ADAMZADYŇ BÄHBIDINE GÖNÜKDIRILEN ÝÖRELGELER

02-12-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäniň syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine üstünlikli goşulmak bilen, baý ylalaşdyryjylyk we döredijilik kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi parahatçylygyň we howpsuzlygyň, dostlugyň we hoşniýetli gatnaşyklaryň, özara düşünişmegiň, belent maksatlaryň we ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dabaralanmagynyň aýdyň nyşanydyr. Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz bütin dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy, ösüşi kepillendirýän başlangyçlary öňe sürüp, halkara abraýyny berkidip, Ýer ýüzündäki döwletler we halklar bilen hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrýar. Bu günki günde ýurdumyzyň hoşniýetli daşary syýasaty dünýäde giňden goldanylýar, halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýoly wagyz edilýär.

Ýurdumyzyň daşary syýasaty oňyn Bitaraplyk ýörelgelerinden ugur alyp, üstünlikli amala aşyrylýar. Hut, şonuň üçin hem, ýurdumyzyň halkara giňişligindäki üstünligi ýylsaýyn artýar. Hemişelik Bitarap döwletimiziň başlangyçlarynyň dünýäde giňden goldanylýandygy hem bellärliklidir. Häzirki wagtda dünýäniň ählumumy ösüşi parahatçylyk bilen berk baglanyşyklydyr. Çünki parahatçylyk durnukly ösüşiň, abadançylygyň we howpsuzlygyň berk binýady bolup durýar. Döwletimiz dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde parahatçylygyň, howpsuzlygyň, ösüşiň gazanylmagy ugrunda elmydama täze başlangyçlar bilen çykyş edýär hem-de ählumumy ösüşiň möhüm meselelerini çözmekde hemişelik Bitaraplyk syýasatyndan ugur alýar.

Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ata Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä doldurjak beýik işler durmuşa geçirilýär. Dost-doganlyk gatnaşyklaryny saklamak, ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur almak halkymyza mahsus häsiýetlerdir. Ata-babalarymyzdan gelýän şeýle ajaýyp ýörelgeler häzirki wagtda has-da rowaçlanýar. Dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Munuň özi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy bilen baglanyşyklydyr. Şeýle hem parahatçylyk söýüjilik ýoluny ösdürmek, durnuklylygy üpjün etmek, Durnukly ösüş boýunça ählumumy meseleleri çözmek ýaly möhüm ugurlary kesgitleýär. Berkarar döwletimiziň çar tarapa uzaýan dostluk ýollary bagtyýarlygyň, rowaçlygyň, ösüşleriň ýoly bolup dabaralanýar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň binýatlyk häsiýetleri parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik ýörelgelerinden gözbaş alýar. Ýurdumyz beýik taglymaty dünýäde wagyz etmek bilen bir hatarda umumadamzat bähbitli başlangyçlary hem öňe sürýär. Bularyň ählisi hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämizden gözbaş alýar. Türkmenistan bu gün hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda dünýäde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, şeýle hem bütin Ýer ýüzüniň halklarynyň abadançylygyny gorap saklamak we berkitmek ugrunda hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýýar. Bu bolsa Bitarap döwletimiziň alyp barýan daşary we içeri syýasatynyň dabaralanmasydyr.

Ýurduň ösüşi, halkyň bagtyýar durmuşy üçin uly ähmiýetli wezipeleriň üstünlikli çözülmegi, halkara gatnaşyklarda gazanylýan netijeler ýurdumyzyň şan-şöhratyny has-da belende göterýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi dünýäde iki gezek ykrar edildi. Oňyn Bitaraplyk syýasaty ähli adamzadyň bähbidine gönükdirilen gymmatlykdyr. Munuň özi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň dünýä ýüzünde halkara abraýynyň has-da belent derejelere eýe bolmagydyr. Halklaryň arasyndaky dost-doganlygy ösdürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Begenç AMANOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyñ Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniñ Kazyýet lukmançylygy kafedrasynyñ mugallymy.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.