BAHAR SAZLAŞYGY – ZEMIN ÝARAŞYGY
16-03-25
Bahar - ýaşaýşyň, ömrüň başlangyjy! Köňülleriň soltany bahar! Eýsem seniň waspyňy etmedik, seniň gül-gülälekli mahmal ýaýlalaryňa, ýaşyl maýsalaryňa, hoştap howaňa, mymyk ýelleriňe melul bolmadyk adam barmyka?! Pasyllaryň soltany hasaplanylýan baharyň gelmegi bilen, bu barlykda oýanyş, direliş başlanýar. Güllere bark bolup oturan türkmen sährasy! Sen şu pursat nähili gözel, nähili ajaýyp! Belki, seniň ynsan göwni bilen beýik sazlaşygyň öz dünýäň bilen biziň dünýämize bolan mahalyň bolup geçýändir. Ýumruk ýaly ynsan göwni nähilii mert, kuwwatly hem bolsa, ol duýga gezek gelende ejizdir. Belki, şonuň üçin bolsa gerek, seniň ala-baharlaryň ynsanlaryň hersini bir ahwala salýar.
Baglarda agaçlar pyntyk ýaryp, täzeden döreýiş döwrüni başdan geçirýän tebigatyň uzyn taryh gatynda ýene bir täze sahypa ýazylyp başlanýar. Ol taryh gatlaryna tebigat gözelliklerinden ruhlanan raýatlaryň ýagşy amallary, eden sogap işleri, birek-birege bolan söýgüsi bahar bägülleri bilen ýazylýar. Baharyň gelmegi bilen giň ýazylyp ýatan sähralar, gür baglar, dag-dereler ýaşyl reňke boýalyp, üstünde keşde çekilen mysaly açylan güller gözleri gamaşdyrar. Baglarda guşlaryň mahmal owazy, hoşboý ysyny dünýä ýaýýan älemgoşar mysaly gülleriň üstüne kebelekleriňdir bal arylarynyň gonmagy, säheriň mymyk howasy bahar buşlukçylary.
Bahar pasly kebeleklere meňzeş. Kebelegiň bir özünde barlygyň ýedi reňki janlanan. Baharyň älemgoşarynda hem hut şu reňkler jemlenen. Ol reňkler üýtgeşik sazlaşygy we täsirliligi bilen ynsanda ýaşaýşa bolan mukaddes söýgini döredýär. Bu söýgini joşduryp, öz yşkynda däli-diwana öwürýär. Kebelek ýagyş-ýagmyrlardan soň peýda bolýar. Bahar hem ýagyşdan soň öz görküni açýar. Baharda erikleriň, şetdalydyr almalaryň owadan reňbe-reň gülleri, ýaşyl maýsalaryň jana şypaly ysy bark urýar. Şol pursat bolsa ýüreklerimiz joşgundan, ylhamdan, hyjuwdan püre-pürlenýär. Baharda ýazlaga çykmak, hiňňildikde göwün solpuňy çykaryp uçmak, owlak-guzularyň arasynda şolar bilen deň bökjekleşýän körpejeleriň şat owazlaryny diňlemek, säher-sabada semeniniň ýüzündäki Äşe bilen Patmanyň el yzlaryny görüp arzuw etmek, läle kakmak, küşt depmek uly bagt. Bularyň ählisi bahar paslynyň ynsana bagyş edýän şatlyklary.
Dünýäde iň gowy zatlary, iň näzik zatlary bahara deňeýärler. Güller hem baharyň bezegi. Ol şeýle näzik, naşyja başlary bilen yhlas ede-ede ene Ýeriň gaýmagyny serpäge-de, ýagty ýalança inýärler. Şeýdibem, Zeminiň synasyna gül lybasy bolup ýapylýarlar. Bu gün gök dona büürenen goja Zeminiň ajaýyplygyny türkmen zenanlarymyzyň kalby ýaly, kaddy-kamaty deýin dünýäni has-da nurlandyrýar. Tenekär türkmen topragyny ýaşyl begrese büräp, onuň süňňüne dirilik suwuny siňdirip, ýaşaýşyň, diriligiň, ylahy gözelligiň nusgasy bolup gelen ýazda ynsan göwni galkynyp, onuň ruhy täzelenýär. Ol kalby perzentlerine yssy mähirden doly eneler mysaly tutuş dünýäni ala-ýaz edip bilýär. Türkmen topragynyň kesewi dürtseň gögerýän bereketli topragynda, abraý-şan getirjek maýsaly meýdanlarynda diriliş başlandy, Ýeriň ýüzüni läle-reýhan gül-çeçekden nagyşlap bezelýär.
Ynsan elmydama gözellige teşne. Ýöne suwsan çagyň ähli suwuň seni gandyrmaýşy ýaly, pasyllaryň ählisi-de teşne kalby gandyryp duraýanok. Ýöne, bahar gadam goýanda welin, diňe ynsanyň däl, goja tebigatyňam gursagy ýarylara gelýär. Çünki, baharyň gelmegi bilen ýaşyl ýaýlalarda türkmeniň ak öýleri dikilip, toý gazanlary goşadan atarylýar. Bahar täzelenişiň, arzuw-maksatlara ýetmegiň pasly. Arly gyşyň sowugyndan soň, gülüp bakan Gün nuruna diňe bir bedenimiz däl, eýsem, ýüregimiz hem joşýar. Hiç bir ynsanyň hereketsiz oturasy gelmeýär. Köňül tebigaty küýseýär. Säher dogan Güne salam berip gördüňizmi? Halkymyzda «säher salamy» diýen söz bar. Her gün älemi ýagtyldyp duran Güne seredip, Säher salamy ynsan bilen tebigaty has hem jebisleşdirýär. Tebigat ynsana ajaýyplyklary bagyş edýär. Täze pikirler, täzeçe meýilnamalar döwri, jemgyýeti ösdürmäge ruhlandyrýar.
Gülşirin GURJANOWA,
Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň Suw ulagynyň ulanylyşy kafedrasynyň mugallymy.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.