edýär. Sanly bilim portaly internet arkaly uzak aralykdan bilim almaga we bilim bermäge uly mümkinçilik döredýär. Munuň özi zehinli ýaşlarymyzy ylym, bilim we täze tehnologiýalar boýunça gözleg işlerine höweslendirýär. Şonuň üçin hem bilim bermegiň iň döwrebap usuly häzirki bi-limlerden habarly kämil hünärmenleri ýetişdirmäge ähli mümkinçilikleri döredýär.
Ýaşlara berilýän bilimiň we terbiýäniň hiliniň ýokary bolmagy olaryň ösýän jemgyýetimiziň ähli talaplaryna doly laýyk getirilmegi bilen baglanyşyklydyr. Şeýle sazlaşyk ýurdumyzyň geljekki ösüşleriniň berk binýady boljak ylymly-bilimli, zähmetsöýer, Watana wepaly ýaş nesliň kemala gelmegini üpjün edýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen halkyna, esasan hem, ýaşlara şeýle uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza bilim işgärleri tüýs ýürekden buýsançlaryny beýan edýärler. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Çemen ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyñ Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniñ Nerw keselleri we neýrohirurgiýa kafedrasynyñ assistenti.
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.
TÜRKMEN BEDEWLERI BÜTIN DÜNÝÄŇ YKRARYNDA
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň milli buýsanjy we baýlygy hasaplaýan behişdi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olaryň baş sanyny köpeltmek boýunça başyny başlan başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.
BAGTLY DÖWRE BUÝSANÇ
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, ýaşlary ylmy gözleglere we innowasion açyşlara ugrukdyrmak döwlet syasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bagtyýar döwrümiziň berýän şeýle giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp, ylmyň çet-gyrasyz dünýäsine gadam basan ýaşlaryň biri hökmünde, golaýda maňa "Ýaş alym" diýen abraýly adyň dakylmagy meniň üçin örän uly buýsanç we şol bir wagtda belent jogapkärçilik boldy.
Ahalteke bedewleriniñ dünýä jemgyýetindäki orny.
Ahalteke bedewi diňe bir at däl-de, eýsem türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren janly sungat eseridir. Taryhyň dowamynda türkmen halkynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke bedewleri, diňe bir gözelligiň nusgasy däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň we medenýetiniň möhüm sütünidir.
TÜrkmen bedewi ― parahatçylygyň ilçisi
«Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýip hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu günki eşretli Diýarymyzyda ahalteke bedewleri dünýä arenasynda abraýyna mynasyp hormat münberinde orun alýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.