BILIM ADAMY BEZEÝÄR
01-01-26
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny özgertmek, ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, bilimli bolmaklaryny üpjün etmek esasy ugurlaryň biridir. Ýurdumyzda ýaş nesli bilimli, ylymly, kämil edip ýetişdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bilim her bir şahsyýetiň döwrebap kemala gelmeginde we ýurduň ösüşine öz mynasyp goşandyny goşmagynda esasy zerurlykdyr. Şol sebäpli, ýurdumyzda ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk bilim almaklary, häzirki şertlerde ylmy-tehniki öňegidişlige çalt uýgunlaşmaklary üçin giň şertler döredilýär. Her bir ynsan bilimli bolmak, köp zatlardan baş çykarmak isleýär. Bilime barýan ýol erjelligi, jan aýaman çekilýän zähmeti talap edýär. Şunda orta mekdeplerde berilýän bilim aýratyn ähmiýete eýedir. Orta mekdeplerde okuwçylara bilim bermek bilen bir hatarda, olary milli ruhda terbiýelemek, watansöýüji ýaşlar edip ýetişdirmek ugrunda hem işler ýola goýulýar.
Türkmen ýaşlaryna dünýä ülňülerine laýyk derejede ylym-bilim berilmegini üpjün etmek meselesi ýurdumyzda esasy wezipe bolup durýar. Biziň häzirki ýaşaýan döwrümizde ylym-bilim iň bir wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Ýokary bilimlilik we öz kesbiňde kämillik bolsa bu jemgyýetde öz ornuňy tapmak üçin girewdir. Şol sebäpli hem öz ukybyňa görä kämilleşmek häzirki zaman tehnologiýalaryndan habarly bolmak gerekdir. Bilimli, ählitaraplaýyn kämil pikirlenip bilýän, köp kitap okaýan adamlar bilen söhbetdeş bolmak örän ýakymly. Ata-babalarymyz “Bilim adamy bezeýär, ol ägirt uly ýalkym saçýan güýç” diýip ýöne ýerden aýtmandyrlar.
Türkmen akyldary Döwletmämmet Azady özüniň “Wagzy-Azat” eseriniň üçünji babynda bilimiň we ylmyň adamzat durmuşyndaky ähmiýetini açyp görkezýär. Bilimliligi ýagtylyk bilen, bilimsizligi bolsa garaňkylyk bilen deňeşdirýär. Azady bilimsiz bir iş etmegi sapaksyz tikin tikmäge, galamsyz hat ýazmaga meňzedýär. Orta asyrlarda ýaşap geçen akyldarlaryň biri Faraby “Bagtly bolmak üçin, esasan, bilim gerek” diýip belleýär. Islendik ýurtda ýaşaýan ilatyň köp böleginiň ýaşlardygyndan ugur alsak, olaryň bilim derejesi näçe ýokary bolsa, şonça-da döwlet baý bolýar. Diýmek, ýurduň geljegi köp derejede bilimli ýaşlara bagly bolýar.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýylynda her bir çaga, okuwçy, talyp we ýaş hünärmen aýratyn alada bilen gurşalyp alynýar, goldanylýar we olara döwrebap bilim, terbiýe berilýär. Biziň uniwersitetimizde hem “Bilimli nesil - kuwwatly Watan” diýen ýörelgä eýerilip, ýaş nesliň beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil ösmegi, döwrebap bilim almagy üçin ähli zerur işler alnyp barylýar. Ýokary okuw jaýynda talyplar bilim almak bilen, şahsy ukyplarynyň we başarnyklarynyň, bilim endikleriniň ösmegine, özüne gözegçilik etmegine, özüni medeniýetli alyp barmagyna, sagdyn durmuş ýörelgelerini ele almagyna gönükdirilen şertler hem mümkinçilikler doly peýdalanylýar.
Bilşimiz ýaly, ylym-bilime halkyň ýaşaýyş-durmuşynyň hem-de maddy mümkinçilikleriniň ösüşiniň baş şerti hökmünde garalýar. islendik güýçli döwletiň binýady bilimden tutulýar. Döwletiň baýlygy onda ýaşaýan halkyň bilimi bilen kesgitlenýär. Belent mertebeli döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan düýpli özgertmeleri netijesinde ýurdumyzda ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde olary ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly kämil nesiller edip ýetişdirmekde tutumly işler alnyp barylýar. Biz hem okuw-terbiýeçilik işimizde ösüp gelýän ýaş nesle bilim terbiýe bermek, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan bilim özgertmelerini üstünlikli amala aşyrmakda janaýaman zähmet çekjekdigimize ynandyrýarys.
Sonagül DÖWLETOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Endokrinologiýa kafedrasynyň assistenti.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.