WATANYŇ BUÝSANJY – BAGTYÝAR ÝAŞLAR

19-01-26

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin döwlet derejesinde uly tagallalar edilip, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary, döwrebap bilim, oňat dynç almaklary bilen bagly meseleler hemişe üns merkezinde saklanýar. Ýaşlaryň hukuk hem-de durmuş goraglylygyny üpjün etmek, aň-bilim, zähmet başarnyklaryny ýüze çykarmak babatda tutumly işler durmuşa geçirilýär. Bu meseläni amala aşyrmagyň iň bir ygtybarly ýoly bilim ulgamynyň maglumatlaşdyrmak derejesini ýokarlandyrmak bilen baglydyr. Kompýuter serişdeleriniň we telekommunikasiýalaryň ösmegi netijesinde, ýurtda bilim ulgamyny kämilleşdirmekde hil taýdan täze maglumat-bilim beriş ugurlary döredilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ýurduň bilim ulgamynyň öňünde täze syýasy, ykdysady, jemgyýetçilik esaslary bilen şertlendirilen täze meseleleri goýýar. Olaryň oňyn çözgüdi bolsa berilýän bilimiň ýokary derejesini üpjün etmekden ybaratdyr. Şulardan ugur alyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda ýurdumyzyň ylmy-tehniki, innowasion syýasatyny durmuşa geçirmek, bäsleşige ukyply, serişde we energiýa tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan howpsuz ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary döretmek hem-de önümçilige ornaşdyrmak maksady bilen ylym-bilim maksatly işlere aýratyn ähmiýet berilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: “Her bir döwletiň binýadynyň berkligi, ösüşiniň ýokary depgini, ýaşaýyş-durmuş derejesi ýurtda alnyp barylýan bilim-ylym syýasaty bilen berk baglydyr” diýip, bilim edaralarynyň işgärleriniň öňünde çuňňur jogapkärli wezipeleri goýýar. Gahryman Arkadagymyzyň şu sözlerinden ganatlanyp, peder kesbini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilim ulgamynda ägirt uly özgerişleri durmuşa geçirip, ýaş nesliň kämil derejede bilim almaklary üçin, olaryň ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişip, kuwwatly Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende götermekleri ugrunda köpugurly tutumlara badalga berdi. Bu ugurda ýaşlara aýratyn bil baglaýan hormatly Prezidentimiz olaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin ýurdumyzyň bilim ulgamynyň binýady bolan umumybilim berýän orta mekdepleriň mugallymlarynadyr bilim işgärlerine aýratyn wezipeleri esaslandyryp berdi.

Geljegimizi has-da nurlandyrjak, ýurdumyzy kuwwatlandyrjak, belent ahlakly, watansöýüji ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Täze taryhy döwürde ýurdumyzyň daýanjy bolan ýaşlara uly ynam bildirilýär. Bu gün ýaşlarymyz ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda tutanýerli zähmet çekmek, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmak bilen, ata Watanymyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Biziň ýaşaýan döwrümiz sanly ulgamyň ähli ugurlara ornaşdyrylýan, innowasion ösüşleriň gazanylýan zamanasydyr. Şonuň üçinem ýaşlar sanly ulgamyň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmak bilen, ýurdumyzda kabul edilen oýlanyşykly maksatnamalaryň, badalga berlen özgertmeleriň tiz durmuşa geçirilmegi üçin ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmaýarlar. Bagtyýar ýaşlaryň elmydama öň hatarda bolmagy bizi buýsandyrýar.

Bilim ulgamynyň işini halkara ülňülere laýyk getirmekde üstünlikli durmuşa geçirilýän düýpli tutumlar ýaş nesliň döwrebap bilim we terbiýe almagyna, saýlap alan hünärleri babatda bilimlerini has-da artdyrmagyna, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegine ýardam edýär. Munuň özi milli bilim ulgamynda yzygiderli alnyp barylýan özgertmelerde baş maksatlaryň biridir. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýylynda şeýle asylly maksatlaryň rowaçlyklara beslenmeginde ähli şert-mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklarymyz çäksizdir.

Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.