NOWRUZ TÄZELENIŞIŇ WE GÖZELLIGIŇ BAÝRAMY
03-04-26
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parasatly ata-babalarymyzyň çuň pelsepelerinden, garaýyşlaryndan gözbaş alyp, asyrlaryň dowamynda halkymyzyň ruhy durmuşynda aýratyn möhüm orny eýeleýän Nowruz däpleri täze mazmuna, täze ruhy öwüşginlere eýe bolýar. Bu günki gün umumadamzat medeniýetiniň dürdäne baýlygyna öwrülen Nowruz baýramynda ekerançylyk işlerine badalga bermek, halk döredijilik eserlerini, halk oýunlaryny ýerine ýetirmek, myhmansöýer halkymyzyň kalby ýaly bereketli toý saçagynyň bezegi bolan toý tagamlaryny taýýarlap, hödür-kerem etmek we beýleki milli ýörelgeler giňden dabaralanýar.
Asyrlaryň çuňlugyndan gözbaş alyp gaýdýan «Nowruzdan soň gyş bolmaz, mizandan soň ýaz», «Ýylyň gelşi Nowruzyndan bellidir», «Nowruz gelse buz durmaz» ýaly pähimler her günüň, her paslyň özüne laýyk alamatyny kesgitleýär. Bahar baýramynda gelin-gyzlar üýşüp läle kakypdyrlar, aýdyşyklary aýdypdyrlar, monjugatdy oýnapdyrlar. Ýetginjekler at çapyp, göreş tutupdyrlar. Uly-kiçi hemmeler biri-birine gowy arzuwlary edipdirler. Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni ýurdumyzda iň bir dabaraly bellenilýän baýramlaryň biridir. Ol gözelligiň, joşgunly ýaşaýşyň, ynsanperwerligiň hem-de zähmetsöýerligiň baýramydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda toý-baýramlarymyzy uly şatlyk-şowhun bilen belläp geçmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.
Berkarar döwletimizde yglan edilen 2026-njy — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyz hem il-ýurt ähmiýetli şanly wakalara, toýdur baýramlara beslenýär. Şu günler baglar gülläp, baýyrlar gök dona bürenýär, tebigat ajap keşbe girýär. Daýhan uly umyt bilen ýere tohum taşladylar. Ýurdumyzda Nowruz baýramy gadymdan bäri giňden bellenip gelinýär. Nowruzda gije-gündiziň deňleşýändigini ata-babalarymyz irki döwürlerde anyklapdyrlar. Bu sene BMG-niň ýörite Rezolýusiýasy bilen Halkara Nowruz güni diýlip yglan edildi. Baharyň gelmegi bilen, joşgunly zähmetiň, döredijilikli işleriň möwsümi başlanýar.
Gündogar senenamasy boýunça mart aýynyň 21-den 22-ne geçilmegi bilen gyş pasly tamamlanyp, gije-gündiziň ýazky deňleşýän döwri başlanýar. Şol günden beýläk gündiz uzalyp, ýagtylyk köpelip ugraýar. Bu pasylda daragtlar pyntyk ýaryp, ýaprak ýaýsa, gojaman daglar ak ýorganyny serpip, möwjäp akýan sil suwlary ene ýeriň süňňüne-süýegine ýaýraýar.
Bahar pasly biziň milli baýramlarymyz we däp-dessurlarymyz bilen hem berk baglanyşyklydyr. Halkara zenanlar güni we Nowruz baýramy tebigatyň oýanmagy bilen utgaşyp, ynsanlaryň arasyndaky mähri, agzybirligi has-da berkidýär. Enelerimiziň sähranyň berekedi bolan bugdaýdan semeni taýýarlamagy, ýaşlaryň hiňňildiklerde uçmagy - bular biziň köp müňýyllyk medeniýetimiziň bahar bilen sazlaşygyny görkezýär. Bu ýyl bu şanly baýramlaryň hataryna Oraza baýramy hem goşuldy.
Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň we durnukly ösüşiň merkezi hökmünde ykrar edildi. Baharyň gelişi bilen ýurdumyzda uly gurluşyklar, täze desgalaryň açylyş dabaralary we halkara forumlar bat alýar. Bu ösüşler hut baharyň joşgunyna meňzeýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan Arkadag şäheriniň “akylly” we “ekologik taýdan arassa” şäher konsepsiýasy, biziň geljege bolan garaýşymyzyň nähili belentdigini görkezýär. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň bahar pasly baradaky şygyrlary häzirki wagtda has-da dabaraly ýaňlanýar. Şahyryň arzuw eden, her daryşyndan nur ýagýan gülüstana öwrülen Watany - şu günki Berkarar Türkmenistandyr. Biz bu bagtyýarlygyň gadyryny bilmeli we tebigatymyzy geljekki nesiller üçin mukaddeslik hökmünde saklamaly.
Jemläp aýdanymyzda, bahar pasly - bu biziň ruhy galkynyşymyzdyr. Tebigaty söýmek arkaly biz öz şahsyýetimizi kämilleşdirýäris, Watana bolan söýgimizi subut edýäris. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň her bir künjegi jenneti mekany ýatladýar. Goý, täze gelen bahar pasly her birimiziň kalbymyzda ýaşyl seýilgahleriň we gülleýän baglaryň sanyny artdyrmaga bolan hyjuwy oýarsyn! Watanyň her bir garyşynyna bolan söýgi bizi täze ylmy ýeňişlere we asylly işlere ruhlandyrsyn! Halkymyzyň asmany dury, topragy bereketli bolsun, bahary baky ýazlara beslensin!
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzda uly şowhuna beslenip bellenilip geçilen Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni hem munuň şeýledigini ýene-de bir ýola äleme äşgär etdi. Goý, berkarar Diýarymyzy bagy-bossanlygyň, gülzarlygyň Watanyna öwürýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Kadyr KADYROW,
Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.