NOWRUZ GELDI ILIME

21-03-25

Bahar paslynyň gelmegi bilen daş töwerek bagy bossanlyga öwrülýär. Guşlaryň saýramagy, tebigatyň täzelenişi we gök dona pürenmegi, bu elbetde bahar paslynyň sazlaşykly hereketlerini aňladýar. Gyşyň sowuk howasy bilen hoşlaşyp, gözel tebigatymyz indi janlanyşyň, gözelligiň paslyny garşy alýar. Bu pasylda bolsa gözbaşyny müňýyllyklaryň özeninden alyp gaýdýan, köpasyrlyk taryha eýe bolan Nowruz baýramçylygy bellenilip geçilýär. Berkarar döwleyiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem bu baýramçylyk merdana halkymyzyň baý maddy we ruhy gymmatlyklarynyň kemala gelmeginde, ajaýyp däp-dessurlarymyzyň, ýörelgelerimiziň, medeniýetimiziň dünýä ýüzüne açylyp görkezilýän aýratyn bir seneleriniň biridir.

Nowruz baýramy türkmen halkynyň, galyberse-de bütin gündogar halkynyň gadymdan gelýän baýramydyr. Bu baýram tebigatyň janlanyp, zeminiň görke gelen pursady bellenilýär. Nowruz baýramy diýarymyzda uludan bellenilýär. Türkmeniň atalar sözlerinde, nakyllarynda, yrymlarynda aýdymlarynda hem öz beýanyny tapýar. Diýarymyzda Nowruz baýramynda birnäçe süýjülikler taýýarlanyp toý saçagy giňden ýazylýar. Pasyllaryň soltany bolan baharyň gelmegi bilen tutuş tebigat janlanýar. Ajaýyp dünýäli bahar nurana baýramlaryň biri bolan Nowruz baýramynyň gelendigini buşlap, kalbymyzy iň gowy duýgulara besleýär. Bereketli türkmen topragynda ýylyň her bir pasly özüniň özboluşly owadanlygy, gaýtalanmajak gözellikleri bilen gelýär. Nowruzyň gelmegi bilen howa maýlaýar, tebigat ajaýyp görnüşe girýär.

“Nowruz” sözi täze gün diýmegi aňladýar. Bu täze ýylyň başlangyjydyr. Ol gije bilen gündiziň deňleşýän wagtyna gabat gelýär. Öz näzik duýgularyny, süýji arzuw-hyýallaryny ýüreginde saklaýan gyzlar üçin bolsa nowruz gijesi aýratyn bir jadyly güýje eýe bolupdyr. Adamzadyň ruhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bir bölegi bolan Halkara Nowruz güni “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” hem ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň her biriniň ýüzünde gülki alamatlary bilen, ýüreklerinde bolsa bahara bolan mähirli söýgüsi bilen kalplarynda heýjenelek-heýjanelek diýip seslenýär. Özüniň dostluk, doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýaly ajaýyp häsiýetleri bilen ýüreklerde aýratyn orun alan bu baýramçylyk mähriban halkymyzyň kalbynda baky söýgüsine eýedir.

Dünýä halklary bilen bir hatarda türkmen halky hem baharyň buşlukçysy - Nowruzyň däp-dessurlaryna durmuş tejribesini, ahlak we ruhy gymmatlyklaryny, parahatçylyk, dostluk, hoşmeýilli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak ýaly külli adamzat üçin beýik ruhy gymmatlyklara öwrülen ynsanperwer ýörelgelerini siňdiripdir. Şonuň üçin hem bu gün ynsan kalbynyň tämizligini, egsilmez döredijilik joşgunyny aňladýan bu baýram bizi we agzybir, zähmetkeş halkymyzy döredijilikli täze zähmetlere, beýik işlere ruhlandyrýar. Türkmen halky gadymyýetden, tä şu güne çenli bu baýramy mukaddes baýram hökmünde, tebigatyň täzeden janlanýan, ýaşaýşa söýgüni dabaralandyrýan baýram hökmünde belläp gelipdir.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem giňden bellenilýän bu baýramçylyk merdana halkymyzyň ähli ugurlarynda, şol sanda ykdysadyýetde, medeniýetde, sportda we beýleki durmuş-ykdysady ugurlarynda hem öňe gidişliklere, nurana geljege sary itekleýji güýç hökmünde giňden dabaralanýar. Dünýä halklaryny birek-birek bilen baglanyşdyrýan bu baýramçylygyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan dostlugyň, goňşuçylygyň, parahatçylygyň nyşany hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem bu senäniň dünýä jemgyýetçiligi üçin hem aýratyn ähmiýete eýedigini görkezýär. Galyberse-de, Nowruz baýramçylygy diňe bir doganlyk goňşy ýurtlarymyzda däl, eýsem güneşli diýarymyzda hem dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilmegi halkymyzyň belent joşgunyny, kalplarynda ajaýyp söýgüni alamatlandyrýar.

Taryhyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan Halkara Nowruz güni we Milli Bahar baýramyny giňden belleýän türkmen halkynyň Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe maddy we ruhy baýlyklaryny öwrenmekde, şan-şöhratyny, at-abraýyny dünýä ýaýmakda alyp barýan jogapkärli işlerinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw edýäris! Halkara Nowruz baýramyňyz gutly bolsun, eziz ildeşler!

Gulhanym KAKABAÝEWA,,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Akuşerçilik we ginekologiýa kafedrasynyň assistenti.

16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 


16a70327b2209d.jpeg
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.


16a6b6a94cf074.jpeg
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.


16a50d3298549c.jpeg
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda  talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.