PARAHATÇYLYGYŇ, YLALAŞYGYŇ WE DOSTLUGYŇ ÝURDY
21-11-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän giň gerimli we aýdyň maksatly işler netije berýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürilýär. Bu gün parahatçylygyň, ylalaşygyň we halklaryň arasyndaky dostlugyň merkezine öwrülen Garaşsyz Türkmenistanyň gazanan hemişelik Bitaraplygy sebitde halkara hyzmatdaşlygynyň we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine itergi berýär. Halkymyzyň şol gatnaşyklary, milli däp-dessurlarymyz gadym döwürlerden kemala gelipdir. Merdana halkymyzyň milli häsiýetleri we ajaýyp däp-dessurlary bahasyna ýetip bolmajak gymmatly hazynadyr. Bu ajaýyp mirasy aýawly saklamak, ýaş nesilleriň kalbyna ornaşdyrmak ata-baba dowam edip gelýän däbimizdir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň halkara jemgyýetçiligi bilen ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürilýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de bütin adamzadyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk etmegiň aýdyň ýoludyr. Bu bolsa parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän döwletimiziň dünýädäki abraýyny barha ýokarlandyrýar. Parahatçylyk halklaryň abadan durmuşydyr, her bir adamyň baky bagtydyr. Şonuň üçin hem häzirki ajaýyp döwrümizde parahatçylyk söýüjilikli ýoly wagyz etmek we dünýäde giňden dabaralandyrmak asylly ýörelgä öwrüldi. Hemişelik Bitaraplyk dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmaga giň mümkinçilik döredip, bu ugurda ummasyz goşandyny goşýar.
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” asylly ýörelgä eýerip, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyny toýlarys. Halkymyzyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilikli, päk niýetli, ynsanperwer däplerimizi dünýä ýaýmak, ýaş nesliň kalbyna guýmak hemmämiziň watançylyk borjumyz bolup durýar. Ýaşuly nesliň öňünde durýan uly wezipe oňyn bitaraplygymyzyň gymmatyny ýaş nesillere düşündirmekdir. Şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine 30 ýyl dolýar. Bu beýik dereje türkmen halkynyň abraýyny belende göterýär.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen bilelikde, sebitde syýasy durnuklylygy goldamakda, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlygy berkitmekde uly orun eýeleýär. Hemişelik Bitaraplygyň parahatçylykly, dostlukly ýoly bilen durnukly ösüşlere eýe bolan Diýarymyzyň at-abraýy, şan-şöhraty Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işleri bilen berk baglanyşyklydyr. Türkmen jemgyýetiniň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagy üçin zerur şertler döredilip, ýurdumyz ägirt uly ösüşlere, oňyn özgertmelere beslenýär. Şunda dünýäde parahatçylygy wagyz etmek, hemişelik Bitaraplygyň asylly maksatlaryny rowaçlandyrmak esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
Gahryman Arkadagymyzyň “Ýaşasyn parahat durmuş!” atly ajaýyp goşgusy biziň ýüreklerimizde orun aldy. Her bir ynsanyň kalbynda orun alan bu ajaýyp goşgy abadançylygyň, dost-doganlygyň belent waspydyr. Şeýle ajaýyp döredijilik bagtyýar durmuşymyzy täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýar. Halkara derejesinde ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuna barýan halkymyz her bir güni zähmet üstünlikleri bilen garşy alýar. Berkarar Watanymyza buýsanmak, parahatçylyk söýüjilik ýolumyzy wagyz etmek bagtdyr.
Halkymyzyň eşretli şu güni, şanly we şuglaly ertiri hakda bimöçber aladalaryň edilýän döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatyny ýol-ýörelge edinip, eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyna mynasyp goşant goşmak islegi her bir raýatyň kalbyny gurşap alýar. Goý, ýurdumyzy ösüşleriň belent sepgitlerine alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Jahan MUHAMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Iç keselleriniň propedewtikasy kafedrasynyň assistenti.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.